Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda 30-njy ýanwarda öýlän bolan ýol-ulag hadysasynda bäş adam heläk boldy. Ak bugdaý etrabyndaky Derweze sebiti bilen Ýerbent obasynyň aralygynda bolan pajygaly ýol hadysasy barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“2005-nji ýylda öndürilen ‘Toyoto Camry’ kysymly ýeňil ulag ýokary tizlik bilen ýük ulagyň aşagyna girdi we ondaky bäş ýolagçy, şol sanda sürüji wakanyň bolan ýerinde wepat boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýadaky çeşmämiz gürrüň berdi.
Ol heläkçilige uçran ýeňil ulagyň hususy taksidigini aýdyp, wakanyň bolan wagty onda sürüjiden başga-da dört ýolagçynyň paýtagtdan Daşoguza barýandygyny belledi.
“Ýol heläkçiligi derňelýär. Ýöne oňa ýokary tizlik bilen bir hatarda ýoluň aşa ýaramaz bolmagynyň, onuň köp böleginiň hatardan çykmagynyň hem sebäp bolandygy aýdylýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Habarçymyz 31-nji ýanwarda ýerli häkimiýetleriň heläkçiligiň bolan aralygyndaky ýoly ýapyp, onda ulag gatnawyny wagtlaýyn çäklendirendigini aýdýar. Çäklendirme zerarly gara ýol arkaly Daşoguza aşmaga synanyşýan müňlerçe ýolagçynyň öňi baglandy.
“Ýoluň bu aralygy gaýtadan açylandan soň, bu ýerde haýsydyr bir abatlamak işleriniň geçirilendigi göze ilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ulag sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi sebitdäki çukanakly ýollaryň adam ýitgilerine getirýän ýol-ulag hadysalaryna ýygy-ýygydan sebäp bolýandygyny aýdýar.
“Bu gara ýolda ulag heläkçilikleri her hepde bolýar. Bularyň ählisi heläkçilikli tamamlanmasa-da, adam pidasyna getiren ýol hadysasy şu ýylyň dowamynda indi ikinji gezek boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary boýunça statistikalary çap etmeýär. Döwlet media serişdeleri ýurtda bolup geçýän ulag heläkçilikleri barada habar bermeýär.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçýän ýol-ulag hadysalary barada ýylyň dowamynda ençeme gezek maglumat berýärler.
Şu ýylyň 2-nji ýanwarynda maşgala bolup dynç almak üçin, bir çagaly är-aýal, şahsy ulag bilen, Aşgabatdan Awaza barýan mahaly, Balkan welaýatynyň Gumdag etrabyndaky gara ýolda ulag hadysasyna uçrap, şol ýerde heläk boldy diýip, Azatlygyň habarçysy geçen aý maglumat berdi.
Geçen ýylyň noýabrynda gelen bir habarda aýdylmagyna görä, Aşgabatdan Lebaba barýan ataly-ogul hem öz ulaglarynda wepat boldy. Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy geçen ýylyň 6-njy oktýabrynda Balkanda bolan ýol hadysalarynda azyndan iki adamyň ölüp, 18 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum