Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Angliýa: G7-niň Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerini yglan etmegine garaşylýar


Arhiw suraty
Arhiw suraty

G7 ýurtlarynyň 12-nji iýulda, Wilnýusda geçirilýän NATO sammitiniň çäginde "Ukrainanyň uzak möhletleýin howpsuzlyk çäreleri üçin halkara çarçuwany" yglan etmegine garaşylýar diýip, britan hökümetiniň beýanatynda aýdylýar.

Bu beýanat Ak tamyň yglan eden şuňa meňzeş beýannamasy bilen bir hörpden gopýar.

"G7 agzalarynyň hemmesiniň gol çekmegine garaşylýan bilelikdäki jarnamada ýaranlaryň gelýän ýyllarda Ukraina urşy soňlamakda we geljekdäki islendik hüjümiň öňüni almak we olara gaýtawul bermek tagallalaryna nähili goldaw berjekdigi kesgitlener" diýip, ABŞ-nyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG