Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda köçelerdäki garyň arassalanmazlygy ilaty surnukdyrýar, köçe-ýol hadysalary bolýar


Aşgabadyň köçeleriniň birindäki awtobus duralgasy (Arhiw suraty)
Aşgabadyň köçeleriniň birindäki awtobus duralgasy (Arhiw suraty)

Şu hepdäniň başynda Aşgabatda howanyň -1 gradusa çenli sowap, garyň ýagmagy bilen, köçeleri gar basdy. Indi birnäçe gün bäri arassalanmaýan gar-ýagyn üýşmekleri köçeleriň sürçek bolmagyna, ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirdi.

Munuň bilen bir wagtda, paýtagtyň ençeme etrapçasynda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlary kadaly we talaba laýyk işlemeýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.

“Paýtagtda diňe prezidentiň kerweniniň gatnaýan ýollary gardan arassalanyp, olaryň buzy ýörite gurallar bilen eredildi. Emma paýtagtyň köçeleriniň galan bölegi, ýagny ýollaryň 80-90%-i gardan, buzdan dolup, olarda ýagyn üýşmekleri arassalanmaýar. Sürçek ýollarda ulaglar taýyp, ýoldan çykyp, köçe-ýol hadysalary ýygy-ýygydan bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Arassalanmaýan köçeleriň hatarynda Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, Oguzhan köçesiniň gündogar tarapy, Baba Annanow köçesi we beýlekiler bar.

"Döwlet bir adam üçindir diýleni bolýar"

Habarçymyz köçe-ýol hadysalarynyň Gurbansoltan eje, Oguzhan we Andalyp köçelerinde bolandygyny, ýöne olarda agyr şikeslenmeleriň ýa-da adam ýitgileriniň bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Köçeleriň ählisiniň arassalanmazlygy hem sürüjileriň, hem-de pyýadalaryň köpüsinde nägilelik döredýär.

“Diňe prezidentiň geçýän köçeleriniň arassalanyp, galan köçeleriň arassalanmazlygy, häkimiýetleriň ‘döwlet adam üçindir’ diýen şygaryny ýalan çykaryp, ‘döwlet bir adam üçindir’ diýleni bolýar” diýip, aşgabatly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, şäher häkimliginiň we jemagat hojalygy müdirliginiň birnäçe işgäri ýollary arassalamak üçin az sanda bolsa-da ýörite ulaglaryň bardygyny, ýöne olary “aýap saklamak” barada buýruk berlendigini aýdýar.

“Bu ulaglaryň sanynyň azlygy sebäpli bölüm dolandyryjysy bu ulaglar bilen diňe prezidentiň kerweniniň geçýän esasy köçeleri arassalamagy, galan köçeleri köne ulaglar bilen arassalamagy tabşyrdy. Ol galan wagty täze ulaglaryň kärhananyň duralgasynda aýap saklanmalydygy, diňe zerur ýagdaýlarda ulanmalydygy barada görkezme berdi” diýip, Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýyladyş ulgamlarynyň işi bökdeýär

Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň köçelerdäki “azaby” dowam edýän mahaly, şäheriň ençeme etrapçasynyň ýaşaýjylary, şol sanda çagalar ýylynmak meselesinde kynçylyk çekýär.

Muňa sowet döwründe gurlan etrapçalarda, şol sanda 1, 2, 3, 4, 5, 6-njy we 30-njy etrapçalardaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we talaba laýyk işlemezligi sebäp bolýar.

“Soňky onýyllyklaryň dowamynda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işlese-de, köne jaýlaryň, şol sanda 40-50 ýyl ozal gurlan mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulagmlary talaba laýyk işlemeýär. Otaglaryň ýyladylmaýandygy we sowukdygy sebäpli çagalar sowuklap, dümewleýär” diýip, 6-njy etrapçanyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agzalan etrapçalardaky jaýlaryň birinji gatlaryndaky ýyladyş ulgamlary birneme kadaly işlese-de, ýokary gatlaryň ýaşaýjylary öýlerini elektrik peçleri arkaly ýylytmaly bolýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher häkimliginden, “Aşgabatýylylyk” trestinden we Jemagat hojalygy müdirliginden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji ýanwarda bu edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda gyş aýlarynda ygally howadan soň köçeleriň öz wagtynda arassalanmazlygy, ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly wakalar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Mundan başga-da, ilat gaz we elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.

Ýangyç serişdelerine baý, şol sanda tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgap, bökdençlikleriň sebäbini düşündirmeýär. Bu barada ýurduň metbugaty hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG