Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bolan iki ýol hadysasynda bir çaga öldi, başga bir çaganyň ykbaly nämälim


Aşgabatda bolan ýol hadysalarynyň birinde ýoldan çykan jemgyýetçilik awtobusy. Illýustrasiýa suraty
Aşgabatda bolan ýol hadysalarynyň birinde ýoldan çykan jemgyýetçilik awtobusy. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda adam pidasyna getiren ýol hadysalarynyň ýene ikisi boldy. Aşgabatda geçen hepde aýrybaşga günlerde we ýerlerde bolan iki ýol hadysasynda bir çaga heläk boldy, başga-da bir çaga ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 19-njy iýulda paýtagtdan maglumat berdi.

Ýol heläkçilikleriniň biri 15-nji iýulda agşam sagat 8:30 töwereginde Atamyrat Nyýazow şaýolunuň (öňki Çehow köçesi) ugrunda boldy.

Döwlet belgili jemgyýetçilik awtobusy kiçi köçeden Atamyrat Nyýazow şaýoluna geçende, ýoluň ugrundaky gyz çagany kakdy.

“Ýokary tizlikde gelýän awtobus 13-14 ýaşyndaky çagany batly kakyp, ilki 4-5 metr orta zyňdy, soňra-da üstünden depeläp geçdi. Wakanyň bolan ýerine gelen saglyk we polisiýa işgärleri çaganyň şol ýerde jan berendigini anykladylar” diýip, heläkçilige şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şaýatlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, waka bolanda gyz çaga pyýadalar üçin ýörite geçelgelerden geçmän, ýoluň çem gelen ýerinden geçip barýardy.

“Bu ýagdaý sürüjiniň ünssüz wagtyna gabat gelen çemeli” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Geçen hepde Parahat-7 etrapçasynda ýerleşýän bazaryň öňündäki köçede hem ýol hadysasy boldy. Şonda ýeňil awtoulagyň sürüjisi köçe çyrasynyň gyzyl yşygynda perwaýsyz geçip, ýoldan geçip barýan maýyp arabasyndaky bir oglan çagany kakdy.

Wakada çaganyň diňe ýaradar bolandygy ýa-da heläk bolandygy häzirlikçe belli däl. Azatlyk çaganyň saglyk ýagdaýyny anyklamaga çalyşýar.

Azatlyga sürüjileriň ykbalyny anyklamak hem häzirlikçe başartmady. Redaksiýamyzyň bu barada Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralary ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol ýa-da otly hadysalary barada halka hasabat bermeýärler. Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýär.

Ýöne Azatlyk şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde 10-dan gowrak ýol, otly hadysalarynyň bolandygyny we bularda 30-dan gowrak adamyň heläk bolandygyny habar berdi.

Hususan-da, soňky aýlarda bu hadysalar baradaky maglumatlaryň sany artdy. Bu ýol heläkçilikleriniň aglabasy ýurduň welaýatlaryny paýtagt ýa-da beýleki sebitler bilen birleşdirýän gara ýollarda hasaba alyndy.

Türkmen hökümeti ýurtda “ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisininiň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilen" çäreleriň görülýändigini ýygy-ýygydan mälim edýär.

Häkimiýetler bu çäreleriň hatarynda ýurtda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän “ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny" agzaýarlar. Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi biraýlygyň o diýen ähmiýetiniň ýokdugyny aýdyp, munuň “polisiýanyň raýatlardan we sürüjilerden para almagynyň biraýlygyna” öwrülýändigini belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG