Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alsu Kurmaşewa: "Men bu ýerden diri we sagat çykmak isleýärin"


Alsu Kurmaşewa
Alsu Kurmaşewa

18-nji aprelde, penşenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Tatar-Başgyrt redaksiýasynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň soňky 25 ýylda minnetdarlyk, hormat-sylag getiren işi üçin tussagda oturanyna ýarym ýyl bolar.

Kazan kazyýeti aprel aýynyň başynda onuň tussaglyk möhletini 5-nji iýuna çenli uzaltdy.

Tatar dilinde çap edilýän “Bezneň gäjit” gazetiniň redaksiýasy aprel aýyndaky sanynda Alsu Kurmaşewadan gelen hat çap etdi. “Idel.Realii” ony terjime etdi we kärdeşimiz hakyndaky soňky habarlary gürrüň berýär.

Alsu Kurmaşewanyň dostlary ýylyň başynda tatar dilinde çap edilýän “Beznen gäjit” (“Biziň gazetimiz”) gazetine abuna ýazyldylar. Žurnalist redaksiýa bir aý gowrak ozal hat ýazdy.

“12-nji mart. Bu eýýäm ýatmak wagty. Bu ýerde sagat ýok, ýöne sagadyň näçe bolandygyny takmynan bilýärsiň" diýip, Alsu ýazypdyr.

Şol günler žurnalist Kazanyň 2-nji derňew tussaghanasynda eýýäm bäş aý töweregi otyrdy.

Žurnalist "25 ýylyň dowamynda Tatar Kongresinden öz alyp baran magaryf işleri üçin yzygiderli minnetdarlyk alyp ýaşandygyny" gürrüň berýär. Ol Pragadan Kazana "hormatly myhman hökmünde gelerdi we tatar aýallarynyň kongreslerine gatnaşardy".

“Bularyň hemmesi göz açyp-ýumasy salymda jenaýata öwrüldi. Gudraty güýçlüden bu meseläni meniň üçin iň çalt we iň oňat ýagdaýda çözmegini soraýaryn."

XS
SM
MD
LG