Ahal welaýatynda towuk jüýjeleriniň we towşanlaryň köpçülikleýin ölmegi bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi. Jüýje we towşan saklaýan hojalyklaryň ençemesi olaryň näbelli keselden haram ölýändigini, ýerli weterinarlaryň berýän derman serişdeleriniň hem peýda etmeýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Gowja iýip, ösüp oturan jüýjeler duýdansyz bäş-alty sanydan ölýärler. Bu ýagdaý her iki-üç sagatda bir gaýtalanýar. Şeýdip 1 müňden gowrak jüýjäm birden haram öldi. Häzir birnäçe ýüz baş jüýjäm galdy” diýip, jüýje saklaýan ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan guşçulyk hojalyklarynyň ençemesi ýerli weterinar gulluklaryndan kömek sorandyklaryny, ýöne olaryň beren derman serişdeleriniň, şol sanda witaminleriniň kömek etmeýändigini aýdýar.
“Weterinar gulluklarynyň işgärleri hem jüýjeleriň näme keselden gyrylýandygyny bilmeýärler. Olar dürli dermanlary, witaminleri berip gördüler, ýöne peýda etmeýär. Häzire çenli etrabymyzda müňlerçe jüýje haram öldi” diýip, guşçulyk hojalyklarynyň biriniň eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
"Hojalygymyza juda uly maddy urgy..."
Sebitde diňe towuk jüýjeleri däl, eýse towşanlar hem köpçülikleýin gyrylýar. Towşan saklap ýetişdirýän hojalyklaryň ençemesi soňky birnäçe hepdäniň dowamynda günde birnäçe towşanyň duýdansyz, yzygiderli haram ölýändigini aýdýar.
“Meniň 60-dan gowrak towşanymdan häzir 10-dan gowragy galdy. Weterinariýa işgärlerem hiç zat aýdyp ýa-da maslahat berip bilenok, olar hem towşanlaryň nämeden gyrylýandygyny bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, towşan saklaýan hojalyklaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Towşan saklaýan hojalyklar diri galan towşanlaryny soýup, onuň etini satmaga çalyşýandyklaryny, satylmadyk towşan etlerini sowadyja salyp, iýmäne goýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlykda bu ýagdaýlar bilen welaýatyň haýsy etraplaryndaky jüýje we towşan saklaýan hojalyklarynyň ýüzbe-ýüz bolýandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Şol bir wagtda, hojalyklar köpçülikleýin gyrgynçylygyň özlerine uly maddy zyýan ýetirýändigini aýdyp, bu ýagdaýa welaýat merkezindäki we Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek isleýändiklerini aýdýarlar.
“Men her bir jüýjäni 14 manatdan satyn alyp, 1-2 aý seredip, birneme ulaldyp, soň her birini 25-30 manatdan satýardym. Men bu gezek 1500 sany jüýje satyn alypdym. Ýöne häzir şol jüýjelerimden diňe birnäçe ýüz sanysy galdy. Bu, hojalygymyza juda uly maddy urgy boldy” diýip, jüýje saklaýan ahally ýaşaýjy aýtdy.
"Bize beýle maglumat gelip gowuşmady..."
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 8-nji maýda eden jaňyna jogap beren birleşigiň adyny aýtmakdan saklanan wekili “bizde beýle maglumat ýok, bize beýle maglumat gelip gowuşmady” diýip, telefony taşlady.
Jüýjeleriň we towşanlaryň köpçülikleýin gyrylmagy, soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde, şol sanda günorta we günbatar sebitlerinde iri we ownuk şahly mallaryň, şol sanda sygyrlaryň köpçülikleýin gyrylýandygy baradaky maglumatlaryň ýygjamlaşan mahalyna gabat geldi.
“Pasterellýoz (pasteurellosis) ýokuşan mallara weterinarlar tarapyndan derman berilmeýär, mal eýeleri mallaryny öz ellerinden gelen çäreler bilen bejermäge synanyşýarlar, bu kesel haram ölýän mallarda köp hasaba alynýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly çeşmämiz şu aýyň başynda gürrüň berdi.
Türkmenistanda ilatyň howlusynda saklaýan ýa-da süýdünden peýdalanýan haýwanlaryň, şol sanda iri we ownuk şahly mallaryň, şeýle-de düýeleriň we towuk fermalarynda guşlaryň näbelli kesele ýolukmagy we köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ençeme gezek ýüze çykdy. Bu ýagdaýlar, hususan-da, 2019- 2020-2021-nji ýyllarda ýygjamlaşypdy.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy ýyllarboýy gaýtalanyp gelýän bu ýagdaýlar, bularyň ýetirýän zyýany we maldarlaryň, guşçulyk hojalyklarynyň çekýän zyýany barada häzirki güne çenli aç-açan mesele gozgaman gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum