Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat türkmen studentlerinden ýörite resminama talap edýär


Aşgabadyň halkara aeroporty.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri Türkmenistana dolananda, olardan ýerli bilim edaralarynda hasaba durmak we ýörite resminama almak talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşan birnäçe türkmenistanly studentiň aýtmagyna görä, dynç alyş kanikullarynda ýurda dolanan studentler degişli bilim edaralarynda hasaba duryp, ýörite resminamany almaly. Bu resminamanyň esasynda olara gaýtadan ýurtdan çykmaga rugsat berilýär.

“Noýabr aýynyň başynda bir hepdelik Aşgabada baranymdan soň, Bilim ministrliginden öýümize jaň etdiler. Ejeme meniň ministrlige baryp, hasaba durmalydygymy, şondan soň maňa ýörite resminama beriljekdigini aýdypdyrlar. Men ministrlige baranymda menden haýsy uniwersitetde okaýandygymy, okuwymyň tamamlanmagyna näçe wagt galandygyny we haçan yzyma gitjekdigimi soradylar. Okaýan uniwersitetime degişli dokumentleri-de soradylar. Şondan soň maňa bir sprawka gol çekdirip, ony Türkiýä gidenimde aeroportda görkezmeli diýdiler” diýip, türk uniwersitetleriniň birinde okaýan 21 ýaşyndaky Güljemal (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Studentleri “yzarlamak”

Ol bu çäräni türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň ýurda girip-çykmagyny yzarlamak üçin edilen ýene bir bökdençlik diýip düşündirýär.

“Bizi her gezek öýe baranymyzda jaň edip goýanoklar. Iň geň ýeri-de, meniň ýurda baranymy nireden bilýärler? Muňa-da düşünemok. Indem bu dokumenti çykardylar. Hemme zady biziň günümizi kynlaşdyrmak, biziň daşary ýurtlarda okamagymyzy kynlaşdyrmak üçin edýärler” diýip, Güljemal aýdýar.

Türkmenistanyň resmileri ýa-da habar beriş serişdelerinde türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýola goýlan bu talap barada hiç hili maglumat ýa-da bildiriş berilmeýär. Şeýle-de, bu düzgüniň näme sebäpden we haçan güýje girizilendigi barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligine jaň edip, maglumat almak synanyşyklary-da başa barmady.

Şol bir wagtda, bu täze düzgün barada 15-nji dekabrda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri hem öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi. Bu neşiriň maglumatynda şu ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtda okaýan studentleriň ýurtdan çykmak düzgünine käbir üýtgetmeleri girizmegi talap edýärler diýip ýazylýar.

Talap edilýän resminamalar

Studentler Türkmenistana dolanandan soň, ýerli bilim edarasynda hasaba durup, ýörite sprawkany almaly. Şol sprawkany almak üçin bolsa, studentler okaýan ýerine degişli soňky resminamalary görkezmeli diýlip, agzalýan neşir belleýär.

Bu neşiriň habarynda aýdylmagyna görä, studentler ýörite sprawkany almak üçin özüniň degişli ýokary okuw jaýynda okaýandygy barada resminamany, studentlik biletini, kartoçkaňy, daşary ýurtda ýaşamagyňa rugsat berýän degişli resminamanyň nusgasyny, 4 fotokartoçka, ýurt içindäki we daşary ýurtlara syýahat etmäge mümkinçilik berýän pasportlaryň kopiýasyny, pasportda student wizanyň ştampy goýlan sahypanyň kopiýasyny degişli bilim edarasyna tabşyrmaly.

Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda näçe türkmenistanly studentiň okaýandygy barada halk köpçüligine resmi taýdan anyk statistik maglumat berilmeýär. Emma olaryň esasan Russiýa, Ukraina, Belarus, Türkiýe we Hytaý ýaly ýurtlara okamaga gidýändigi aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG