Türkmenistan Taýwanyň ‘Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini’ ýene bir gezek’ tassyklady diýip, Daşary işler ministrliginiň 19-njy maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Onda Aşgabadyň hytaý hökümetine tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ‘ýeke-täk kanuny hökümet‘ hökmünde garaýandygy hem bellenilýär.
Türkmen DIM-i “Taýwanyň garaşsyzlygy” söz düzümini goşadyrnaga alyp, munuň bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýändigini we Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady.
Hytaý Taýwany özüne degişli bolan gozgalaňçy welaýat hökmünde görýär we adanyň üstünden gözegçiligi güýç bilen dikeltmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.
Forum