Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Afip nebit zawodynda pilotsyz  ucar hüjüminden soň ýangyn turdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Pilotsyz ucarlaryň hüjüminden soň Afip nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýangyn döredi diýip, Krasnodar ülkesiniň amal güýçleri topary habar berdi.

"Pilotsyz uçaryň galyndylary desgalaryň birine gelip düşdi. Hiç kim ejir çekmedi. 30 inedördül metr meýdanda ýangyn turdy, ol eýýäm söndürildi. Wakanyň bolan ýerinde gyssagly kömek we ýörite gullyk işgärleri işleýär" diýip, habarda aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň 55 pilotsyz uçarynyň urlandygyny habar berdi, olaryň üç sanysynyň Krasnodar ülkesiniň asmanynda urlandygy aýdylýar. Ukrain häkimiýetleri Afip nebiti gaýtadan işleýän zawodyna edilen hüjüm barada häzire çenli düşündiriş bermedi.

Afip nebit zawody “Safmar” toparynyň düzümine girýän iri nebiti gaýtadan işleýän zawod bolup durýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda 6,25 million tonnadan ybarat. Bu zawoda ukrain pilotsyz uçarlary ilkinji gezek hüjüm etmeýär.

XS
SM
MD
LG