Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada Gazagystan-Owganystan işewürlik forumy geçirilýär


Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangharin. Arhiw suraty
Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangharin. Arhiw suraty

Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangharin 3-nji awgustda Gazagystan-Owganystan işewürlik forumyny açdy we Astana Kabuldaky hökümeti dolandyrýan “Talyban” söweşijilerini "terrorist" hasaplasa-da, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar "möhüm" diýdi.

"Men Gazagystanyň Owganystanyň garaşsyz, bitarap, bitewi, parahatçylykly, demokratik we gülläp ösýän ýurt hökmünde mundan beýläk-de ösmegini isleýändigini ýene bir gezek aýtmak isleýärin. Biz Owganystan bilen arada döredilen söwda, ykdysady, transport, logistika we energiýa hyzmatdaşlygyny saklamak isleýäris" diýip, Žumangharin aýtdy.

Gazak paýtagtynda geçirilýän üç günlük foruma Owganystandan 200-den gowrak wekil geldi. Gazak häkimiýetleri bu çärä ýygnananlaryň köpüsiniň telekeçilerdigini aýtdy.

Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Kanat Tumyş hepdäniň başynda bu forumyň Gazagystanyň “Talyban” baradaky resmi pozisiýasyna täsir ýetirmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG