Maryda ýene çilim gytçylygy we gymmatçylygy döreýär, temmäki önümlerine garaşly adamlar bu ýagdaýyň maşgala býujetine, çagalarynyň azyk puluna zarba urýandygyny aýtsalar, dükan eýeleriniň käbiri ýene, geçen ýyllarda bolşy ýaly, dürli ot-çöplerden ‘ýasalan’, hili pes we saglyk üçin has zyýanly bolup biljek çilimleri satyp, kärende töleglerini tölemeli bolmak ähtimallygyny alada edýärler.
Çilim bahalary mundan öň Maryda 2024-nji ýylda, birnäçe aýda iki gezek gymmatlady. Maý aýynda başlanan gymmatçylyk Aşgabada gelen sil suwlarynyň eden zaýaçylygy bilen baglanyşdyryldy.
Häzirki gytçylygyň sebäbi belli däl. Azatlygyň habarçylary dükanlarda birki günlükde hem bolan çilimleriň birden ýitirim bolmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.
Birden başlanan gytçylyk bilen bagly nämälimlik 'uly alada döredýär'
28-nji oktýabrda Mary welaýatyndan gelen maglumata görä, temmäki önümleriniň gytçylygy birden başlanyp, çilimleriň bahasy 10-15 manat aralygynda ýokarlandy.
“Dükanlaryň käbirinde çilim düýpden ýok, satylmaýar. Ýöne çilimiň bar ýerleri hem bar, emma olar bir günde öňküsinden 10-15 manat ýokarlandy” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň habarçysy çilim tapman kösenýän adamlaryň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy.
“Men “Milano” atly çilimi çekýärin. Bu çilim dek düýn satyn alamda hem 1 gutusy 50 manatdan satylýardy. Eýýäm şu gün, öňki çilim satyn alýan dükanyma barsam, ‘hiç hili çilim ýok’ diýdiler. Beüleki dükanlalra alýlanyp, bir dükanda zordan tapdym. Ýöne çekýän çilimini bu gezek 60 manatdan satyn almaly boldum” diýip, maryly erkek aýtdy.
“Kent” atly çilimini çekýändigini aýdýan erkek bolsa, düýn 1 guty çilimi 55 manada satyn alandygyny, emma bu gün 70 manada zordan tapandygyny gürrüň berdi.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen dükan eýeleri çilimleriň bahasynyň ýokarlanmagyny olaryň birden gytalmagy bilen düşündirýärler.
“Sebäbini aýdyp biljek däl, ony hiç kim bilmeýär. Harydy arzanrak nyrhdan, lomaý satyn alýan ýerlerimizde satar ýaly çilim ýok eken, şol sebäpden çilim getirmedik” diýip, bir dükanyň eýesi aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen dükan eýeleriniň sözlerine görä, çilim gytçylygy diňe çilime garaşly adamlar üçin däl, söwda pudagynda işleýän adamlar üçin hem uly mesele bolup biler.
Dükançylar 'esasy girdejiniň azalmagyndan' gorkýar
“Biziň dükanymyzda esasy pul ýasaýan harytlaryň biri çilim we spirtli içgiler bolup durýar, biz şol harytlaryň hasabyna salgyt töläp, dükanyň aýda geçirmeli arenda puluny tapýardyk. Indi, öň bir gezek bolşy ýaly, ýasama çilim, dürli otlardan kagyza dolanýan mahorka satyp başlaýmasak” diýip, Mary şäherinde bir dükanyň eýesi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzir çetdäki obalaryň köpüsinde dükançylar nobatdaky çilim gytçylygynyň başlanandygy barada hiç zat bilenok.
“Biz çetki obalara aýlanyp, dükanlardan çilim çöpleýäris. Biz islendik çilimi satyn alýarys, emma satyn alan çilimlerimizi häzirlikçe satmak islemeýäris. Sebäbi çilim bahalarynyň 100 manatdan ýokary çykmak ähtimallygy barada gürrüň edilýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Çilim bahalary Maryda ozal hem birden 50 manatdan 100 manada çykypdy. Habarçymyzyň 2024-nji ýylyň maý aýynda beren habarynda, Aşgabatda we onuň eteklerinde ýerleşýän çilim ammarlaryny sil suwlary basanyndan soň, çilim bahasynyň iki esse gymmatlandygyny, şol bir wagtda, silde zaýa bolan çilimleriň 35-40 manatdan satylýandygyny habar beripdiler. Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky çilim, spirtli içgiler we neşekeşlik bilen bagly kanun bozulmalary barada jemgyýetçilige az we doly bolmadyk maglumatlary aýan edýär we şol bir wagtda agyr jenaýatlary ýaşyrýar, kanun bozulmalarynyň umumy ýaýrawy, kanun, hukuk goraýjy işgärler bilen bagly korrupsiýa barada umuman dymýar, muny geçen ýyl Orsýetde saklanan türkmen resmisi barada çykan habarlar, golaýda Zabaýkal ülkesinde saklanan türkmen raýaty baradaky habar hem tassyklaýar diýip, aşgabatly synçy aýdýar.
Türkmenistanda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy hökümetiň türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuşyň berk binýadyny döretmek maksady bilen utgaşdy we wagtal-wagtal beterleşip, soňra biraz kadalaşýan ýaly görünýär.
Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkini gözegçilikde saklamak boýunça çarçuwaly konwensiýasyna“ goşuldy we şol wagtky prezident 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky “ karara gol çekdi.
Bu ugurdaky milli maksatnama, resmi maglumata görä, “birnäçe ykdysady tapgyrlary, türkmenistanlylaryň temmäkiniň zyýany baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek tapgyrlaryny” öz içine alýar.
Şeýle-de, ýurtda halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi aýdylýar.
Hökümet gözegçiligindäki söwda kime peýda, kime zyýan getirýär?
2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek maksadyny tutan hökümet temmäki önümleriniň gümrük tölegleriniň möçberini azyndan iki gezek artdyrdy.
Şol bir wagtda, 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri hökümete ýakyn adamlaryň biznesi bolan çilim söwdasynyň töweregindäki ýagdaýlar has çylşyrymlaşdy we, girizilen kanuny çäklendirmelere garamazdan, çilimini goýup bilmeýän adamlary has uly saglyk töwekgelligine itekledi diýip, saglyk hünärmenleri aýdýar.
Türkmenistanda ýurtdaky işsizlik we jenaýat jogapkärçiligine çekilýän adamlaryň sany bilen çilimkeşlik, nas atmak, dürli ot-çöplerden çilim ýasap çekmek ýaly endiklerden saplanyp bilmeýän adamlaryň sanynyň arasyndaky baglanyşygy seljermek, resmilerden düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.
Şeýle-de, çilim bahalarynyň goly ýuka maşgalalaryň durmuşyna ýetirýän täsirini kesgitlemek üçin açyk žurnalist derňewini geçirmek mümkinçiligi döremeýär we Azatlyk bu mesele boýunça anyk san getirmekden saklanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum