Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda Täze ýyl arçalarynyň köpüsini aýyran häkimiýetler ýene birini dikdi


Täze ýyl baýramçylygy üçin bezelen köçe, Aşgabat. (Arhiw suraty)
Täze ýyl baýramçylygy üçin bezelen köçe, Aşgabat. (Arhiw suraty)

Türkmenabatda Täze ýyl arçalarynyň daşynda başagaýlyk dowam edýär. Şu aýda ýerli býujet işgärlerinden pul ýygnalyp, şäheriň ähli ýerlerinde dikilen arçalar gyssagly sökülip aýryldy. Emma indi ýene bir Täze ýyl arçasy gaýtadan dikildi. Soňky ýagdaýlar barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy maglumat berýär.

Täzeden dikilen we bezelen altynjy arça Türkmenabadyň şäher seýilgähinde döwlet baýdagynyň ýanynda ýerleşdirildi. Täze ýyl arçasyny gyssagly oturtmak we bezemek işleri 14-nji dekabrda sagat 13:00 we 16:00 aralygynda üç sagadyň içinde geçirildi. Bu işe şäheriň jemagat gulluklarynyň işgärleri çekildi. Olar üç sany ulagyň ýörine awokranlaryny ulanyp, arçany bezediler.

Edil şol günüň agşamy Türkmenabatda Täze ýyl baýramçylygyna resmi badalga berildi. Resmi çäreleriň çäginde şäherdäki ähli bezelen arçalaryň yşyklary ýakyldy.

"Başda Lebap welaýat kitaphanasynyň öňünde oturdylan arçanyň yşyklary ýakyldy, yzýany ýaňky baş baýdagynyň golaýynda gyssagly dikilen 6-njy arçnyň yşyklary ýandy, yzýany Ak öýüň öňündäki arçanyň yşyklary ýakyldy" - diýip, habarçy gürrüň berdi.

Bu çäreleriň ählisi telewideniýede görkezmek üçin wideo düşürildi. Türkmenistanda telewideniýede görkeziljek reportažlar üçin çäreler ýörite guramalaşdyrylýar we adatça has öňünden ýazga alynýar.

"Bu arça has bezegli, ol has wajyp sebäbi baş baýdagyň aşagynda ýerleşýär. Bu ýerde döwlet gimni bilen baýdak galdyrylar we telewideniýe üçin wideo alnar. Soň 1-nji ýanwarda görkeziler. Şonuň üçin bu arçany gyssagly dikdiler" diýip, ýerli jemagat gullugynyň işgärleriniň biri aýtdy.

Türkmenabatda şu aýyň başynda arçalaryň ençemesi dikilipdi. Munuň üçin býujet işgärleriniň aýlyklaryndan pul ýygnalypdy.

Häkimiýetleriň tabşyryklary boýunça her bir edara-kärhananyň öňünde Täze ýyl agajy dikilip, bezeldi. Hatda ýollaryň ugrunda ösüp duran arçalar hem bezeldi. Birden, az wagt geçip-geçmän bezegler aýryldy we agaçlar ýok edildi.

Şondan soň şäherde diňe 5 Täze ýyl agajy galdy.

Altynjy arçanyň dikilmeginiň sebäbini Türkmenabadyň häkimliginiň resmilerinden anyklap bolmady. Emma ýagdaýdan habarly çeşmeler munuň sebäbini Täze ýyl baýramçylygyny bellemek boýunça resmi çärelerde göz öňünde tutulan planlar bilen düşündirýärler.

"Türkmenabadyň Demirgazyk böleginde Bitarap Türkmenistan köçesinden ýöriş geçirdiler. Oňa aýaz baba we býujet işgärleri, student ýaşlaryň tas hemmesi, ýaş çagalar gatnaşdylar. Aýaz babaly topar köçeden ýöräp geçdi. Bu dabaralar telewideniýede görkeziler" diýip, ýerli habarçymyz gürrüň berdi.

Bu taýýarlyklar we telewideniýe üçin geçirlen çäreler Türkmenabadyň ýaşaýjylaryna we şäheriň üstünden awtoulagly geçýän ýolagçylara täsir ýetirdi, ýollaryň beklenmegine we uly dyknyşyklaryň emele gelmegine sebäp boldy.

"Türkmenabatda şäheriň demirgazygyndan tä günortasyna çenli uzap gidýän birnäçe ýol bar. Bitarap Türkmenistan, Saparmyrat Nyýazow şaýollary we ýük ulaglar üçin Azatlyk ýoly parallel barýar. Bitarap Türkmenistan ýoly Täze ýyl çäreleri üçin doly ýapylanda, beýlekileri awtoulaglardan doldy. Ýol gözegçilik polisiýasy köçede durup, hereketi düzgünleşdirmäge çalyşsa-da, dyknyşyklar uzap gitdi" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Türkmenistanda maşgala baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýän Täze ýylyň öňüsyrasynda we dowamynda ýurt boýunça resmi çäreleriň ençemesi geçirilýär, oňa býujet işgärleri, studentler we okuwçylar mejbury gatnaşdyrylýar. Şeýle-de, häkimiýetler ilatyň baýramçylygy belleýşine gözegçilik etmäge çalyşýar. Soňky ýyllarda býujet edaralarynda öz işgärlerine Täze ýyly kafe-restoranlarda bellemezlik we hatda öýlerine şagalaňly oturyşlyk guramazlyk we üýşmeleňe gatnaşmazlyk tabşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG