Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň çetindäki obalar yssyda bir günden gowrak toksuz galdy


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Paýtagtyň golaýyndaky ýaşaýyş ýerleriň käbiri bir günden gowrak wagtlap elektrik toksuz galdy. Ahal welaýatyna degişli obalar paýtagta duldegşir ýerleşýär.

Energiýa üpjünçiliginde şu hepde kynçylyk çeken şäherçeleriň biri, Ak Bugdaý etrabynyň Gämi daýhan birleşigi. Bu ýaşaýyş nokady Aşgabadyň 11-nji etrapçasynyň gapdalynda ýerleşýär, olaryň arasynda ýol geçýär.

5-nji we 6-njy iýulda obada elektrik togy bolmady. 5-nji iýulda irden öçürilen tok diňe günüň ertesi sagat 12 töweregi berlip başlandy. Uzak wagtlap elektrik toksuz galan ýaşaýjylar yssyda hojalyk enjamlaryny, şol sanda sowadyjylaryny ulanyp bilmediler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu ýerde ýaşaýanlaryň köpüsi pes girdejili maşgalalar, köpçülik işsiz. Aşgabatdan diňe bir ýol bilen bölünen Gämi obasy paýtagtyň ýakynlygyna garamazdan, başga bir sebite, ýagny Ahal welaýatyna degişlidir. Bu, ýerli ýaşaýjylaryň Aşgabatda iş tapmak mümkinçiligini kynlaşdyrýar.

"Ýaşaýjylaryň paýtagtda işlemäge hukugy ýok, sebäbi häkimiýetler paýtagtda propiskasy bolmadyklaryň işlemegini gadagan edýär" -diýip, habarçy belleýär.

Türkmenistanda raýatlaryň ýaşaýan ýerinde hasaba alynmagyna - propiska uly ähmiýet berilýär. Paýtagtyň ýaşaýjylary beýleki sebitleriň ýaşaýjylaryndan artykmaçlyga eýe bolýar. Aşgabadyň häkimiýetleri wagtal-wagtal, şol sanda baýramçylyklaryň öňüsyrasynda başga welaýatlaryň ýaşaýjylaryny paýtagtdan çykarmak boýunça çäreleri güýçlendirýärler.

Habarçylar Ahal welaýatyndaky käbir etraplaryň energiýa üpjünçiliginiň beýlekilerden has gowudygyny belläp, hususan-da, paýtagtdan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän Gökdepäniň, Yzgandyň, Babarabyň elektrik togy bilen üznüksiz üpjün edilýändigini aýdýar.

Energiýa resurslaryna baý ýurduň ilaty ençeme ýyl bäri elektrik togunyň kesilmeginden ejir çekýärler, yssy we sowuk günlerde elektrik togy ýygy-ýygydan kesilýär, tebigy hadysalardan soň hem ilatly nokatlar toksuz galýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň pikiriçe, köne infrastruktura talaba laýyk täzelenmänsoň, elektrik üpjünçiligi ulgamy basyşa, şol sanda elektrik energiýasynyň has köp sarp edilmegine çydap bilmeýär.

Ilata berilýän hyzmatlaryň hiliniň pesdigine we elektrik togunyň ýygy-ýygydan öçürilýändigine garamazdan, raýatlar elektrik togy üçin öňünden tölemäge yzygiderli mejbur edilýär. Şu tomsuň başynda günbatar sebitiň ýaşaýjylary häkimiýetleriň maliýe basyşyna sezewar boldular. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenbaşyda häkimiýetler ilatdan elektrik we gaz üçin tölegleri üç aý öňünden etmegi, ýagny entek sarp edilmedik hyzmatlar üçin töleg geçirmegi talap etdiler.

Türkmenistan goňşy Owganystany, Eýrany we Özbegistany elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. 2021-nji ýylda Gyrgyzystan hem alyjylaryň sanyna goşuldy.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň energiýa üpjünçiliginde bar bolan problemalary ykrar etmeýär, ýöne elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we eksport mukdarynyň artýandygyny yzygiderli yglan edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG