Türkmenistanda işsizlik, garyplyk ýaly agyr ykdysady problemalaryň arasynda aýal-gyzlar üçin iş tampagyň we zähmet çekmegiň şertleri agyrlaşýar, şol sanda olar jynsy gatnaşygyň teklip edilmegi ýaly ýagdaýlara duçar bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle ýagdaýlaryň ýoň bolandygyny we köp göze ilýändigini habar berýärler.
Soňky döwürde iş beriji erkek adamlar tarapyndan gyz-gelinlere iş ýerlerini saklamak üçin jynsy gatnaşykda bolmagy soraýanlar köpeldi diýip, habarçylar bu ýagdaýyň köp edarada, uly-kiçi kärhanada göze ilýändigini bellediler.
"Has hem hususy kärhanalaryň başlyklary, telekeçiler öz dükanlarynda işleýän ýaş gelin-gyzlara ilki lak atyp görýärler, eger zenan ony kabul etmese, ýagny göwün bermese, onda göni gezeli diýýärler. Eger-de zenan işgär bu sözüne göni 'ýok, men beýle iş etmeýän diýse' onda dürli bahanalar bilen işden çykarylýar" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Aşgabadyň egin-eşik dükanyna işe girip, soň jynsy gatnaşyk teklibi sebäpli işden çykmaly bolan gyz öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
"Hususy dükana egin-eşik satyjysy bolup işe girip, ýaňy işläp başladym. Soňra başlyk 'täze haryt gelýär' diýip, meni beýleki işgärlerden soň işde galdyrardy. Gitmeli wagtymdan has gijiräk işleseň aýlygyň üstüne 400 manat artyk berjek diýdi. Meniň kelläme üýtgeşik pikir gelmedi, bolýar diýip galardym" diýip, geçen ýyl orta mekdebi gutaran gyz öz ýagdaýyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny agzamazlyk şerti bilen gepleşen gyzyň gürrüň bermegine görä, soňra goşmaça işe başga-da bir teklip goşulypdyr.
"Birinji galan wagtlarym ol kän maňa hiç zat diýmeýärdi. Soňra bolsa ol işleýän wagtym bilime elini goýup başlady. Men oňa 'beýtmäň' diýip halamaýandygymy duýdurdym, emma ol ikimiz bile ýaşaly' diýip, açyk aýtdy" diýip, gyz soňra şuňa meňzeş ýene birnäçe ýagdaýyň gaýtalanandygyny we netijede özüniň işe barmazlyk kararyna gelendigini gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ol bu barda öz maşgalasyna aýdyp bilmändir.
"Öýdäkilere hem bolan wakany aýdyp bilmedim. Indi men işe girmäge gorkýaryn" diýip, 18 ýaşyndaky gyz öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Işsizlik, garyplyk ýaly agyr ykdysady problemalar ýurduň raýatlarynyň ençemesini iş şertlerine kaýyl bolmaga mejbur edýär, şol sanda maddy taýdan agyr ýagdaýa düşen aýal-gyzlaryň käbiri üçin gazanç çemesini ýitirmek howpy çykgynsyzlyk döredýär.
"Ýaşajyk gyzlaryň we gelinleriň arasynda işlerini ýitirmejek bolup, başlyklary bilen gezýänler hem bar. Gowy durmuşda ýaşadar diýen umydy bilen ýoluny ýitirýänler hem az däl" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
'Muny hiç kime aýdyp bolmaýar'
Habarçylaryň sözlerine görä, gelin-gyzlar özlerine edilýän şeýle basyşlar barada köplenç öz ýakynlaryna gürrüň berip bilmeýärler we ýüzbe-ýüz bolan problemasy bilen ýeke galýarlar.
"Munuň sebäbi ilki bilen ahlaksyz erkekleri günäkärlemän, gyz-gelinleri günäkär edýärler. 'Seň görnüşiň, geýinişiň yeňil gyzlar ýaly' diýen sözler köp aýdylýar. Şeýlelikde, aýal maşgala günäkär edilýär, ýöne olara her ýerde edilýän 'jynsy teklipler' barada her kim diýen ýaly bilýär, emma dymylýar we görmezlige salynýar" diýip, çeşme aýdýar.
Türkmenistanda wezipeli adamlaryň we güýç edaralaryň işgärleriniň öz wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, aýal-gyzlara basyş etmek, şol sanda olary jynsy gatnaşyklara çekmek üçin ulanmagyna degişli köpsanly ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we garaşsyz media serişdeleri ençeme gezek habar beripdi.
Emma bu problema, ilatyň gündeki durmuşyna degişli beýleki derwaýys meseleleriň ençemesinde bolşy ýaly häkimiýetler we döwlet mediasy tarapyndan gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum