Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilata jaýlaryň howlularynda öý goşlaryny goýmak gadagan edilýär


Aşgabatda köp gatly jaýlara sepleşdirilip gurlan goşmaça otaglar ýykylýar. 2016 ý. (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabatda köp gatly jaýlara sepleşdirilip gurlan goşmaça otaglar ýykylýar. 2016 ý. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň häkimiýetleri köp gatly jaýlaryň öňündäki we olaryň girelgeleriniň gapdalyndaky howlularda öý goşlarynyň goýulmagyny gadagan edýärler. Häkimligiň wekilleri munuň sebäbini bu goşlaryň “paýtagtyň görküne zyýan ýetirýändigi” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda paýtagtdan maglumat berdi.

“Ýaşaýyş jaý dolandyryş bölüminiň işgärleri, şeýle-de häkimligiň wekilleri duýdansyz ýük ulaglarynda gelip, ýaşaýjylaryň howlularda goýan öý goşlaryny ýükläp alyp gidýärler. Olar ýaşaýjylardan soramaýarlar, olara öňünden duýduryň hem etmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Bu çäreler paýtagtyň tas ähli sebitinde, hususan-da sowetler döwründe gurlan etrapçalarynda alnyp barylýar.

Howlulardan äkidilýän goşlaryň arasynda ýaşaýjylaryň hojalyklarynda seýrek ulanýan enjamlary, şol sanda çişlik bişirmek üçin niýetlenen ojaklary, gazanlary, merdiwanlary dagy bar.

“Ýaşaýjylar tarapyndan pul toplanyp satyn alnan we howlularda goýlan uzyn oturgyçlary hem ýükläp alyp gitdiler. Ýaşaýjylar arassa howada dem-dynç almak üçin daşary çykanda, bu oturgyçlarda oturýardylar ýa-da çagaly eneler çagasy daşarda oýnap otyrka şu oturgyçlarda oturýardylar” diýip, ýaşaýjy belledi.

Häkimligiň wekilleri ýaşaýjylara dilden berýän düşündirişinde bu çäreleriň paýtagtyň häkiminiň görkezmesi esasynda amal edilýändigini aýdýarlar, ýöne onuň nusgasyny görkezmeýärler.

Şeýle-de, olar bu çäreleriň amal edilmeginiň sebäbini şeýle goşlaryň “paýtagtyň görküne zyýan ýetirýändigini” bilen düşündirýärler.

Ýaşaýjylaryň ençemesi aglabasy mundan 40-50 ýyl ozal gurlan dört-bäş gatly jaýlarda seýrek ulanylýan öý goşlaryny goýmagy üçin niýetlenen ýörite otaglaryň ýokdugyny aýdyp, häkimiýetleriň bu çärelerine nägilelik bildirýärler.

“Ýaşaýjylaryň käbiri öňünden duýduryş edilmändigini düşündirmäge synanyşýar. Häkimligiň işgärleri olary diňlemeýärler. Käte ýaşaýjylaryň sabyr käsesi dolup, Ýaşaýyş jaý dolandyryş bölüminiň işgärlerine we häkimligiň wekillerine garşylyk görkezýärler. Olaryň arasynda dartgynlygyň ýokary derejä ýetýän pursatlary hem bolýar. Ýöne häkimligiň işgärleri ‘garşylyk görkezjek bolsaňyz, polisiýa jaň etjek’ diýip, haýbat atýarlar” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Häkimligiň işgärleri ýaşaýjylaryň "örän agyr hala düşüriljekdigini" hem duýdurýarlar, ýöne munuň nämäni aňladýandygyny düşündirmeýärler.

"Ilat öz çagalarynyň, garyndaşlarynyň gelejegini göz öňünde tutup, yza çekilmeli bolýar" diýip, ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylaryň ençemesi ilki özleriniň goşmaça otaglarynyň ýykylandygyny, indi howluda öý goşlaryny goýmagyň gadagan edilýändigini aýdyp, häkimiýetleriň emeli kynçylyklarynyň, böwetleriniň we çäklendirmeleriniň göwrüminiň giňeýändigini belleýär.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň häkimliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Şeýle-de, redaksiýa bu goşlaryň nirä alnyp gidilýändigini anyklap hem bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetler indi sekiz ýyl bäri köp gatly jaýlara sepleşdirilip ýa-da olaryň howlusynda ýaşaýjylar tarapyndan gurulýan goşmaça otaglary ýa-da oturdylýan beýleki gurallary köpçülikleýin söküp aýyrýarlar. Bu çäreler esasan hem 2016-2017-nji ýyllarda güýçli depginde amal edilipdi. Şonda goşmaça otaglaryň, gurallaryň müňlerçesi ýumrulypdy.

Häkimiýetler bularyň “bikanun gurlandygyny we olaryň jaýyň asyl keşbini üýtgedip, şäheriň umumy görküne zyýan ýetirýändigini” aýdypdylar.

Ýaşaýjylaryň ençemesi bolsa, goşmaça gurluşyklar üçin özleriniň ýyllarboýy resmi salgyt we jaý tölegini töläp gelendiklerini gürrüň beripdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda gurluşygyna millionlarça dollar möçberinde serişde harçlanýan gurluşyklar barada yzygiderli habar berýärler. Ýöne ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG