Şu günler Aşgabadyň polisiýa işgärleri Büzmeýin etrabyndaky “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän paýtagtyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň esasy jemgyýetçilik awtobus duralgasyna günde diýen ýaly reýd geçirýärler. Reýdlerde bu ýere günlük işiň gözleginde welaýatlardan gelýän adamlaryň ýüzlerçesi saklanyp, öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häzirki wagt polisiýa işgärleri gazanç gözleginde ‘Gurtly’ awtobus duralgasynda toplanýan raýatlary dargadyp, toplanan adamlary kowalap tutup, ulaglara mündürip, gelen ýerlerine ugradýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Iş berijileriň we günlük işçileriň toplanýan nokady
Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň Teke bazaryň gapdalynda ýerleşen esasy jemgyýetçilik awtobus duralgasy ýapylyp, paýtagtyň çetinde ýerleşýän “Gurtly” ýaşaýyş toplumyna göçürilenden soň, bu ýer iş berijileriň we günlük işçileriň toplanýan nokadyna öwrüldi.
Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň ähli etraplaryna gatnaýan awtobuslaryň ýüze golaýynyň üýşýän duralgasynda günlük iş gözleýänleri esasan ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelen ýaşaýjylar emele getirýär. Iş berijiler bolsa, esasan aşgabatly we ahally gurluşykçylar, kärendeçi daýhanlar, ýyladyşhana eýeleri bolýar.
“Iş berijiler gelip, ýyladyşhanada işlemäge plança adam gerek, her iş gününe 100 manatdan sagdyn işçileri saýlap, ulaglaryna mündürip äkidýärler. Duralgada iş gözlegindäki erkekleriň, zenanlaryň, çagalaryň ýüzlerçesini görse bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Gazanç etmegiň bu görnüşi bikanun”
Şol bir wagtda, polisiýa işgärleri saklanýan adamlara dilden berýän maglumatynda “gazanç etmegiň bu görnüşiniň bikanundygyny we olaryň resmi däl ýagdaýda toplanýandygyny” aýdýarlar.
Emma polisiýanyň reýdleri işsizlikden kösenýän ilatyň bu ýere üýşmeginiň öňüni doly alyp bilmeýär. Polisiýa işgärleriniň basyşyna garamazdan, adamlar “Gurtly” duralgasyna toplanmagy dowam etdirýärler.
“Işsiz we garyp düşen ilat polisiýa gidensoň, ýene giden ýerlerinden yzlaryna gelýär. Adamlar eklenç gözleginde, ähli polisiýa sütünlerine döz gelmeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi”
Duralgada üýşýän adamlaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda bu ýeriň özleri üçin gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýandygyny aýdýarlar.
“Biz öz welaýatymyzda iş tapman, şu ýere gelmeli bolduk. Iş bolsa bizem maşgalamyzdan aýrylyp, şu ýere gelip işlemezdik, açyk meýdanda ýatyp-turmazdyk” diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Iş we ýaşaýyş şertleri
Gazanç gözleginde “Gurtly” duralgasynda üýşýän adamlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, günlükçiler esasan hususy ýyladyşhanalarda pomidor we beýleki bakja önümleri ekmek we ýygnamak işlerine çekilýärler.
Şeýle-de, olar ekin we gurluşyk meýdanlarynda hem zähmet çekýärler. Işçiler gurluşyk meýdanlarynda arassaçylyk işlerini we ýeri tekizläp, gök ot ekmek işlerini ýerine ýetirýärler.
“Migrant işçiler ýatymlaýyn äkidilýär. Olar ekin meýdanlarynyň golaýynda ýerleşdirilen ‘ýaşaýyş’ wagonlarynda ýatyp-turýarlar. Gatnap işleýän welaýatdan gelen işçiler bolsa, Aşgabadyň çetlerinde ýerleşýän jaýlarda, köpçülikleýin kireýine alyp, ýaşaýarlar. Elbetde resmi däl ýagdaýda işledilýän günlükçi işçiler tehniki howpsuzlyk düzgünlerinden bihabar we käte pajygaly iş hadysalary hem bolýar” diýip, ýagdaýlara syn edýän aşgabatly synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol “gazanç etmegiň bu görnüşiniň bikanundygy” aýdylyp, polisiýa tarapyndan günlük işçilere garşy reýd geçirilýän bolsa-da, zähmetiň bu görnüşini hödürleýän iş berijilere garşy haýsydyr bir çäre görülýändiginiň göze ilmeýändigini hem belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden, Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasyndan resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada döwlet metbugatynda hem maglumat berilmeýär.
Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtda ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy peselýän maşgalalaryň, dilegçilik etmäge we zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelýändigi barada yzygiderli habar berýärler.
Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda ýurtda erkin zähmet bazarlary hem emele gelip başlady. Käte bular ilat arasynda “Gul bazar” hem atlandyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum