Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda ene-atalara çagalary metjide goýbermezlik tabşyrylýar, mollalara basyş güýçlenýär, Lebapda ýaremezançy çagalaryň pullary ‘talanýar’

Türkmenistandaky metjitleriň biriniň daşynda aýal-gyzlar (Arhiw suraty)
Türkmenistandaky metjitleriň biriniň daşynda aýal-gyzlar (Arhiw suraty)

Türkmenistanda häkimiýetler Remezan aýynyň dowam edýän şu günlerinde raýatlaryň dini däp-dessurlaryny berjaý etmegini çäklendirmegi we dindarlara basyşlaryny dowam etdirýär. Ahal welaýatynda ene-atalara çagalarynyň metjitlere gatnamagynyň we namaz okamagynyň öňüni almak tabşyrylýar.

Bu aralykda, Lebap welaýatynda käbir polisiýa işgärleriniň çagalaryň ýaremezan aýdyp ýygnan pullaryny ellerinden almagy bilen bagly wakalaryň ençemesiniň bolandygyny ýaşaýjylaryň we polisiýadaky çeşmelerimiziň ençemesi aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji fewralda Ahaldan we Lebapdan maglumat berdiler.

“Şu günler Bäherden etrabynda orta bilim berýän mekdepleriň ýolbaşçylary okuwçylaryň hossarlaryny, ene-atalaryny toplap, ýygnak geçirýärler. Mekdep ýolbaşçylary olardan çagalarynyň metjitlere gatnamagyny we namaz okamagynyň öňüni almagy tabşyrýarlar” diýip, bäherdenli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, öýünde çagalara arap elipbiýini öwredýän mollalar hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki bölümine çagyrylýar.

"Gözlerini hemişelik türmede açjakdyklary"

“Bu mollalar çagalara, ene-atasynyň haýyşy bilen, yslam dinini, Gurhanyň harplaryny we okalyş düzgünlerini öwredýärler. Olar MHM işgärleri tarapyndan anyklanyp, MHM-niň Bäherden etrap bölümine çagyrylýar we soraga çekilýär. Olar dürli basyşlara, kemsitmelere sezewar edilýärler. Olaryň üstlerine gygyryp, ‘gözlerini hemişelik türmede açjakdyklary’ barada gorkuzýarlar” diýip, ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň Polisiýa we Bilim müdirliklerinden telefon arkaly resmi teswir alyp bilmedi.

Bu waka, Balkan welaýatynda ýaşy 60-a ýetmedik býujet işgärlerine, kanun goraýjylara we çagalara Remezan aýynda metjitlere namaza barmagyň gadagan edilendigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň Balkandaky çeşmeleri 18-nji fewralda beren maglumatlarynda tabşyrygyň dilden edilendigini we hiç hili resmi düzgün ýa-da kanuny esas görkezilmändigini aýtdylar.

Balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, metjitlerde edilýän wagyzlarda “çagalaryň we zenanlaryň jemagat bolup namaza gelmegi dogry däldigi” hem aýdylýar.

Çäklendirmeler, talaplar we kanun

Türkmenistanda häkimiýetler Remezan aýynyň başlanmagy we metjitlere barýan adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen, musulman dinçileriniň üýşmeleňlerine gözegçiligi artdyrýarlar. Dürli çäklendirmeler girizilýär, şol sanda raýatlardan öýlerinde namaz okamak ýa-da metjitlere mobil telefonlary getirmezlik talap edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, halkara hasabatlarynda Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Türkmenistanda raýatlaryň dini azatlyklarynyň bozulmagy dowam edýär diýlip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Dini azatlyklar komissiýasynyň (USCIRF) geçen ýylyň awgustynda ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistany “aýratyn alada döredýän” ýurt hökmünde kesgitlemek teklip edildi.

Ýaremezançy çagalaryň pullary 'talanýar'

Bu aralykda, Lebapda käbir polisiýa işgärleriniň çagalaryň ýaremezan aýdyp ýygnan pullaryny ellerinden almagy bilen bagly wakalaryň ençemesiniň bolandygyny ýerli ýaşaýjylar we polisiýadaky çeşmelerimiz aýdýarlar.

“Türkmenabat şäheriniň ‘Derýaçylar’ hem-de ‘Bahar’ etraplarynda ýerli polisiýanyň asudalyga gözegçilik edýän işgärleri ýaremezan aýdýan çagalaryň ençemesiniň ellerinden pullaryny aldylar. Bu wakalar 19-njy fewralda boldy” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu etrapçalarda gurply maşgalalar agdyklyk edýär. Çagalar oraza aýynda goşmaça gazanç etmek üçin, hat-da asmanda aý görünmänkä, ýaremezan aýdyp, bu etrapçalardaky hojalyklaryň gapylaryny kakyp başlaýarlar.

“Etrapçalaryň arasynda asudalyga seredýän patrul, çagalary yzarlap, ellerinden pullaryny alýar. Olaryň aglabasy ýaş işgärler bolup, olaryň köpüsi para berip işe giren. Degişli habar, IIM welaýat hem-de şäher bölüminiň başlygyna baryp ýetmedi. Bu habar, Azatlygyň üsti bilen köpçülige ýetse makul bolardy” diýip, çeşmämiz belleýär.

Agzalýan etrapçalaryň birnäçe ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda bu wakalary tassyklap, çagalaryň polisiýa işgärleriniň “eden-etdiligine garşylyk görkezip bilmändigini” aýdýar.

"Polisiýanyň çagalary talamagy kabul ederliksiz"

“Bu etrapçalarda çagalaryň her biri giçlik sagat 5 bilen gije sagat 11 aralygynda ýaremezan aýdyp, ýüzlerçe manada çenli pul ýygnaýar. Polisiýa işgärleriniň çagalaryň anyk näçe manadyny alandygy belli däl. Ýöne asudalygy we raýatlary goramaly polisiýanyň çagalary talamagy gaty kabul ederliksiz” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Adatça Türkmenistanda Remezan aýynyň başlamagyna üç gün galanda, çagalar her gün agşamara öz ýaşaýan sebitindäki öýleriň gapylaryny kakyp, ýaremezan bentlerini aýdýarlar we musulmanlaryň mukaddes aýynyň ýetip gelýändigini buşlaýarlar. Ýaşaýjylar çagalara göwünlerinden çykaran zatlaryny, şol sanda süýji, köke, pul sowgat berýärler.

Ýaremezan aýtmak däbi adatça üç gün dowam edýän bolsa-da, habarçymyz ykdysady kynçylyklaryň we köp maşgalanyň eklenjiniň agyrlaşmagynyň arasynda bu çäräniň Remezan aýynyň başlamagyndan soň hem dowam edendigini we çagalaryň azyk hem-de pul ýygnamaga synanyşandygyny aýdýar.

Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 18-nji fewralyň säheri bilen başlandy we 19-njy mart gijesine çenli dowam edýär. 20-nji martyň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG