Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky söwda nokadynda döwlet tarapyndan subsidirlenen bahadan satuwa çykarylýan sygyr etini satyn almak üçin nobata durýan adamlaryň sany gün-günden artyp, olaryň sany her gün 100-den aşýar.
Paýtagtda howanyň temperaturasy gijelerine 7 gradusa çenli ýetýän şu günlerde adamlar 8-de açylýan dükanyň öňünde gijäň ýaryndan nobata durup başlaýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 19-njy noýabrda paýtagtdan maglumat berdiler.
“Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän ‘Altyn halka’ dükanyndan bazardaky etden üç ýarym esse arzan satylýan etden satyn almak üçin adamlar gije sagat 12-de gelip, maşynlarynda ýatyp, nobata durýarlar. Käbir adamlar ýorganly baryp, dükan açylýança, gijäň sowugynda açyk meýdanda dükanyň daşynda oturýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Agzalýan söwda nokadynda indi iki hepdä golaý wagt bäri her adam başyna 5 kilograma çenli sygyr eti satylýar. Bazarlarda etiň bir kilogramynyň bahasy 240 manada ýetýän mahaly, bu dükanda 70 manat bahalanýar.
“Nobatyň ýetmegi üçin ýene üç sagada çenli garaşmaly”
“Arzan sygyr eti Aşgabat şäheri boýunça diňe bir ýerde, ýagny ‘Altyn halka’ dükanynda satylýar. Şonuň üçin adamlar gijäň ýaryndan bolsa-da, bu ýere üýşýärler. Adamlar et iýjek bolsaň, kösenmeli bolýar diýip, nobata duranlar ‘kysmatymyza kaýyl bolmaly bolýarys’ diýýärler” diýip, paýtagtly ýene bir alyjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Dükan açylanda et nobatyna duran adamlar iki ýerden goýberilýär. Erkek adamlar üçin bir nobat, aýallar üçin bir nobat düzülip, et iki ýerden satylýar.
“Nobata duran adamlaryň sanynyň köplügi zerarly, nobatyň ortalaryndaky we yzky böleklerindäki adamlar dükan açylyp, et satylyp başlanandan soňra-da, nobatynyň ýetmegi üçin ýene üç sagada çenli garaşmaly bolýarlar” diýip, paýtagtly ýene bir alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu aralykda, dükan işgärleri birinji topar maýyplygy bolan raýatlary nobatsyz goýberip, olara et satýarlar. Şol bir wagtda, ikinji we üçünji topar maýyplygy bolan raýatlar bu ýeňillikden peýdalanyp bilmeýärler we olardan nobata durup, et satyn almak talap edilýär.
Göwreli aýallar hem nobatsyz goýberilýär. Ýöne bu ýeňillikden peýdalanmak üçin, alyjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, hilegärlige baş goşýan zenanlara hem duş gelse bolýar.
“Ýagny käbir biynsap zenanlar köýneginiň aşagyndan garnyna mata sarap, şar çişirip dykyp, garnyny pökgerdip, ‘Men göwreli, aýakda durmaga halym ýok’ diýip nobatsyz et satyn alan zenanlar hem boldy. Ýöne bu ýagdaýyň gaýta-gaýta gaýtalanmagy bilen, adamlarda şübhe döräp, ýalanyň üsti açylyp, hilegär zenanlaryň dükandan kowulmagy ýaly wakalar hem boldy” diýip, alyjylaryň biri şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Berk gözegçilikler
Nobatlara polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri tarapyndan berk gözegçilik edilýär. Dükanyň arka taraplarynda we onuň töweregindäki aralyk köçelerde hem güýç gulluklarynyň işgärlerini görse bolýar diýip, habarçymyz aýtdy.
Azatlyk arzan etiň satuwy we nobatlar barada agzalýan dükandan resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň paýtagtyň Söwda müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde mal etiniň bahasy soňky bäş aýdan hem az wagtyň dowamynda 70%-e çenli gymmatlady. Iýul aýynda Ahalyň we Aşgabadyň bazarlarynda bir kilogram çylka sygyr eti 140 manat bahalanan bolsa, häzirki wagtda 1 kilogram çylka sygyr eti 240 manatdan we 1 kilogram goýun eti 190 manatdan satylýar.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we işleýän adamlaryň aýlyk gazançlarynyň pes bolmagy, köp adamyň bazarlardaky ýerli mal etini satyn almaga maddy ýagdaýynyň bolmazlygyna getirdi. Köp hojalyk döwlet tarapyndan subsidirlenen bahadan satuwa çykarylýan azyk harytlaryna garaşly bolup galýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ne ykdysady kynçylyklar, ne-de ýurtdaky azyk meseleleri barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat berýärler.
Azyk meselesi baradaky soňky maglumatlar, Türkmenistanyň raýatlarynyň indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýän, Aşgabatda azyk, egin-eşik, aýakgap ogurlygynda saklanýan aýallaryň ‘köpelýän’, gaz we tok töleglerini töläp bilmeýän hojalyklaryň gazynyň, togunyň kesilýän mahalyna gabat gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum