Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we Ahalda çekirtgeler çaltlyk bilen ýaýraýar, ekinleri gemrip “ýok edýär”

Çekirtge (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Çekirtge (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Paýtagt Aşgabatda we Ahal welaýatynyň çäginde çekirtgäniň örän çaltlyk bilen ýaýramagy dowam edýär. Bir hepdä golaý wagt bäri yzly-yzyna ýagýan çekirtgeler Ahalyň ekin meýdanlaryndaky, adamlaryň howlusyndaky ekinlere gonup, hasyly ýok edip, uly zaýaçylyk getirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Çekirtgäniň sany juda köplügini göz öňüne getirmek üçin: Çekirtgäniň bir ýerden beýleki ýere uçup ýokary göterilen çagy, asman garalyp, gara ümür süýşüp gelşini ýatladýar. Çekirtgäniň geçen yzy otly geçen ýaly bolup, ekin meýdany takrap galýar. Ekinleri gemrip, ýok edýär” diýip, ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Diňe bir welaýatyň ekin meýdanlary, obalaryň içi çekirtgelerden doly bolman, Aşgabadyň seýilgäherlerinde, köçelerinde müňlerçe çekirtgäniň ýöräp, böküp, uçup duranyny görse bolýar.

“Paýtagtyň günorta we günbatar taraplarynda ýerleşýän gara ýollaryň üstünde çekirtgäniň köplügi sebäpli, ulaglaryň tekerleri, maňlaý gorag aýnalary çekirtgäniň öli jesetlerinden doly bolup, olaryň ýelmeşip duranyny görse bolýar” diýip, paýtagtly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Paýtagtly ulag eýeleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýygy-ýygydan ýuwup we arassalap durmasaň, ulaglaryň reňk örtüginde tegmiller galýar.

Türkmenistanyň çägine çekirtgeleriň ýaýramagy bilen bagly waka geçen hepdäniň ortalarynda başlandy. Şu hepdäniň başynda ýerli habarçylarymyz Ahal we Mary welaýatlarynyň çägine ýagan çekirtgeleriň gaty kändigini, olaryň gonup geçen ýerlerinde gök ekinlerden zat goýmaýandygyny, daýhanlar näme etjeklerini bilmän aljyraýandygyny habar berdiler.

Azatlygyň redaksiýasyna gelip gowşan maglumatlarda çekirtgeleriň diňe Ahalda we Maryda däl, eýse Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem köpçülikleýin ýaýraýandygy habar berildi.

Ahally ýaşaýjylar, şol sanda daýhanlar bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyz indi bir hepde bäri dowam edýän “çekirtgeleriň ýagyny” bilen bagly ýagdaý barada häkimiýetler tarapyndan hiç hili çäre görülmeýändigini aýdýarlar.

"Häzir ýagdaý ýaramazlaşdy, emma..."

Bu ýagdaý, köp ýaşaýjynyň arasynda nägilelik döredip, olaryň hökümetiň alyp barýan syýasatyna garşy pikirleri özaralarynda aç-açan aýtmagyna getirýär.

“Öňler her ýyl öňünden, bahar aýlarynda döwlet tarapyndan çekirtgä garşy himiki derman serişdeler uly demir gaplarda daşary ýurtlardan satyn alnyp, çekirtgä garşy toparlar döredilip, çekirtgäniň garşysyna iş alnyp barylýardy. Häzir ýagdaý ýaramazlaşdy, meýdanlarda çekirtgäniň millionlarçasy köpelip, ýaýrap, meýdanlaryň otuny, daýhanlaryň ekinini ýok edýär. Emma muňa garşy iş alnyp barylmaýar” diýip, ahally bir daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Ahalyň oba hojalygy bölüminden teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda çekirtgeleriň köpçülikleýin we giň ýaýramagy bilen ýagdaýlar soňky ýyllarda ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Habarçylarymyz bularyň ilaty, hususan-da, daýhanlary aljyradýandygyny aýdyp gelýärler.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri çekirtgeleriň köpçülikleýin ýaýramagyna sebäp bolýan ýagdaýlar we olaryň ýetiren zyýany bilen baglylykda hiç bir beýanat çap etmeýärler. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem aç-açan gürrüň gozgalmaýar.

Türkmenistanda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň we çekirtgeleriň ýaýramagy, şeýle-de güýçli ýeliň we duzly tupanlaryň turmagy, uly buz bölekleriniň ýagmagy, güýçli ýagyşlar we suw joşmalary ýaly adatdan daşary tebigy hadysalar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanýar. Resmiler ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerine täsir edýän bu tebigy hadysalar barada hiç hili düşündiriş bermeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG