Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda buzly ýagyn ýaşaýjylaryň jaýlaryna, ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi

Daşoguz welaýatynda 5-nji aprelde doly we ýagyn ýagdy.
Daşoguz welaýatynda 5-nji aprelde doly we ýagyn ýagdy.

Daşoguz welaýatynda ýekşenbe güni doly we ýagyn ýagyp, oba hojalyk meýdanlaryndaky we hususy melleklerdäki ekinleri zaýalady, obalarda käbir ýaşaýyş jaýlara zyýan ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri 6-njy aprelde habar berdiler.

Daşoguzyň birnäçe etrabynda ýekşenbe güni öýlän sagat bäş töwereginde doly ýagyp, onuň yzýany gelen ýagyn ýerli ýaşaýjylar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolupdyr.

"Sagat 17:00-a golaý güýçli buz bölejikleri ýagdy we tas bir sagat dowam etdi. Soňra güýçli ýagşa öwrülen bu hadysa ir ekilen gowaçany, gök bakja we miweli baglara uly zyýan ýetirdi" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Bu tebigy hadysa birnäçe etrapda, şol sanda Gubadagda, Garaşsyzlyk, Akdepe we Boldumsaz etraplarynda bolupdyr.

Esli wagtlap ýagan doly we ýagyn zerarly etraplaryň köçelerini ýagyş suwy basyp, ýaşaýjylaryň sözlerine görä, "hamana derýa bolup" akypdyr.

"Obalarda garyp maşgalalaryň öýleri şifer bilen örtülmedik palçykdan gurlan öýleriň üçeginden ýagyş suwy geçip, öý goşlaryny zaýalady. Buz şänik ýaly ululykda ýagyp, köçede açyk meýdanda duran awtoulaglara-da zyýan ýetirdi, öň aýnalaryny döwdi" diýip, oba ýaşaýjylarynyň ýene biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan suratlarda tebigy hadysanyň bolup geçýän wagtyndaky güýçli ýagyny, oba ýerlerinde ýaşaýyň jaýlaryň töwereginde suwuň üýşendigini, ýagyndan soň köçelerde batgalygyň emele gelendigini gürmek mümkin.

Ilatly ýerler toksyz galdy

Tebigy hadysanyň yzýany Gubadag, Boldumsaz we Akdepe etraplarynda elektrik energiýasy kesilip, adamlar tutuş gije toksuz galypdyr.

"Agşam 19:00-dan şu gün ir 7-ä çenli elektrik togy ýok. Haçan dikeldiljekdigi belli däl, elektroset edarasy telefon jaňlaryna jogap bermeýär. Görnüşinden awariýa bolan enjamlar, transformatorlar köp bolmaly" diýip, habarçymyz 6-njy aprelde irden aýtdy.

Daşoguzyň ýagynda soň elektrik energiýasyz galan etraplaryndaky ýagdaý, günüň dowamynda elektrik-energiýasynyň dikeldilip-dikeldilmändigi barada sebit resmilerinden maglumat alyp bolmady. Azatlygyň Daşoguzyň welaýat we etrap häkimliklerine eden jaňlaryna jogap berilmedi. Bu häkimlikleriň websaýtlary hem beýleki welaýatlardan tapawutlylykda 6-njy aprelde günüň dowamynda petikli durdy.

'Hasyl weýran boldy'

Bu aralykda oba ýaşaýjylary eken hasylynyň zaýalanmagyna gynanýarlar. Hususy melleklerdäki azyk önümleriniň we kärende ýerlerinde ýetişdirip, hökümete tabşyrýan hasylynyň indi ujypsyz bolmagyndan, hojalyklaryň azyk üpjünçiligine we şu ýylky girdejilerine töwekgelçiligiň döremeginden howatyr edýärler.

"Melleklere ekilen gök bakjalar ilki buz, soňra ýagyş aşagynda weýran boldy. Oba hojalyk pudagyna hem zyýan ýetdi. Dizel gytçylygynyň fonunda ekilen müňlerçe gektar gowaçalaryň boý alan bugdaýlaryň ýagyn zerarly ýere ýapyşmagy daýhan azabyny kül etdi" diýip, daşoguzly daýhan aýdýar.

Onuň sözlerine görä, tebigy hadysalar oba hojalygyna ýaramaz täsir edýär we daýhanlar zyýanyň öwezini dolmaly bolýar, käte tutuş ýyl çeken zähmeti üçin girdeji almagyň ýerine döwlete bergili bolup galýar.

Türkmenistanyň hökümeti oba hojalygyndaky problemalary we ýurduň çäginde häli-şindi bolýan tebigy hadysalary resmi derejede agzamaýar.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiriniň habaryna görä, 5-7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda güýçli ýel we ýagynly howa bolar, derýalarda we jülgelerde sil bolmagy mümkin.

Balkan welaýatynyň daglyk ýerlerinde we dag eteklerinde, Mary, Lebap we Ahal welaýatlarynyň käbir böleklerinde güýçli ýagşyň ýagmagy çak edilýär diýlip, maglumatda aýdyldy, emma Daşoguz agzalmady. Güýçli ýagyn 12 sagadyň dowamynda 15 millimetr ýa-da ondan köp ýagşyň ýagmagyny aňladýar, diýlip maglumatda bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG