Ahal welaýatynyň merkezi Arkadag şäherinde we paýtagtda täze gurulýan uly desgalarda işleýän gurluşykçylaryň işden çekilmegine degişli ýagdaýlar köpeldi diýip, birnäçe gurluşyk şirketindäki ýagdaýdan habarly çeşmeler habar berdi. Olaryň sözlerine görä, agyr iş şertleri we zähmet haklarynyň gijikdirilmegi ýa-da asla tölenmezligi muňa sebäp bolýar.
"Arkadagda ýaşaýyş jaýlaryň, saglyk merkezleriniň we güýç gulluklary üçin niýetlenen binalaryň gurluşyk depgini peselýär, gurluşyk işini bes edýän gurluşykçylar hem köpelýär" diýip, çeşmeleriň biri 3-nji fewralda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, munyň sebäbi gurluşykda işleýän işçiler "ertirden agşama çenli, günüň dowamynda 12-13 sagatlap, dynç günsüz işledilýär". Olara tölenýän zähmet haky 2000 we 4000 manat aralygynda bolýar. Käbir tejribeli ýokary hünärli ussalaryň aýlygy biraz köpräk, emma 5000-6000 manatdan geçmeýär.
"Bu ujypsyz tölenýän zähmet haky işçilere gara gün üçin pul aýryp, pul toplamaga mümkinçilik bermeýär. Üstesine, käbir hususy gurluşyk kärhanalary işçileri birnäçe aýlap işledip, ýerine ýetirilen işleri üçin aýlyk hem tölemän, 'pul ýok, bolan wagty bereris', diýip aldap pulsuz goýýarlar" diýip, gurluşyk pudagyndaky çeşme aýdy.
'Işçileriň haky berilmeýär'
Çeşmeler kärhanalaryň anyk atlaryny aýtdylar, Azatlyk Radiosy şol şirketleriň ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmänsoň, olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşme gurluşyk kärhanalaryň birindäki ýagdaýy şeýle suratlandyrdy: "Ýüzlerçe işçini üç, dört aýlap mugt işledip, her aýyň başyndan, indiki aý hökman aýlyk bolar diýip, aldap, işledip ýörler, emma işçileriň hakyny bermeýärler".
Şeýle-de, çeşmeler agzan hususy kärhanalarynyň eýeleriniň gurluşykçylara aýlyk tölemäge mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarka, täze işgärleri işe kabul edip, işledýändigini aýdýarlar. "Olara hem hak tölemän, 'öýlänlik mugt naharlaýan' diýip gurluşykçylary dine garny üçin işledýär" diýip, çeşme belledi.
Gurluşykçylaryň öz sözlerine görä, bu ýagdaý 'ynamdan gaçan hususy gurluşyk kärhanalaryň işçilerini işini taşlamaga' mejbur edýär. Olaryň ençemesi daşary ýurtlara işçi migrant bolup, çykmagy saýlaýar.
Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary işini taşlap, daşary ýurtlara gidýän gurluşykçylaryň beýleki welaýatlarda hem köpelendigi barada maglumat beripdi.
Agyr ykdysady krizisiň arasynda gurulýan Arkadag şäheriniň birinji tapgyryna 2019-njy ýylda bat berlip, ol 2023-nji ýylyň iýunynda uly dabara bilen açylypdy. Ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Döwlet ähmiýetine eýe
Türkmenistanyň öňki prezidenti we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi adyny göterýän Arkadag şäherine aýratyn üns berilýär, bu ýerde gurulýan edaralar iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylýar, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda çykaran karary bilen Arkadag Ahal welaýatynyň edara ediş merkezine öwrüldi we “döwlet ähmiýetli şäher” diýlip yglan edildi.
Şondan bäri, hökümetçi neşirlere görä, ýurtda her ýylyň ilkinji bäbekleri hem Arkadag şäherinde dünýä inýär.
Şol bir wagtda, Arkadagda gurulýan binalaryň, hususan-da ýaşaýyş jaýlarynyň hiliniň örän pesdigi, käbir binalarda kadaly suw üpjünçiliginiň ýokdugy, olaryň ýaşaýjylara doly taýýar edilmän satylmagy, käbir halatlarda göçüp baran maşgalalaryň satyn alan jaýlarynyň ellerinden alynmagy ýaly problemalar barada maglumatlaryň ençemesi peýda bolupdy. Galyberse-de, Arkadagda jaý satyn almak diňe paýtagtyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna rugsat berilýär.
Aýlyklaryň ortaça möçberi 2000 manatdan ýagny Merkezi Bankyň kursy boýunça 571,4 amerikan dollardan ybarat bolan ýurtda täze şäherde gurlan iň arzan kottež jaýlaryň 1 million dollardan, dört otagly kwartiralaryň 350 müň dollardan satylandygyny bu ýerde jaý satyn alan ýaşaýjylar Azatlyga habar beripdi.
Mundan öň Arkadag şäheriniň korrupsiýasynyň resmi däl merkezine öwrülendigi barada habarçylarymyz birnäçe gezek maglumat beripdi we munuň hususanda, ýaşaýyş jaý söwdasyna degişlidigi aýdylypdy.
Şäheriň gurluşygyna sarp edilen puluň umumy mukdary barada resmi maglumat elýeterli däl. Resmiler onuň bahasyny açyk agzamaýarka, Arkadagyň gurluşygynyň başlangyç tapgyrlarynda açyk çeşmelerde 5 milliard amerikan dollaryna barabar san peýda bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum