Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: ilatly ýerlerde sowukda tok kesilýär, ýaşaýjylar üşeýär


Elektrik energiýasyny eksport edýän Türkmenistanda ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi wagtal-wagtal bökdeýär. (Arhiw suraty)
Elektrik energiýasyny eksport edýän Türkmenistanda ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi wagtal-wagtal bökdeýär. (Arhiw suraty)

Mary welaýatynda soňky on gün bäri elektrik energiýasynyň ýaşaýyş jaýlaryndaky üpjünçiligi yzly-yzyna kesilýär. Bu bolsa öýleriň sowamagyna, adamlaryň üşemegine we elektrik enjamlarynyň sandan çykmagyna getirýär.

Sowukda toksuz galýan hojalyklar Mary welaýatynyň ençeme ilatly ýeriniň ýaşaýjylary. Olar 9-njy ýanwardan bäri şeýle ýagdaýda galýar.

"Elektrik togy oňaýly işlemeýär. Günüň dowamynda birnäçe sapar elektrik toguny öçürip ýakýarlar. Bu bolsa tokly tehniki enjamlaryň bozulmagyna eltýär" diýip, maryly ýaşaýjy 19-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda elektrik energiýasy 15-nji ýanwarda garly ýagyş ýaganyndan soň öçürilipdir we iki günläp düýpden bolmandyr.

"Gijesi bilen elektrik togy bolmady. Ertesi gün 16-njy ýanwarda hem garyň ýagmagy sebäpli elektrik togy henizem berilmedi. Garyň uzak gün ýagmagyna garaşylýar. Diňe elektrik togy däl-de, eýsem gazy hem öçürilen obalar bar" diýip, oba ýaşaýjysy 16-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Bu ýagdaý ýaşaýjylary agyr ýagdaýa salýar, öýleri ýylatmak, nahar bişirmek we çagalaryny sowukdan goramak esasy alada öwrülýär.

"Öýleri ýylatmak üçin jaýlarda odun ýakmaly bolýar" diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

Şäher ýaşaýjylary öýlerinde ýyladyş sistemasynyň hem gowşak işleýändigini aýdyp, jaýlary ýylatmak üçin adatça tok peçlerini ulanýandygyny, elektrik energiýasy kesilse gaz peçlerini ýakýandygy ýa-da toguň berilmegine garaşyp, sowukda oturmaly bolýandygyny aýdýarlar.

Çagaly maşgalalaryň ýagdaýy has hem gözgyny.

"Gundagly bäbejikleriň daşyny iki odeal dolap ýatyrýarlar, ýöräp ýören çagajyklar egni kurtkaly öýüň içinde gezýärler" diýip, maryly ene gürrüň berdi.

Diňe ýaşaýyş jaýlarda däl, eýsem mekdeplerde, çagalar baglarynda hem şu günler ýyladyş ulgamlary oňaýly işlemändir.

"Klaslar, gruppalar sowuk, çagalar, okuwçylar gyş kurtkaly oturmaly bolýarlar. Çagalar bagynyň körpelerini günortan nahardan soň alyp gitmegi terbiýeçiler ene-atalardan soraýarlar. Käbir çagalar günortan ýatanlarynda ýerlerine siýip turýarlar. Enekeler çagalaryň üşeýändigini aýdýarlar" diýip, maryly ene gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen maryly birnäçe ýaşaýjynyň sözlerine görä, olaryň welaýat we etrap häkimliklerine şu sapar we öň eden ýüzlenmeleri düýpli netije bermändir. Olaryň arz-şikaýatlaryna garamazdan, elektrik togunyň, gazyň we hatda suwuň ýygy-ýygyndan kesilmegi dowam edýär. Kommunal hyzmatlarynyň ählisiniň üpjünçiligindäki bökdençlikler bir-birine bagly bolýar.

"Abatlaýyş işleri wagtlaýyn geçirilýär. Ol düzedilen turbalar ýa-da simler tiz wagtyň dowamynda sandan çykýar. Gyşyň gelmegi bilen şäher ýerleriniň ýyladyş sistemasy kadaly işledilmeýär. Has hem ýokarky gatlara ýylylyk barmaýar, käte turbalar ýarylyp, suwy akýar. Şäher jaýlaryny ýylatmak üçin adamlar elektrik peçleri ulanýarlar. Elektrik simler olara çydamaýar" diýip, marynyň jemagat işgäri aýdýar.

Ol jemagat gulluklaryň işgärleri köne turbalary ýamap ýadadylar diýýär we şol bir köne turbalary birnäçe gezek bejermeli bolýandygyny, olaryň täzelenmeýändigini aýtdy.

Şäher ýaşaýjylary öýlerini ýylatmak üçin tok bolmasa gaz peçlerini ýakýarlar, gaz bolmasa elektrik peçleri ulanýarlar. Bu ýagdaý hem elektrik simlerine agram salýar, wagtynda we talaba laýyk bejerilmedik ulgamlaryň basyşa çydaman sandan çykmagyna sebäp bolýar, hem-de ýangyn howpuny döredýär.

Azatlyk Radiosy Marynyň ilatly ýerlerinde elektrik togunyň kesilmegine degişli ýagdaý barada sebitiň häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, şeýle-de gazyň we suwuň üpjünçiliginde bökdençlikler wagtal-wagtal döredýär. Käte bu ýagdaý hojalyklardaky tehiniki enjamlarynyň sandan çykmagyna we hatda ýangynyň döremegine sebäp bolýar.

Häkimiýetler ilata bökdençligiň döremeginiň infrastrukturanyň könelmegi ýaly tehniki sebäpler bilen baglydygyny käwagt aýdýarlar, käte sebäbini düýpden düşündirmeýärler. Aşa sowuk we aşa yssy howada, şeýle-de käbir adaty bolmadyk tebigy hadysalarda gaz we tok üpjünçiligi has-da köp sandan çykýar. Bu ýagdaý onlarça ýyllaryň dowamynda gaýtalanýar.

Türkmen hökümeti 2017-nji ýylda ilat üçin gaz, suw we tok ýeňilliklerini ýatyrmak barada karara gelip, 2019-njy ýylda ony durmuşa geçirdi. Şondan soň kommunal tölegler birnäçe esse ýokarlandy, emma hyzmatlaryň hili gowulanmady. Şol bir wagtda-da tölegleri wagtynda geçirip bilmedik hojalyklaryň elektrik energiýasyny we gazyny kesmek, bu işe polisiýany çekmek we bergidarlary suda bermek ýaly ýagdaýlar köpeldi.

Ilatyň kadaly elektrik energiýasy bilen üpjünçiligindäki problemany açyk agzamaýan türkmen hökümeti elektrik energiýasyny eksport edýär. Eýran, Owganystan, Täjigistan we Gyrgyzystan türkmen elektrik energiýasyny uly mukdarda satyn alýar.

Ýurduň elektrik energiýasyny öndürýän iň kuwwatly kärhanalarynyň biri Maryda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG