Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda güýçli ýagyşdan soň, köçeleri we dükanlary ýagyn suwlary basdy

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlardan soň, köçeleri ýagyn suwlarynyň basmagy bilen bagly wakalar mundan ozalky ýyllarda hem bolupdy. (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlardan soň, köçeleri ýagyn suwlarynyň basmagy bilen bagly wakalar mundan ozalky ýyllarda hem bolupdy. (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 20-nji maýda ýagan güýçli ýagşyň yz ýanynda, köçeleri ýagyn suwlary basdy. Käbir ýerlerde adamlaryň dyzyna çenli ýetýän ýagyn suwlary zerarly, köçelerde pyýadalaryň we ýeňil ulaglaryň hereketi çäklendi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji maýda sebitden maglumat berdiler.

“Günortana çenli ýagan ýagyş iki sagat arakesmeden soň, sagat 16:30 töwereginde gaýtadan güýçli ýagyp başlady. Munuň yz ýanynda, Balkanabadyň köçelerinde we etrapçalarynda ýagyn suwlary, hamana, derýa bolup akdy” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, şäher infrastrukturasynyň çäklerinde gurlan we köçelerdäki sil suwlaryny sorup, olaryň akyp gitmegine niýetlenen lagym turbalary we beton kiçi kanaljyklar ýagyn suwlaryny sorup ýetişmedi.

“Köçelerden pyýada geçmek tas mümkin bolmady, kiçi awtoulaglaryň köpüsi hem ýöräp bilmedi. Orta mekdepde okaýan çagalar öýlerine suwuň içinde ýöräp gitmeli boldular” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

“Hajathanalardan goýberilýän hapa suwlar daşyna çogdy”

Şäheriň 208-209-njy kwartallarynda, ýagny 5-nji etrapçada bolsa, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda lagym turbalaryndaky suwlaryň çogmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy.

“Jaýlaryň birinji gatynda ýaşaýan hojalyklaryň hammamlaryndan we hajathanalaryndan goýberilýän hapa suwlar wagtynda gidip bilmän, daşyna çogdy. Şeýle-de, ýerzeminlerde ýygnalan suwlar jaýlaryň binalarynyň käbirinde jaýryk emele getirdi” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Çagalar baglarynyň tas ählisinde terbiýeçilerden ýagşyň suwy azalyp, ene-atalar çagalaryny almana gelýänçä, iş ýerlerinde goşmaça iki-üç sagat bolmak talap edildi.

“Biz agşam sagat 8-e çenli iş ýerimizde bolduk” diýip, balkanabatly terbiýeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýyş jaýlarynyň aglaba bölegini bir gatly hojalyk jaýlary emele getirýän Jebel ýaşaýyş toplumynda hem köçeleri, söwda dükanlaryny doly diýen ýaly suw basdy.

“Jaýdan gaýykly çykmasaň çykyp bolmady”

“Biziň jaýlarymyzdan gaýykly çykmasaň çykyp bolmady. Dükanlaryň ýerde örülip goýlan un, şeker we däneli önümlerini suw basyp, bir giden zaýaçylyk boldy” diýip, jebelli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýjylar sebitiň ýangyn söndüriji gullugyna degişli suw sorujy ulaglaryň ilkibada döwlet edaralarynyň gapysyndaky suwlary sordurmak işlerine çekilendigini hem belleýärler.

Sebitde ýagan güýçli ýagşyň yz ýanynda, Bereket etrabyna, hususan-da, dag etek obalaryna sil suwlary geldi. Bereketli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, sil suwlary köp hojalyga zyýan ýetirdi.

Mundan başga-da, Balkanabatda we Bereketde sil suwlary ekerançylyk ýerlerine hem zyýan ýetirdi. Ýaňy ýerden çykyp, gögerip başlan gowaçalar ýagyn suwunyň aşagynda galdy.

“Gowaçany gaýtadan ekmeli bolar”

“Daýhanlar uly zyýan çekýär. Iýun aýyna sanlyja gün galanda, köp pagtaçy kärendeçi gowaçany gaýtadan ekmeli bolar” diýip, balkanly daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, sebitde ilatyň Internet üpjünçiligi hem ýaramazlaşdy. Mobil we öý Internet üpjünçilikleri, şeýle-de VPN ulgamlary ençeme sagatlap işlemegini bes etdi.

Şol bir wagtda, üpjünçiligiň gaýtadan dikeldilmegi bilen, sil suwlary we onuň ýetiren zyýanyny görkezýän wideolar we suratlar TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň türkmen ulanyjylary tarapyndan giňden paýlaşylyp başlandy.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri ýurduň günbatar welaýatynda bolan tebigy hadysa we munuň ilata ýetiren täsirleri barada kelam agyz söz aýtmaýar.

Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 17-18-19-20-nji maýda efire berlen sanynda, ýurduň dürli sebitlerinde “ýagşyň ýagyp, şemalyň öwsüp, ýyldyrym çakmagyna garaşylýandygy” aýdylsa-da, adatdan daşary howa hadysasy barada hiç zat aýdylmaýar.

“Güýçli ýagyş ýagmagynyň ähtimallygy dowam eder”

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 19-njy maýda çap eden maglumatynda 20-21-nji maýda Ahal, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynyň käbir ýerlerinde güýçli ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrym çakmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

“Köpetdagyň daglyk we dag etek ýerlerinde 15-30 mm-e çenli ýagyş ýagmagy mümkin. Käbir ýerlerde ýel 12-17 m/s çenli güýçlener. 22-23-nji maýda güýçli ýagyş ýagmagynyň ähtimallygy dowam eder” diýlip, maglumatda bellenýär.

Türkmenistanda güýçli ýeliň we duzly tupanlaryň turmagy, uly buz bölekleriniň ýagmagy, güýçli ýagyşlar we suw joşmalary ýaly adatdan daşary tebigy hadysalar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanýar.

Aşgabatda we Ahalyň käbir etraplarynda 18-nji maýda uly buz bölekleri ýagdy. Şeýle-de, Ahalyň we Marynyň çäklerinde buz garyşykly güýçli ýagyş ýagdy. Bu tebigy hadysalar awtoulaglara, miweli agaçlara we hususan-da, ekin meýdanlaryna we gök-bakja ekinlerine güýçli zyýan ýetirdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG