Sebitdäki çeşmeler Balkanabat şäheriniň merkezi etrapçalarynyň käbirinde öý internetleriniň GPON kabelleriniň geçirilendigini, ýöne güýçlendirilen aragatnaşyk hyzmatynyň ýetjek raýatlara deň gözde paýlanman, MHM-niň dürbüsinden seredilip, diňe 'arassa' adamlara berilýändigini aýdýarlar.
Bu maglumat Aşgabadyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişini ýene bir gezek ara alyp maslahatlaşan wagtynyň yz ýanyndan geldi.
GPON interneti, açyk çeşmelerde aýylmagyna görä, passiw optiki bölüjileri ulanyp, aşaky akymda takmynan 2,4 Gbit/s we ýokarky akymda 1,2 Gbit/s tizlik bilen maglumat iberýän süýümli optiki giriş tehnologiýasy bolup, ITU-T G.984 standarty diýip kesgitlenen.
Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan deňsizlik
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, “Güýçlendirilen GPON interneti şäher ilatynyň diňe döwlet tarapyndan saýlanan böleginiň öýlerine geçirmäge rugsat berilýär”, ýöne bu aýdylýany resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýar.
“GPON internet paýlaýjy bloklaryny ornaşdyrdyk, ýöne bu ähli adamlar üçin däl, ýokardan berlen tabşyryga görä, [ondan peýdalanýanlaryň] milleti hökman türkmen bolmaly” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
“GPON internetini milleti rus, ermeni, azeri, gazak azlyklaryna degişli bolan adamlara geçirip bermek ýokardan gadagan edildi, bu internet daşary ýurtlarda, ylaýta-da maşgala agzalary Ýewropada, Orsýetde işleýän adamlara hem çekilmeli däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Güýçlendirilen internet ulanjak adamlardan edilýän ýene bir talap bolsa, olaryň maşgalasy ‘arassa bolmaly’, ýagny, ýokary internet hyzmatyny aljagyň üç arkasynda jenaýat edip, iş kesilen we türmä düşen adam bolmaly däl.
Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň aýry-aýrylykda aýtmaklaryna görä, şäherde ulanyşa girizilen GPON kabelleri we stansiýasy ‘deň-derman paýlananda-da, sebit paýtagtynyň ilatynyň bary-ýogy 5 göterimine ýeter we bu ýaşaýjylaryň internet meselesinde ösýän isleg-talaplaryny ödärden gaty bärde’.
“Şu günler aragatnaşyk merkezine gaty kän adam ýüz tutýar, ummasyz para hödürleýänler hem bolýar, ýöne ýokary tizlikli internet häzirlikçe diňe ýokardan edilen talaplar esasynda, diňe saýlanan adamlara çekilýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen aragatnaşyk işgäri aýtdy.
"Adamlar nägile bolup gidýär"
Onuň sözlerine görä, GPON interneti üçin 20 müň manat möçberinde para hödürleýänler hem bar.
“Ýakyny daşary ýurtlarda zähmet çekýän ýa-da milleti rus, ermeni bolan adamlara, beýleki etniki azlyklaryň wekillerine özümizden edilýän talaplary düşündirýäris, olar gaty nägile bolup gidýärler” diýip, welaýat aragatnaşyk bölüminiň hünärmeni aýtdy.
Azatlyk çeşmäniň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.
Habarçymyz bilen gürleşen balkanlylaryň biri internet kynçylyklaryndan käýinip, bu ýagdaýy hökümetiň hem özüne, hem raýatlara ynamsyzlygy, öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyzlygy bilen baglanyşdyrdy.
“Hökümetimiz internetden gorkýar… dünýewi döwlet bolmak isleýär, bitarap ýurt, halkara guramalara goşulmak isleýär, ýöne kimdir biri prezidente ýa-da [onuň] kakasyna ýalňyş maslahat berýär. Internete, hamana, duşman ýaly seredip, her bir raýatdan şübhelenýärler. Halk 7 milýon töweregi boldy, ýöne [döwlet] halkyny öz duşmany hasaplaýar, ne internet, ne söz erkinligi bar, ähli zat vpn üsti bilen.”
Azatlyk ýurduň Aragatnaşyk ministrliginiň resmileri, beýleki emeldarlar bilen habarlaşyp, saklanyp galýan internet meseleleri, raýatlaryň kanunda kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň yzygiderli çäklendirilişi barada aýdylýanalara hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Şol bir wagtda, synçylylaryň köpüsiniň ynanjyna görä, Türkmenistan dünýäde iň berk gözegçilik edilýän onlaýn gurşawly, raýatlarynyň syýasy, ykdysady, medeni azatlyklaryny ýowuz çäklendirýän ýurtlaryň biri bolmagynda galýar we öz kanunlaryny bozmagyny dowam etdirýär.
Esasy kanunyň 28-nji maddasy näme üçin bozulýar?
Esasy kanunyň 28-nji maddasynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, ...adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Azatlygyň habarçylary geçen aýyň başynda häkimiýetleriň sosial ulgamlarda hökümeti tankytlanlaryň soraga çekilýändigini, başga pikirlilere edilýän basyşlaryň güýçlenýändigini habar berdiler.
Bu ýagdaýlar Türkmenistany sebitde ilaty iň az internet ulanýan, maglumata iň berk gözegçilik edýän ýurtlaryň arasynda galdyrýar.
Serhetsiz habarçylar guramasy 2026-njy ýylyň Bütindünýä Metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistany 180 burduň arasynda 173-nji ýerde goýdy.
Emma muňa garamazdan, daşary işler ministri Raşid Meredowyň 25-nji iýulda eden çykyşynda Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmäge ygrarlylygy ýene bir gezek tekrarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum