Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda iri şahly mallaryň arasynda 'näbelli' kesel ýaýraýar

Türkmenistan (arhiw suraty).
Türkmenistan (arhiw suraty).

Ahal welaýatynda iri şahly mallar köpçülikleýin keselleýär. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen oba ýaşaýjylarynyň we çopanlaryň birnäçesi mallaryň arasynda şu gezek ýaýraýan keseliň hem näbellidigini aýtdylar we özleriniň mallaryny halas etmek we häkimiýetlerden kömek almak boýunça edýän tagallalary barada gürrüň berdiler.

"Şu günler sygyrlar we öküzler näbelli kesel bilen keselläp, ot-iým iýmekden, suw içmekden galýarlar, mallar aýak üstünde durup ýere çökmeýärler" diýip, ahally maldar 14-nji iýunda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu kesel birden döräpdir.

"Bu kesel birden döredi, geçen gije ot-iým iýip, işdäsi bolan mallar ir salkyny bilen baryp görseň hiç zat iýmän, içmän durlar. Aýaklary agsap, gözünden durman ýaş akýar" diýip gürrüň berdi.

Ýerli çeşmeleriň birnäçesiniň sözlerine görä, şuňa meňzeş ýagdaý Ahal welaýatynyň dürli ýerlerinde ýüze çykypdyr.

Etrap ýaşaýjylarynyň biri öz sygyrlarynyň syrkawlandygyny sagylýan süýdüň azalmagyndan bilip galandygyny gürrüň berdi.

"Sagylýan sygyrlarymyz bir günde öňki berýän süýdüni azaldýar, geçen gün 10 litr süýt beren bolsa, häzir birden 3 litrden artyk bermeýär" diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ahally mal eýeleri we çopanlar sygyrlara ýokýan keseliň alamatlarynyň arasynda olaryň gözünden we burnundan suwuklyk akmagy, aýaklarynyň agsamagy, gyzgynyň ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlary agzadylar.

Olaryň sözlerine görä, ýerli weterinarlar hem sygyrlaryň arasynda keseliň ýaýrandygyny tassyklaýarlar, emma keseliň nämedigini we döremeginiň sebäplerini anyk aýdyp bilmeýärler.

"Biz weterinar lukman çagyrdyk, ol häzir mallarda näbelli wirus kesel bar diňe siz däl, eýýäm 3-4 hepde bäri göre-göre gelýärin. Bogaz mallar gyzgyny ýokarlanyp, garnyndaky göleleri taşlaýarlar, käte garnyndaky göle içinde ölüp, maly öldürmeli bolýar" diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ol weterinar lukmanyň beren bejergisi we onuň bahasy barada şeýle gürrüň berdi: "Lukman hassa mallar bejermek üçin her gün gatnap, bir hepde, 10 gün ýaly bejergi bermeli bolýandygyny aýtdy. Ol her bir kesel mal üçin 100-150 manat pul alýar. Adamlar 300-500 kilogramlyk mallaryny keselden açmak üçin weterinarlaryň soraýan puluny bermeli bolýarlar".

Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň weterinar gullugyndan we häkimliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Ahaldaky bu mal keselçiligi baradaky ýagdaý ýurtda etiň bahasynyň durnuksyzlygynyň arasynda ýüze çykdy. Ahalyň bazarlarynda et iýulyň ortalarynda gymmatlap başlady.

Beýleki welaýatlarda soňky hepdelerde mal we towuk etleriniň gymmatlamagy ilat arasynda nägileligi güýçlendirdi. Awgustyň başynda Lebap welaýatynyň Dänew we Kerki etraplarynda ýaşaýjylaryň onlarçasy etrap häkimliklerine baryp, etiň gymmatlamagyna nägilelik bildirdi.

Maldarlar mal saklamagyň örän gymmatdygyny we töwekgelçiliginiň köpdügini aýdyp, munuň etiň bahasyna göni täsir edýändigini belleýärler.

"Häzir köp adam etiň bahasy ýokarlandy diýip nägile bolýar. Emma ot-iým gymmat, ondan daşary çopanlaryň, çoluklaryň aýlyklary bar, her ýyl 1-2 sapar mal kesellese bejergi bermeli bolýar. Ol hem az pul däl, sanjym urdurmaly. Onsoň hasaplap göräýiň et nädip arzan bolsun" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen ahally maldar aýtdy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda mallaryň köpçülikleýin kesellemegi bilen bagly ýagdaý ençeme gezek gaýtalandy. Şu ýylyň başyndan bäri Lebapda we Balkanda sygyrlaryň arasynda ýaýran keselden mallaryň ençemesi gyryldy. Türkmen resmileri we döwlet mediasy bu ýagdaýy kommentirlemedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG