Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportynda mobil telefonlar alynýar


Aşgabadyň aeroporty.
Aşgabadyň aeroporty.

Aşgabatly Mähriban gelneje geçen aý Russiýadan Türkmenistana dolanan mahaly, özüniň Aşgabadyň aeroportynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, hiç hili düşündiriş berilmezden dermanlarynyň we mobil telefonynyň alnandygyny aýdýar.

42 ýaşly Mähriban gelnejäniň sözüne görä, ol Essentukide saglyk bejergisini alandan soň, şu ýylyň 14-nji noýabrynda türkmen paýtagtyna dolanýar we “ähli zat uçar Aşgabadyň aeroportyna gonandan soň başlaýar”.

Şonda aeroportuň işgärleri Mähriban gelnejeden barlag lentasyndan geçen çemodanyny ýene bir gezek geçirmegi soraýarlar we soňra-da ony açmagy talap edýärler.

“Aeroportyň işgäri meniň goşlarymy açyp, dörüp başlady. Içinden lukmanyň görkezmesi esasynda alnan dermanymy alyp, ýene ähli goşumy dökdi. Şol wagt meniň gapdalymda duran başga bir zenan işgär meniň el sumkamy sorady we ony dörüp, içinden iki telefonymy çykardy. Soňra-da, meniň bir telefonymy we dermanlarymy alyp galyp, maňa gidiber diýdiler” diýip, Mähriban aýdýar.

Şonda aeroportyň işgärleri Mähriban gelnejede lukman tarapyndan ýazylan resmi hatyň bolandygyna garamazdan, onuň ýürek bejergisi üçin niýetlenen güýçli dermanlaryny we “iPhone 6s” kysymly mobil telefonyny alyp galýarlar. Onuň “Sony Ericsson s500i” kysymly mobil telefonyny bolsa yzyna berýärler.

“Aşgabatdaky lukmanlar hem şol bir dermanlary ýazdylar”

Ýeri gelende bellesek, Mähriban gelneje Essentukide saglyk bejergisini tamamlanda, oňa lukman ulanmaly dermanlaryny ýazyp berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu dermanlary Türkmenistanda tapmak örän kyn. Bar bolan ýerinde-de örän gymmat. Şol sebäpli ol lukmanyň ýazyp beren dermanlaryny şol ýerden satyn alyp gaýdýar.

Mähriban gelnejäniň ogly Agalynyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda onuň ejesi Aşgabadyň türk hassahanasynda saglyk bejergisini alýar. Bu ýerde lukmanlar oňa aeroportda alnan dermanlarynyň şol bir görnüşini gaýtadan ýazyp berdiler.

“Iň geň zat, Aşgabatdaky lukmanlar hem şol bir dermanlary ýazyp berdiler. Şeýle-de, bu dermanlary getirmegiň gadagandygy barada hiç ýerde hiç hili maglumat ýa-da düzgünnama ýok. Şol bir wagtda, ejemiň elinde bu dermanlaryň lukman tarapyndan ýazylan resmi haty, dokumentleri hem bardy” diýip, Agaly aýtdy.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşýan käbir türkmenistanlylar Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurtdan gelýän ýolagçylaryň goşlaryny barlamak işleriniň güýçlenendigini we gümrük işgärleriniň “gadagan” diýip, käbir gymmatbaha telefonlary we derman serişdelerini saklap galýandygyny aýdýarlar.

“Düşündiriş – Muny getirmäge rugsat ýok”

Daşary ýurtlaryň birinde ýokary bilim alýan we Aşgabada ýylda birnäçe gezek sapar edýän Eldar (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) daşary ýurtlaryň aeroportlarynda hiç hili mesele ýok, ähli zat Türkmenistana baranyňda başlaýar diýýär.

“Daşary ýurtlarda hiç hili problema ýok. Ýöne Aşgabada baryp, bagažyňy alyp, aeroportdan çykjak bolanyňda, ynha, şol ýerde ähli zat başlaýar. Bagažyňy azyndan bäş sapar barlag lentasyndan geçirmegi talap edýärler, soňra-da “aç” diýip, goşuňy dörüp başlaýarlar. Eger-de, sizde meniňki ýaly açylmadyk täze gutuda telefon bolsa, onda ony alýarlar. Düşündiriş – Muny getirmäge rugsat ýok diýýärler” diýip, geçen tomus Aşgabada baryp gelen Eldar aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda ýurduň daşyndan derman serişdelerini getirmegiň gadagan edilip-edilmändigi ýa-da olaryň sanawy barada häzirlikçe halk köpçüligine elýeterli maglumat, bildiriş ýok. Şeýle-de, Mähriban gelnejäniň başdan geçirenleri barada Aşgabadyň aeroportynyň degişli resmilerinden kommentariýa almak başartmady.

Gepiň gerdişine görä bellesek, şu ýylyň sentýabr aýynyň başyndan Türkmenistana, ýörite rugsatnama bolmazdan, daşary ýurtlardan täze mobil telefonlaryny getirmek gadagan edildi. Aşgabadyň aeroportynda asylan bildirişde bu gadagançylygyň [Türkmenistanyň] çäklerinde ulanylýan mobil telefonlary aragatnaşyk howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk getirmek maksady” bilen girizilendigi aýdylýar.

Gürrüňi gidýän bildirişde bu gadagançylygyň gerimi belli bolman galýar. Gadagançylyk diňe satuwa çykaryljak telefonlara degişlimi ýa-da şahsy mobil telefonlara-da, ýagny adamlaryň öz ulanýan mobillerine-de degişlimi – bu mesele aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG