Türkmenistanyň günbatarynda howanyň sowamagy ilatly ýerleriň gaz üpjünçiligine täsir etdi. Sebiti gaz bilen üpjün edýän gaz turbasynyň ýarylmagy zerarly, ýerli ýaşaýjylar aýazly howada gaz üpjünçiliginden mahrum boldy.
Balkan welaýatynda 21-nji ýanwara geçen gije güýçli gar ýagdy. Gyzylarbatda sebitiň gaz üpjünçiliginiň esasy turbalarynyň birinde jaýryklar emele gelip, ýarylan ýerleri boldy diýip Azatlygyň balkanly habarçysy we birnäçe çeşmesi habar berdi. Olaryň sözlerine görä, munuň netijesinde tutuş welaýatyň esli böleginde gazyň üpjünçiliginde bökdençilikler döräpdir.
"Welaýaty gaz bilen üpjün edýän esasy gaz turbasynyň çüýrän ýerlerinde jaýrylyp, howa temperaturasynyň -7°C, -9°C gradusa çenli aşaklan wagtynda turbanyň birnäçe ýerinde jaýryk döredi. Welaýatda ilatly ýerleriň tas ýarysynda gazyň kesilmegi her sagatda gaýtalanyp durdy" diýip, çeşme 21-nji ýanwara geçilen gije bolan ýagdaý barada gürrüň berdi.
Balkanly çeşmeler gaz üpjünçiliginiň çarşenbe güni agşama golaý dikeldilendigini aýdýarlar. "Agşam 6-da kadaly gaz üpjünçiligi dikeldildi, ýöne gaz basymy örän pes" diýip, çeşme aýdýar.
Şu günler Balkanabatda, Hazarda, Gumdagda, Esengulyda, Gyzylgaýada we hatda Türkmenbaşyda ençeme bina gazyň kadaly barmaýandygyny aýdyp, mekdepleri we çagalar baglaryny ýylatmak üçin ýol gözlenýändigini çeşmeler gürrüň berdiler.
Motor ýagy, sazak, gowaça samany we tezek bilen ýylanýarlar
"Mekdepleri, çagalar baglaryny ýylatmak üçin özbaşdak awtonom ýyladyş gazany ulanyldy" diýip çeşmeleriň biri aýtdy.
"Gazyň kesilmegi sebäpli şu gün Balkanyň mekdeplerinde okuwçylary üşetmezlik maksadynda ýyladyş gazanyna ulanylan-otrabotka edilen motor ýagyny ýakdylar" diýip, ýene bir çeşme 21-nji ýanwarda aýtdy.
Ilatly ýerlerde howly jaýlarynda ýaşaýjylar odun ýakdylar.
"Sazak ýakanlar-da boldy. Hojalyklarda, howly öýlerde odun, gowaçanyň samanyny ýakdylar. Obalarda mal tezegini ýakyp öýlerini ýyladanlar boldy".
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan balkanly ýaşaýjylar gaz we elektrik togy kesilip, binalaryň sowuk galmagyna degişli ýagdaýyň her gyşda yzly-yzyna gaýtalanyp durýandygyny aýdyp, häkimiýetleriň çagalaryň okaýan binalarynyň ätiýaçlandyryş serişdeleri bilen üpjün etmek ýaly çärelerine uly zerurlyk bar diýip belleýärler.
Atiýaçlyk serişdeleri gerek
"Balkanyň gaz üpjünçilik edaralary gaz balonlaryň ätiýajyny iň bolmanda mekdepleri, çagalar baglaryny üpjün etseler. Bu binalaryň özbaşdak ýyladyş gazanlaryny ulanmak üçin serişdeler bilen üpjün etseler gowy bolardy. Bir gaz balony azyndan bir binany 5 gün ýylatmaga ýetýär we çagalary sowukdan gorap bolýar" diýip, mekdep işgäri aýdýar.
Azatlyk Radiosy gaz üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly soňky ýagdaý barada günbatar welaýatyň resmilerinden teswir alyp belmedi.
Türkmenistanda ilatly ýerleriň gaz we tok üpjünçiliginde bökdençlikler ýygy-ýygyndan döredýär. Gyşda, aýratynam aýazly howada, gar ýaganda we doňaklyk emege gelende energiýa üpjünçiliginde has köp bökdençlik ýüze çykýar.
Gaz turbalaryň ýagdaýy
Balkanly çeşmeler Balkan welaýatynyň gaz üpjünçiliginiň bir böleginiň Ahal welaýatynyň üsti bilen geçýän uly gaz turbasyndan gelýän gazyň hasabyna, beýleki bir böleginiň welaýatyň içerki tebigy gaz turbasyndan ilata berilýändigini belleýärler. Olaryň sözlerine görä, soňky bökdençlikler bu turbalaryň tehniki ýagdaýynyň kadaly däldigini görkezýär.
"Geçen tomusda Bereket etrap çäginden geçýän uly gaz liniýasynyň 7 kilometr aralygynda turbalary täzesine çalyşdylar. Gyzylarbatdan Türkmenbaşy aralykda tas 300 kilometrlik gaz liniýasynyň turbalary 45 ýyl mundan ozal çekilen. Olar könelişen we tas her 500 metrden gazyň syzýandygyny synlasa bolýar" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Balkanyň gaz infrastrukturasynyň ýagdaýyndan habarly bu çeşmäniň sözlerine görä, meseläniň iňňän wajypdygyna garamazdan, oňa häkimiýetler derejesinde ýeterlik üns we serişde berilmeýär:
"Welaýatyň we etraplaryň gaz üpjünçilik edaralary uly deşik bolmasa ownuk gaz syzmalary üçin kebşirläp ýamamak işlerini hem geçirmeýärler. Turbalaryň awariýnyý ýagdaýdadygyny bahana edip, 2-3 basymdan köp gaz hem goýbermeýärler. Sebäbi gaz geçiriji liniýalar ondan artyk götermeýär" diýip, bilermen aýtdy.
Türkmenistan dünýäde gaz serişdelerine iň baý ýurtlaryň biri. Gaz eksporty ýurduň esasy girdejileriniň çeşmesi bolup, daşary ýurt walýutasynda pul getirýär. Emma ýurduň öz ilaty gaz üpjünçiliginde yzygiderli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum