Şu günler Balkan welaýatynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, köçelerdäki polisiýa işgärleriniň sany artdyryldy. Awazanyň myhmanhanalarynda dynç alýan myhmanlar “öýlerine kowuldy”. Şeýle-de, Türkmenbaşy şäheriniň howa mezilinden Awaza çenli aralykda ýoluň ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň prezidentleriniň suratlary asyldy.
Bu çäreleriň ählisi Balkanyň häkimiýetleriniň öňümizdäki aýyň ilkinji ongünlüginde Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelerine görýän berk taýýarlyklarynyň çäginde amal edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Türkmenbaşyda we Awazada berk taýýarlyklar başlandy. Esasy köçeleriň ählisi arassalanyp, olarda abatlaýyş işleri geçirilýär. Howa mezilinden Awaza çenli aralykda Russiýanyň prezidenti Putiniň, täjik prezidenti Rahmonyň, gyrgyz prezidenti Japarowyň, özbek prezidenti Mirziýoýewiň we gazak prezidenti Tokaýewiň suratlary ýerleşdirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkany ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, bu ýoluň ugrunda uly arkalaryň dört sanysy guruldy. Bularyň ýüzünde we bu ýoluň ugrunda rus, gazak, gyrgyz, özbek we täjik dillerinde ýazylan dürli şygarlar asyldy.
“Bularyň ählisi oktýabryň başynda geçjek halkara çärelerine görülýän taýýarlyklaryň bir bölegi” diýip, kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz anonimlik şertinde aýtdy.
"Ýurduň çar tarapyndan polisiýa işgärleri getirildi"
Bellesek, 8-nji oktýabrda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.
“Bu çärelerden öň, 7-nji oktýabrda agzalýan ýurtlaryň premýer-ministrleri derejesindäki duşuşygyň hem geçirilmegine garaşylýar. Şeýle-de, Merkezi aziýanyň käbir meşhur aýdymçylaryna Türkmenistanyň at gazanan we halk artistleri diýen hormatly atlary dakmagy hem meýilleşdirýärler” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmen häkimiýetleriniň bu çärelere görýän taýýarlyklary bular bilen çäklenmeýär. Türkmenbaşyda we Awazada howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, köçelerdäki polisiýa işgärleriniň sany artdyryldy.
“Bular ýurduň çar tarapyndan, ýagny beýleki dört welaýatdan getirilen polisiýa işgärleriniň hasabyna amal edildi. Soňky günlerde polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndan we beýleki howpsuzlyk ofiserlerinden ybarat ýüzlerçe gullukçy Türkmenbaşa we Awaza getirildi” diýip, kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz aýtdy.
Halkara çärelerine görülýän taýýarlyklar Awazada dynç almaga baran syýahatçylara hem oňaýsyz täsir ýetirdi. Myhmanhanalarda dynç alýan myhmanlar “öýlerine kowuldy”.
Myhmanlar çykarylýar, arassaçylyk işleri batlanýar
“Geçen hepde Awaza gelen raýatlara 1-nji oktýabrdan myhmanhanalardan çykjakdyklary barada dil haty alnyp, oňa gol çekdirildi we olary myhmanhanalara kabul etdiler. Ýöne 28-nji sentýabrda ‘ýokardan tabşyryk geldi we daşary işler ministri hem taýýarlyklaryň gidişini barlamak üçin Awaza geldi’ diýlip, ähli otellerdäki myhmanlary 28-nji sentýabrda agşama çenli doly kowdular” diýip, ýagdaýlardan habarly myhmanhana işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Öýlerine gaýtmaga mejbur bolan myhmanlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, myhmanhana işgärleri bu çäreleriň “howpsuzlyk maksadynda amal edilýändigini” aýtmak bilen çäklendiler.
Syýahatçylaryň myhmanhanalardan çykarylmagy bilen, sebitde arassaçylyk we abatlaýyş işleri hem batlandy. Bu işler şäheriň Jemagat hojalygy gullugynyň tas ähli işgärleri tarapyndan amal edilýär.
“Arassaçylyk işgärleri tomusky dynç alyş möwsüminde deňiz gyrasynda üýşen zir-zibilleri, şol sanda plastmas çüýşeleri, haşal otlary arassalaýarlar. Olar gije-gündiz diýen ýaly işleýärler. Şeýle-de, Awazanyň esasy köçesiniň asfaltlary mazut bilen garaldylýar we ak reňkdäki ýol çyzyklary täzelenýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, “Watançy” myhmanhanasynyň töweregindäki boş meýdanda dürli sergileri görkezmek üçin taýýarlyk görülýär. Bu ýerde emeli fasadlary, taryhy gara öýleri gurýarlar we palma şekilindäki agaçlary oturdýarlar.
“Ilaty kösemegiň nobatdaky tapgyry”
“Şeýle-de, ‘Awaza’ söwda merkeziniň daşynda we içinde güýçli depginde abatlaýyş we arassaçylyk işleri geçirilýär. 5-nji oktýabra çenli söwda merkeziniň içini bol harytlar bilen doldurmak, daşky yşyklandyryşyny, hamala, ‘led ekran’ bilen bezemek işleri alnyp barylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly tükmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Türkmenbaşynyň we Awazanyň häkimliklerinden teswir almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 29-njy sentýabrda bu edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine jogap beren wekiller özleriniň bu ýagdaýlar barada hiç zat aýdyp bilmejekdiklerini belläp, söhbetdeşligi soňlandyrdylar.
Türkmen häkimiýetleri adatça ýurtda, şol sanda Awazada geçirilýän iri çärelere, şol sanda halkara forumlara we sammitlere uly taýýarlyk görýärler. Taýýarlyklaryň çäginde howpsuzlyk güýçlendirilip, arassaçylyk işleri batlandyrylýar, myhmanhanalardaky myhmanlar çykarylyp, öýlerine ugradylýar.
Resmi media halkara çäreleri “döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edilýän tagallalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany” hökmünde häsiýetlendirýär. Ýöne oňa görülýän taýýarlyklaryň jikme-jiklikleri we ilata ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgamaýar.
Türkmenistanlylaryň, şol sanda balkanlylaryň ençemesi bu çäreleri “ilaty kösemegiň nobatdaky tapgyry” atlandyryp, azyndan 10 gün öňünden başlanýan taýýarlyklar zerarly özleriniň bir giden kösençlikler, şol sanda köçeleriň bölekleýin ýapylmagy we hereket çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum