Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toý tutýanlar dilegçiden 'basylýar', synçylar gymmat desgalara 'barmak çommaldýar'

Howluda tutulan toýuň köçedäki ojaklarda atarylan gazanlary. Arhiw suraty. Aşgabat. Maý, 2024.
Howluda tutulan toýuň köçedäki ojaklarda atarylan gazanlary. Arhiw suraty. Aşgabat. Maý, 2024.

Aşgabatda çuňlaşýan ykdysady çökgünlik, aç-hor adamlaryň yzygiderli köpelmegi öz howlusynda ýa-da restoranda toý tutýan adamlary barha kyn ýagdaýa salýar, çagyrylmadyk, saçak ýazylanda nazara alynmadyk myhmanlar diňe toý eýelerini däl, beýleki adamlary hem pikirlenmäge mejbur edýär, häkimiýetleriň il içindäki agyr ýagdaýlara düýpden baş galdyrmazlygy ilatda nägilelik döredýär diýip, ýerli çeşmeler, synçylar habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, habarçylarymyz toýlara gelýän dilegçileri surata düşürmekden, agyr ýagdaýy ‘şekillendirýän wideo ýazgylaryny taýýarlamakdan saklanýarlar.

Şeýle-de, habarçylarymyz häkimiýet wekillerinden işsiz ýa-da gazanjy maşgala eklenjine ýetmeýän adamlaryň sany, gündelik azyk harytlaryny ýeterlik ýagdaýda satyn alyp bilmeýän hojalyklaryň möçberi barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.

Toý edýänler 'görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar'

Aşgabatdaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, ogluny öýermek, gyzyny çykarmak üçin howlusynda ýa-da restoranda toý tutýan adamlar, ilki azyk üçin çykarýan çykdajylaryny tygşytlap, soň çagyrjak adamlaryny azaldyp, üstesine, çagyrgylmadyk myhmanlary alada edip, barha kynlaşýan synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


Habarçylarymyz mundan öň köçede, bazarlarda dilegçilik edýän garrylar, çagalar we häkimiýetleriň olara garşy görýän çäklendiriş, basyş çäreleri barada ençeme gezek maglumat beripdiler. Emma dilegçileriň toý tutýanlara salýan agramy, garaşylmadyk, çagyrylmadyk myhmanlar meselesi barada henize çenli beýle uly alada bildirilmändi.

Bu alada ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň, adatdaky ýaly, 10% hem köpeldilmedik, goňşy Eýrandan gelýän azyk önümleriniň azalan ýylynda bildirilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, aýlyklaryň we kömek pullarynyň köpeldilmezligi ilatyň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň ‘örän gowulanmagy’ bilen düşündirildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ilatyň, hususan-da işsiz, ekleýjisini ýitiren, goly ýuka maşgalalaryň çekýän kynçylyklary barada garaşsyz neşirlerde çykýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

“Öz ýaşaýan jaýynyň howlysynda ýa-da restoranda nika toýlaryny tutýanlar, garaşylmadyk ýagdaýda, çagyrylman gelýän myhmanlaryň köpelmeginden gaty nägile bolýarlar. Daş-töwerekden elleri okaraly ýa-da plastik paketli gelýän daýzalar, çagalar toýy gutlap, galyndy hem bolsa, iýer ýaly iýmit soraýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, türkmençilikde gapydan gelene git diýilmeýär, mätäç adamlary ýa dileg edip geleni eli boş goýbermek aýyp hasaplanýar.

"Bol saçakly toýlaryň döwri geçdi'

Azatlygyň habarçysy golaýda toý eden we indi toý tutmaga taýýarlanýan hojalyklaryň birnäçesine baryp, ýaşaýjylar bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy.

“Häzir ýagdaý öňki wagtlardaky ýaly däl ahyryn. Öňler toý edip, märeke sowjak adamlar nahary, iýiljek-içiljek zatlary artykmajy bilen taýýarlardy. Toýdan soň galan tagamlaryň zir-zibile taşlanyp, isrip bolýan wagtlary hem bardy. Indi o döwür ýok” diýip, ýaşaýjy aýtdy.


Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda ilatyň maddy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy barha çuňlaşýar we, muny bilmeýän ýa görmeýän bar diýip bolmaz.

“Toý edýän hojalyklar diňe iň ýakyn garyndaşyny, saýlama goňşularyny we tanyşlaryny çagyryp, çagyrylýan adamlaryň sanyna görä tagam taýýarlaýar. Sebäbi adamlar azyk harytlaryny lomaý we tygşytly satyn almaga mejbur bolýarlar” diýip, bir söwda işgäri toý edýänleriň köpüsiniň indi her köpügini sanamaly bolýandygyny belledi.

Ilatyň maddy ýagdaýy ata-babadan gelýän däpleri, türkmençilik kadalaryny berjaý etmäge ýol bermeýär diýip, ýerli synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, toý tutýan hojalyklar çagyrylmadyk adamlara, ellerine gap alyp, iýmit sorap gelýänlere garşy bolýarlar.

“Sebäbi taýýarlanýan iýmit çagyrylan adamlaryň sanyna görä taýýarlanýar. Öň zamanlarda bolşy ýaly, boldan, artykmajy bilen çykdajy etmäge köp hojalygyň maddy ýagdaýy mümkinçilik bermeýär.”

'Barlylaryň toýunda gapylarda gözegçi goýulýar'

Ilat arasynda aç-hor, çagyrylmadyk üýşmeleňine gelip, garnyny doýurjak bolýan adamlaryň köpelmegi diňe orta ýagdaýdaky hojalyklary däl, ýokary döwlet wezipelerinde işleýän, ol ýa-da beýleki görnüşde bikanun gazanç edip, bol-elin, elpe-şelpe durmuşda ýaşaýan hojalyklary hem biraz tijenmäge mejbur edýär.

“Gurply hojalyklar örän az sanly bolup, olar toý edenlerinde gapyny berk saklaýarlar. Gelen geçip, nahar iýmez ýaly, restoranyň girelgesinde ýörite gözegçiler goýulýar. Olar nätanyş adamlary we çagalary gapyda saklap, içeri goýbermeýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi ozallar beýle berk gözegçiligiň bolmandygyny, baý adamlaryň toýlaryna nätanyş, çagyrylmadyk adamlaryň hem gelip bilendigini gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilatyň ýokary, orta gürp ýa-da has mätäçlikde ýaşaýan gatlaklaryna girýän adamlaryň sanyny anyk göz öňüne getirmek kyn, sebäbi döwlet statistika maglumatlaryny çap etmeýär.


Ýöne, aýdylmagyna görä, orta gürpde ýaşaýan hojalyklar toý edenlerinde, iýmit sorap gelýän adamlaryň ýüzüni alman, sypaýyçylykly gürleşip, olara toýdan soň gelmegi maslahat berýärler we, galan iýmit bolsa, deň bölüp, soň mätäçlere paýlap berýärler.

Hökümet tankytçylary Türkmenistanyň ilatynyň ykdysady ýagdaýynyň ýyldan-ýyla we gün-günden ýaramazlaşýandygyny öňe sürýärler we, häkimiýetleriň eksport edilýän energiýadan gelýän serişdeleri boş duran binalara, şol sanda köşklere, aýratyn alnan iki şähere we metjitlere harçlap, gurluşyk korrupsiýasyny ýaýbaňlandyrmagy bes etmäge, mätäç adamlara berilýän kömek pullaryny köpeltmäge çagyrýarlar.

Soňky maglumatlara görä, 70 müň adama niýetlenip gurulýan Arkadag şäherinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk hyzmatyndan bary-ýogy 4 müň çemesi adam peýdalanýar we bu milliardlarça dollarlyk serişdäniň ‘öli kapitala’ öwrülendigini yşarat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG