Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ýagyndan soň elektrik togy we internet bolmady


Türkmenistan
Türkmenistan

Elektrik togunyň kesilmegi Türkmenbaşydaky adaty durmuşy bozdy. Günbatar sebitiň paýtagtynyň ýaşaýjylary bir günden gowrak golaý elektrik toksuz we internetsiz boldy.

6-njy iýundan 7-nji iýuna geçýän gije güýçli ýagyşdan soň şäherdäki elektrik we internet üpjünçiligi kesildi. Azatlygyň habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, problemalar agşam 22: 00-da başlanypdyr. Ýaşaýyş jaýlary we beýleki şäher desgalary elektrik energiýasyz galypdyr.

"Güýçli ýagyş sebäpli köçelerdäki simleri çyg basdy, elektrik üpjünçilik ulgamynda bökdençlik döredi" - diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

"Kenar" bazarynda elektrik togy günüň ertesi sagat 14:00-de dikeldildi. Telekeçiler maddy ýitgi çekendiklerini, süýt önümleri, et, balyk, doňdurylan azyk we doňdurma ýaly harytlarynyň sowadyjysyz zaýalanandygyny Azatlyga gürrüň berdiler.

Şäherdäki internet aragatnaşygy hem diňe 7-nji iýunda sagat 19: 00-da dikeldildi.

Habarçynyň sözlerine görä, ýagyş suwy ýollary basdy. Magtymguly, Puşkin, Şagadam, Mollanepes, Türkmenbaşy köçelerinde lagym suwlary ýygnaýan ulgamlar suwdan doldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde we ýerzeminlerinde suw ýygnandy.

Ýaşaýjylar şu ýyl beýle güýçli ýagyşyň entek bolmandygyny aýdýarlar. Jemagat işgärleri hepdäniň ahyrynda garaşylýan indiki ýagynlara taýýarlanýar.

Şol bir wagtyň özünde köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylaryndan üçekleri we ýerzeminleri abatlamak we izolýasiýa etmek üçin pul ýygnalyp başlandy. Habarçy jaýlaryň köpüsiniň onlarça ýyl mundan ozal gurlandygyny we şondan bäri düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmändigini belleýär. Şeýle jaýlarda ýaşaýan maşgalalaryň aglaba köplügi maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär we abatlamak üçin ýygnalýan puly berip bilmeýär.

Şu hepdede Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem elektrik togunyň kesilmegine duçar boldular. Türkmenabadyň dürli etraplarynda elektrik togy kesildi. Azatlygyň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, sandan çykan transformatorlaryň köpüsi 40 ýyldan gowrak ulanylýan köne enjamlar.

Sebit häkimiýetleri ilaty elektrik togy bilen üpjün etmekdäki bökdençligiň sebäbini düşündirmedi. Azatlyk bilen gürleşen ýerli hünärmenler bolsa, yssy howada ulanylýan elektrik enjamlarynyň, şol sanda sowadyjylaryň köpçülikleýin işledilmeginiň şäheriň energiýa ulgamyna ýüki artdyrýandygyny aýtdylar.

Elektrik energiýasyny eksport ediji ýurt bolan Türkmenistanda ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiliginde bökdençlikler yzygiderli ýüze çykýar. Könelişen infrastruktura tok basyşyna çydamaýar, ýagyşdan soňky çyglylyk köplenç elektrik abzallarynyň sandan çykmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, ýerli häkimiýetleriň ilata öňünden duýdurmazdan, meýilleşdirilen we gyssagly abatlaýyş işleri sebäpli elektrik toguny kesmegi seýrek däl.

Bu aralykda, ilat energiýa bilen üpjünçilige degişli hyzmatlar üçin öňünden tölemäge mejbur bolýar. Iýunyň başynda, Türkmenbaşyda şäheriň elektrik we gaz edaralarynyň işgärleri köpgatly we howluly jaýlara aýlanyp, üç aý öňünden elektrik we gaz üçin tölegini etmek baradaky täze talaby ilata habar berdiler.

Munuň bilen birlikde bergidarlara jerime salyndy we elektrik togy kesildi. 31-nji maýda Türkmenbaşyda Azady, Puşkin, Orazow we Azatlyk köçelerinde ýerleşýän jaýlarda bir wagtda azyndan 280 öýüň elektrik togy kesildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG