Aşgabatda we onuň etegindäki etraplarda 21-nji awgustda ýagan güýçli ýagşyň yz ýanynda, paýtagtyň köçelerini ýagyn suwlary basdy. Ýagyn suwlary diňe köçeler bilen çäklenmän, köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerini, pesde gurlan käbir kotež jaýlaryň birinji gatyny, ýerzeminlerdäki dükanlary we ammarlary hem basdy.
Ýaşaýjylar, telekeçiler we ownuk biznesler ýiti maddy zyýan çekdi. Ekerançylyk meýdanlaryny hem ýagyn suwlary basyp, gök-bakja ekinlerini zaýalady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki habarçysy 23-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.
“Adamlar agşam işden öýüne dolanýan wagty sagat 6-a golaý Aşgabatda güýçli ýagyş başlady. Duýdansyz başlan ýagyş bedreden guýlan dek boldy. Jaýlaryň girelgesine ýa-da beýleki üsti ýapyk desgalaryň aşygynda ýer tapmadyk adamlaryň üsti-başy öl-myžžyk boldy. Aşgabadyň köçelerinde pyýada ýöremek mümkinçiligi tas bolmady” diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýagyn suwlary gysga wagtda ýaýrap, paýtagtyň kotež jaýlarynyň ençemesiniň birinji gatyny suw basdy. Jaýlardaky tas ähli elektrik enjamlary hatardan çykyp, haly we palaslar, düşekler zaýa boldy.
“Duýdansyz gelen ýagyn suwlary dyzyňa, hat-da ondan hem ýokara çenli ýetdi. Adamlar öýlerinden goşlaryny doly çykaryp ýetişmedi. Köp adam on müňlerçe manat möçberinde maddy zyýan çekdi” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Döwletden hem kömek ýok”
Mundan başga-da, köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerini, şeýle-de olarda ýerleşýän dükanlary we ammarlary hem ýagyn suwlary basdy. Olardaky azyk harytlary, elektronika enjamlary, dürli tekstil mata önümleri akyp gelen palçykly, hapa suwuň aşagynda galdy.
“Häzir onlarça adamyň bejertmek üçin getiren elektronika enjamlary bejerip bolmajak derejä geldi. Meniň munça enjamyň öwezini dolmaga ýagdaýym ýok. Döwletden hem kömek ýok” diýip, ýerzemindäki dükanda bozulan elektrik enjamlaryny bejerip berýän ussa anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.
Aşgabatly söwdagär ýerzemindäki dükanynda onlarça müň manat möçberindäki azyk önümleriniň ýagyn suwlarynyň aşagynda galyp zaýa bolandygyny gürrüň berdi.
Ýagyn suwlary ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirdi. Esasan hem, Bäherden etrabynda gök-bakja ekinlerini ýiti zaýalady.
“Suwuň çuňlugy ulaglaryň aýnasyna golaýlady”
Paýtagtyň köçelerine gaýdyp gelsek, hususan-da, Köpetdag etrabynyň Oguzhan köçesiniň ugry ýagyş suwundan doldy. Ulaglaryň gapysynyň bosagasyndan, ulagyň içine suw girýän halatlary köp boldy.
“Esasan hem paýtagtyň köçelerinde hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynyň salonyna suw girip, ýolagçylaryň köwüşleri hem öl boldy. Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesindäki ýer asty köprülerde, köpriniň ýeriň aşagyndan geçýän böleginde, suwuň çuňlugy ulaglaryň aýnasyna golaýlady” diýip, paýtagtly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Habarçylarymyz şäher häkimligine degişli Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň awgust aýynyň 21-den 22-ne geçilen gije ýagyn suwlaryny arassalama başlandygyny aýtdylar.
“Ilki bilen diňe prezidentiň geçýän köçelerini arassaladylar. Köçäniň gyrasyna üýşen ýagyş suwlary suw sordurýan ulaglar arkaly sordurylyp boşadyldy. Emma Aşgabadyň beýleki ýerlerinde köçelerdäki suw, palçyk 22-nji awgustda agşam hem doly arassalanmady” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.
Resmi metbugat dymýar, ýöne sosial ulgamlarda...
Adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we metbugaty tebigy hadysa hem-de onuň ýetiren zyýany barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan habar berdi. Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 21-22-nji awgustda efire berlen sanlarynda hem, adatdan daşary howa hadysasy barada hiç zat aýdylmady.
Ýöne sosial ulgamlarda, şol sanda TikTokda we Instagramda paýtagtda köçeleri, jemgyýetçilik awtobuslaryny, şahsy ulaglary, jaýlaryň birinji gatyny, dükanlary we ammarlary ýagyn suwlarynyň basandygyny jikme-jik görkezýän wideolaryň onlarçasy peýda boldy.
Wideolaryň käbirinde ýaşaýyş jaýyndaky kir ýuwýan maşynyň ýarysyndan hem köp böleginiň, şol sanda halylaryň, palaslaryň, mebelleriň we beýleki öý goşlarynyň ýagyn suwlarynyň aşagynda galandygyny görse bolýar.
Käbir wideolarda bolsa, paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslarynyň içiniň läbik ýagyn suwlaryndan dolandygyny, onuň ýolagçylaryň topugyna çenli ýetýändigi görkezilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda, şol sanda paýtagt Aşgabatda güýçli ýagşyň ýagmagy we onuň yz ýanynda köçeleri, jaýlary, ýerzeminleri, dükanlary ýagyn suwlarynyň basmagy bilen bagly ýagdaýlar ýylyň-ýylyna diýen ýaly gaýtalanýar.
“Ýerasty akabalar wagtynda arassalanmaýar”
Ýurduň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, paýtagtyň şäher gurluşygyna millionlarça dollar serişde harçlaýan türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlara aç-açan resmi düşündiriş berip, munuň sebäpleri we ýetirýän zyýanlary barada gürrüň gozgamaýarlar.
Şol bir wagtda, habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan paýtagtyň Jemagat hojalygy müdirliginiň birnäçe işgäri bu ýagdaýlaryň ýagyn suwlarynyň akyp gitmegi üçin niýetlenen ýerasty akabalaryň wagtynda arassalanmazlygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Ýerasty turba akabalary zir-zibilden, agaçlardan gaçýan ýapraklardan dolup, gömlen. Sebäbi Aşgabat şäher häkimligine we bu müdirlige tanyşlyk, garyndaşlyk we korrupsiýa esasynda ýokary wezipelere bellenýän çinownikler bulary arassalamaýar. Olar diňe paýtagtyň köçeleriniň arassaçylygyna üns berýärler. Öňler bu ýerasty akabalar arassalanýardy, suw sorujy ulaglar bilen sordurylyp alynýardy. Soňky ýyllarda bu işler tas togtadyldy diýsek ýalňyşmarys” diýip, müdirligiň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň şäher häkimliginden we Jemagat hojalygy müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 24-nji awgustda bu edaralaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum