Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda Täze ýyl çäresini geçiren bilim işgärleri MHM tarapyndan soraga çekildi


Türkmenistanyň häkimiýetleri şu ýyl ýurt boýunça Täze ýyl baýramyna garşy gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň birnäçesini girizdiler. (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň häkimiýetleri şu ýyl ýurt boýunça Täze ýyl baýramyna garşy gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň birnäçesini girizdiler. (Arhiw suraty)

Balkanda Täze ýyl baýramçylygyna garşy dilden berlen görkezme esasynda girizilen gadagançylyklaryň berjaý edilşine gözegçilik güýçlenýär. Türkmenbaşy şäheriniň çagalar baglarynda gadagançylygy bozan bilim işgärleri kanun goraýjy edaralar tarapyndan soraga çekilip, jerime tölemäge mejbur edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“27-nji dekbarda Türkmenbaşynyň 2-nji, 3-nji, 10-njy we 23-nji çagalar baglarynda, dilden berlen gadagançylyga garamazdan, Täze ýyl ertirlik çäresi geçirildi. Sagat 9:00-da başlan çäre 10:30-da tamamlandy. Munuň yzysüre, Milli howpsuzlyk ministrliginiň şäherdäki edarasy mekdebe çenli bilim edaralarynyň gadagançylygy bozandygy barada welaýat MHM edarasyna habar berdi” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu wakadan soň, çagalar baglarynyň müdirleri welaýat bilim we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan Balkanabat şäherindäki merkezi MHM edarasyna çagyryldy.

“Kanun goraýjylar olary Täze ýyl baýramçylygyny diňe welaýat derejesinde bellemek barada ýurt boýunça ýokardan berlen tabşyryga boýun bolmazlykda aýypladylar. Bilim işgärlerinden dil hat alnyp, olar jerime tölemäge mejbur edildi” diýip, bilim işgäri jerimäniň möçberini anyklap bilmändigini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, çagalar baglarynyň müdirlerine wezipelerinden boşadylmak ähtimallygynyň bardygy duýduryldy. Azatlyk müdirleriň soňky ykbaly barada häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Redaksiýamyzyň bu ýagdaýlar barada agzalýan çagalar baglaryndan, MHM-niň ýerli edarasyndan we sebitiň Bilim müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Bu aralykda, çagalar baglarynyň birnäçe terbiýeçisi özleriniň ene-atalaryň haýyşy boýunça Täze ýyl ertirlik çäresini geçirendiklerini, körpeler üçin sowgatlaryň ene-atalar tarapyndan getirilendigini aýtdy.

“Bu çäre ýurduň býujetine, şol sanda bilim edaralarynyň býujetine hiç hili täsir etmedi” diýip, türkmenbaşyly bilim işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri şu ýyl ýurt boýunça Täze ýyl baýramyna garşy gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň birnäçesini girizdiler. Ýurduň sebitlerinde döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirildi, ozal oturdylan täze ýyl arçalarynyň aglabasy sökülip aýryldy.

Balkanabatdaky welaýat häkimliginiň binasynyň öňünde dikilen täze ýyl arçasy hem söküldi. Şäheriň diňe iki ýerinde, ýagny Ak öýüň we welaýat kitaphanasynyň öňünde täze ýyl arçasy saklanyp galdy. Mundan ozal, edara-kärhanalaryň tas ählisiniň öňünde täze ýyl arçalary dikilýärdi.

Ýurduň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda arçaly dabaralar we ene-atalaryň gatnaşmagynda çaý içmek oturylyşyklary gadagan edildi.

Balkan welaýatynda din wekilleri ilat arasynda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işerini güýçlendirdiler.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada köpçülige aç-açan maglumat ýa düşündiriş bermän gelýärler.

Resmi media hem, Aşgabatda Täze ýyla bagyşlanan ençeme çäräniň, şol sanda konsertleriň geçirilip, teatr sahnalarynyň gurnalandygyny habar berýär. Ýöne Täze ýyl baýramçylygy bilen bagly ýurduň welaýatlarynda girizilen gadagançylyklar we çäklendirmeler barada hiç hili maglumat bermeýär.

Ýagdaýlara syn edýän balkanlylar bu çäreleriň Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda prezidentlige girişmegi bilen başlandygyna ünsi çekip, munuň döwlet baştutanynyň “dini garaýyşlary bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny” çaklaýarlar.

Balkan welaýat häkimligindäki çeşmämiz häkimiýetleriň ýurtda Täze ýyly bellemek däbini tapgyrlaýyn esasda çäklendirip, öňümizdäki üç ýylyň dowamynda doly ýatyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

“Bu gadagançylyklar prezidentiň hut özüniň dilden beren tabşyryklary bolup, häkimiýetler Täze ýyl baýramçylygyny bellemek däbini 2026-njy ýyla çenli doly ýatyrmagy göz öňünde tutýarlar” diýip, häkimlikdäki çeşmämiz belledi.

Türkmenistanda ilatyň aglaba köplügi Täze ýyly esasy maşgala baýramçylygy hasaplaýar we höwes bilen belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG