Balkan welaýatynda orta bilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylary we Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, şeýle-de bu bilim edaralarynyň mugallymlary mejbury zähmete çekilýärler.
Olar köpçülikleýin häsiýetde pagta meýdanlaryna äkidilip, gowaçany ýekelemek we otag işlerini berjaý etmäge mejbur edilýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Balkanabat şäheriniň we onuň töweregindäki mekdepleriň 12-nji synp okuwçylary, Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlar esasan Bereket etrabyndaky pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär. Olar awtobuslarda äkidilip, irden sagat 7-den agşam 7:30-a çenli mejbury zähmete çekilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Mugallymlaryň we okuwçylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, Balkanabatdaky 1-nji, 2-nji, 19-njy, 20-nji we 28-nji mekdepleriň ýolbaşçylary 12-nji synp okuwçylar üçin okuw kitaplaryň aglabasynyň ýokdugyny tassyklap, mejbury zähmeti “ýaşlara hünär öwretmek tagallalary” atlandyrýarlar.
“Ýaşlara zähmet öwretmek” bahanasy bilen...
“Mundan başga-da, mekdep ýolbaşçylary 12-nji synp okuwçylaryň aglabasynyň 18 ýaşyna ýetendigini hem nazarda tutup, özleriniň mejbury zähmetini pagta ýetişdirýän kärendeçi daýhanlara ýardam berýändikleri bilen hem düşündirýärler” diýip, balkanabatly ýene bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, welaýat Bilim müdirligindäki çeşmämiz bilim resmileriniň “ýaşlara zähmet öwretmek” bahanasy bilen, okuwçylary, talyplary we mugallymlary Bereket etrabynda döwlet emeldarlaryna ýakyn adamlara degişli pagta meýdanlarynda mejbury zähmete iterýändigini aýdýar.
“Ýerli häkimiýetleriň dilden beren tabşyrygy esasynda olar 250 gektar çemesi ýeri tutýan bu pagta meýdanlarynda mugt işlemeli edildiler. Şu hepdäniň başynda başlan bu mejbury zähmetiň aýyň soňuna çenli dowam etmegine garaşylýar. Okuwçylar, talyplar we mugallymlar Güne ýanyp, Günüň aşagynda günde azyndan 10 sagat işlemeli bolýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.
Bu aralykda, Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň birnäçe talyby anonimlik şertinde beren maglumatynda pagta meýdanlaryna gitmek islemeýän studentleriň her birinden gününe 60 manat pul tabşyrmagyň talap edilýändigini aýtdy.
“Gurply hojalyklaryň çagalary gününe 60 manat pul berip, pagta meýdanlaryna gitmeýärler. Ýöne beýle talyplaryň sany az” diýip, balkanabatly talyp anonimlik şertinde aýtdy.
Galyberse-de, bilim resmileri okuwçylara we talyplara, okuw ýylynyň tamamlanmagyna az wagt galandygyny ýatladyp, mejbury zähmete nägilelik bildirýänlere synaglarda ýaramaz bahalaryň goýuljakdygy barada haýbat atýarlar.
Haýbatlar we basyşlar...
“Mekdep ýolbaşçylary ýene iki aýdan hem az wagtda mekdebi doly tamamlajak 12-nji synp okuwçylaryň ýagdaýyndan peýdalanýarlar we olara basyş edýärler. Talyplara hem synaglarda ýaramaz baha goýuljakdygy barada haýbat atylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden, şeýle-de agzalan mekdeplerden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji maýda bu edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmen kanunçylygy ýurtda çaga we mejbury zähmeti gadagan edýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy hem maslahatlaşýarlar.
Muňa garamazdan, ýurtda çaga zähmetinden peýdalanmak we mejbury zähmet tejribesi onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýar. Býujet edaralarynyň işgärleri, okuwçylar we talyplar mejbury çärelere, şol sanda mejbury arassaçylyk we oba hojalyk işlerine yzygiderli çekilýärler.
Balkandan gelip gowşan soňky maglumatlar, Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň ençemesinde mekdep okuwçylarynyň, şol sanda 9-10 ýaşly çagalaryň ýüpek gurçugyny arassalamak işlerine köpçülikleýin çekilýän mahalyna gabat geldi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýyllarboýy habar berilýän ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum