Balkan welaýatynda hojalyklarynda towuk saklaýan ýaşaýjylar we towuk ýetişdirip, girdeji alýan fermerler uly zyýana galýar. Öý guşlary näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy we birnäçe çeşmesi sebitdäki ýagdaýy habar berýär.
"Towuk ketekler soňky günlerde boşap galdy" diýip, balkanly çeşmeleriň biri 14-nji oktýabrda gürrüň berdi. "4-nji oktýabrda ir sagat 11-e çenli towuklarymdan diňe 30 sanysy galdy, galany haram öldi" diýip, ol sözüne goşdy.
Towuk saklaýan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, towuklara ýokaşan hassalygynyň nämedigine hiç kim düşünmeýär, bu ýagdaý olaryň aladasyny artdyrýar.
"Adamlaryň näbelli keselden aladasy artdy" diýip, balkanly ýene bir ýaşaýjy aýdýar.
Towuklaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýyň uly bolmadyk hojalyklarda ýüze çykypdyr. Öý guşlaryny ýitiren hojalyklarda saklanan towuklaryň sany 50-den 2000 aralygyndady.
"Kiçi hojalyklar melleginde, howlusynda, hususy öýünde towuk ketek gurup, öz-özüni üpjün etmek üçin birnäçe müň towuk ýetişdirip satýardy. Käbir maşgalalar öz gapysynda 50 ýa-da 100 sany towuk bakyp, güzeran edýärdi" diýip, balkanly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş şäher we oba ýaşaýjylary günbatar sebitiň dürli ýerlerinde haram ölýän guşlaryň sanyny 90% diýip kesgitlediler.
"Oktýabr aýy agyr geldi, näbelli, ýokaşan towuk hassalygy tas 90 göterim towuklary gyryp, maşgalalary gazançsyz-güzeransyz goýdy" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.
Ol öz hojalygyndaky ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Howlymda guran towuk ketegimde damaşny usulda 850 töweregi towuk bakardym, ähli waksinalaryny, witaminlerini berip, beýleki oba tebipçilik uslunda towuklary saklap, bäş ýyllap çagalaryma zerur bolan mekdep okuw zerurlyklaryny we güzeran çykdajylarymy üpjün etdim. Ýumurtga, horaz etini satyp, güzeranyma ýetip durdy. Aýyň başynda towuklarym iým iýmäni togtatdy we men weterinar çagyrmaly boldum".
Öý guşlarynyň keseli Balkanabada golaý Jebel we Mollagara obalarynda, şeýle-de Bereket, Esenguly we ýene birnäçe etrapda aralaşypdyr.
"Bu towuklary haram öldürýän wirusa hiç kim düşünip we öwrenip ýetişýänçä, towuklar haram ölýär" diýip, towuk saklaýan ýaşaýjy ýagdaýdan zeýrenýär.
Onuň sözlerine görä, ýerli weterinara ýüz tutulanda, olar keseliň nämedigini we towuklaryň näme sebäpden ölýändigini düşündirip bilmändir: "Weterinar hem näme bolanyny bilmedi. Men ýerlikli, hemişe berýän iýimi berýän. Suwy filtrden geçen we bellenen gyzgynlykda bererdim. Ýabany guşlar arkaly geldimi bilmedim" diýip, balkanly öz hojalygyna zyýan ýetiren ýagdaý barada gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen balkanly weterinar hem bu ýagdaýy tassyklap, towuklaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlaryň tutuş sebitde ýüze çykandygyny aýtdy.
Azatlygyň Balkandaky habarçysy uly towuk fermalaryndaky we sebitde işleýän kärhanalardaky ýagdaý bilen gyzyklandy, emma maglumat alyp bilmedi.
"Uly fermalardan maglumat alyp bolmady, olara towuklary haram öldürýän wirus hakda gürlemezlik ýokardan tabşyrylypdyr" diýip habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanyň telekeçilik portaly - "TMTrade Türkmenistan" websaýtynda towuk önümçiligi bilen bagly kompaniýalar, üpjün edijiler we harytlar bölüminde alty sany iri şirket görkezilipdir. Azatlyk Radiosynyň towuk keseli bilen bagly ýagdaý barada şol kompaniýalardan teswir almak boýunça eden synanyşygy oňyn netije bermedi. Balkan welaýatynyň häkimligine edilen jaňlara hem jogap berilmedi.
Türkmenistanda hojalyklarda towuklaryň we mallaryň haram ölmegi bilen bagfly ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykýar. Häkimiýetler şeýle problemalar barada köpçüligine teswir we düşündiriş bermeýärkä, raýatlar maddy zyýana galýandygyny aýdyp, kynçylyklar bilen öz güýji bilen göreşmeli bolýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum