Balkan sebitiniň üç etrabynyň býujet edaralarynyň onlarça işgäri Ahal sebitine mejbury pagta ýygymyna, meýdanda galandygy aýdylýan hasyly soňky übtügine çenli ýygnap almaga iberildi diýip, Azatlygyň günbatar welaýatdaky habarçysy habar berýär. Hünärmenler bu çäräni Balkan we Ahal sebitiniň býujet işgärleriniň pagta mejburlygyna görkezýän garşylygyndaky tapawut bilen baglanyşdyrýarlar.
Azatlygyň habarçysy sentýabr aýynyň aýagynda Balkandaky býujet işgärleriniň, şol sanda talyplaryň we okuwçylaryň dynç almakdan mahrum edilip, döwlet tarapyndan dynç günleri diýlip yglan edilen günlerde hem pagta ýygmaga mejbur edilýändigini habar beripdi.
Ahalda 'el degrilmän duran gowaça meýdanlary bar'
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe çeşme esasy 3 etrabyň, Gyzylarbat, Magtymguly we Bereket etraplarynyň býujet işgärleriniň 9-njy noýabrda, dekabra çenli diýlip, Ahal welaýatynyň Bäherden we Gökdepe etraplaryna mejbury pagta ýygymyna ugradylandygyny tassyklady.
“Balkan sebitiniň adamlary Ahala, ýatymlaýyn pagta ýygymyna ugradyldy. Mugallymlar, lukmanlar öz ýerlerine hakyna adam tutmaly boldular, medeniýet, transport, nebit-gaz hünärmenleriniň özleri pagta ýygmaga gitdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran bilim hünärmeni aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Bamy, Kelete, Arçman, Nohur obalarynyň gowaça meýdanlarynda heniz el degmedik, birinji ýygymyna hem başlanmadyk gowaça meýdanlary bar.
“Açylyp oturan pagtalar bar, ýöne Ahal welaýatynyň häkimligi halkyny pagta ýygmaga çykaryp bilmän, beýleki welaýatlardan kömek sorapdyr” diýip, bu habary saglyk hünärmeni hem tassyk etdi.
“Her ýyl gyş golaýlanda Ahala gidip, pagta ýygýarys"
Aýdylmagyna görä, bu täze tapylan çykalga däl we öňki ýyllarda hem Balkandan Ahala mejbury pagtaçy iberilipdir.
Anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäriniň pikirine görä, bu welaýat ýaşaýjylaryna kanun esasynda, deň gözde garalmaýandygyny yşarat edýär:
“Her ýyl gyş golaýlanda, Ahala pagta ýygmaga gitmeli bolýarys. Bu bize örän agyr gelýär. Ahal halky bize ‘Sizler näme, adminstratiw hukuk bozanlarmy? Pagta ýygmak üçin biziň welaýatymyza sürgün etdilermi’ diýip, üstümizden gülýär.”
Pagta ibermek üçin ýerine adam tutmaly bolan saglyk işgäri hem balkanly býujet işgärleriniň Ahalda ýetişdirilen pagtany ýygmaly edilmeginden razy däldigini aýtdy:
“Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap bilmeýän bolsa, hökümet ony ekdirmesin. Balkanda pagta oktýabrda ýyglyp gutaryldy. Ahalyň halky aýratyn adamlar däldir-ä?”
Balkanly oba hojalyk hünärmeni, mejbury zähmet ýurduň hemme etraplarynda saklanyp galsa-da, Ahaldaky şertleriň biraz üýtgändigini öňe sürdi:
“Ahalda ownuk kärendeçileriň ellerinden alnan ýerleriň wezipeli adamlara, telekeçilere 15 gektardan 150 gektara çenli aralykda, uzak möhlet bilen kärendesine berilmegi Ahal halkynyň ýere bolan höwesini gaçyrdy, uly ýer alanlar bolsa, arzan işçi güýji ýetmänsoň, eken ekinlerine dogry-düzüw ideg etmegi-de, ýetişen hasyly wagtynda ýygnamagy-da başarmaýarlar.”
Ahaldaky býujet işgärleri 'ne pagta ýygýar, ne pul berýär'
Balkanly hünärmeniň tassyklamagyna görä, Ahal sebitindäki býujet edaralarynyň işgärleri mejbury pagta ýygymy üçin ne pul berýär, ne özleri ýygyma çykýar.
Anonimlik şertinde gürleşen balkanly ykdysatçynyň pikirine görä, Gökdepe etrabynyň gowaça meýdanlaryndaky pagtanyň wagtynda ýygylmazlygy bu ýerde Berdimuhamedowlaryň goldawyndan gönümel peýdalanýan raýatlaryň ýaşamagy bilen bagly.
“Gökdepeliler beýleki sebitleriň halkyndan baý we ähli mümkinçiliklerden peýdalanmak hukugyna eýe” diýip, hünärmen anyk sanlara ýa beýleki görkezijilere salgylanman aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Gökdepe etrabynda gowaça ekýän ‘arkaly kärendeçileriň gowaçasyny ekip berýänem, pagtasyny ýygyp berýänem beýleki welaýatlardan gelýän hyzmatkärler bolup durýar’.
“Olar-da ýetişmese, Balkanyň býujet işgärlerini getirip, pagta ýygmaga mejbur edýärler” diýip, ykdysatçy sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, ol sebitden beýleki sebite pagta ýygmaga ugradylýan adamlaryň sany, bu praktikanyň býujet işgärleriniň arasynda döredýän nägilelikleri, şol sanda Gökdepe etrabynda ýaşaýan we Berdimuhamedowlaryň goldawyndan ‘gönümel peýdalanýan raýatlaryň aýratyn hukuklary’ barada açyk sorag berip, degişli edaralaryň hünärmenlerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, synçylaryň käbiri Gökdepe etrabyndaky ýollara, köprülere, mekdeplere we çagalar baglaryna, medeniýet öýlerine ýurduň beýleki etraplaryndaky infrastruktura desgalaryna garanda has gowy seredilýändigini öňe sürýär we muny köp adamyň görüp, bilip ýörendigini, ýöne bu barada açyk gürrüň etmäge gorkýandygyny aýdýar.
'Mejbury zähmeti togtadyp bilýän gurmalar ýokmy?'
Gyzylarbatdaky mekdepleriň tämizçileri, garawullary, bagbanlary, ussalary habarçymyz bilen aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde gürleşip, ‘mejbury pagta ýygymynda özlerini hakyna tutma gul ýaly duýýandyklaryny’ aýtdylar.
“Ne kadaly naharlanyp bilýäris, ne zähmetimize hak töleýärler. Ýagyşda, garda hem pagta ýygdyrýarlar. Mejbury zähmeti togtadyp bilýän halkara gurmalary ýokmy ýa-da olar hem bir sebäpden görmedik bolýarmy?” diýip, gyzylarbatly pedagog Azatlyga aýtdy.
Ýatlatsak, Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden oba hojalyk özgertmeleri iki-üç gektarly we netijesiz işlemekde aýyplanan kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alnyp, 10, 150 gektara aralygynda hususy telekeçiler diýilýänlere, täsirli adamlara berilmegine getirdi.
Synçylar bu çözgüdiň pagtaçylykda ulanylýan mejbury zähmeti has güýçlendirendigini öňe sürýärler.
Balkandaky habarçymyz 26-njy oktýabrda sebitiň gowaça meýdanlarynda açylan pagtanyň ýyglyp gutarandygyny, emma häkimligiň daýhanlardan, býujet edaralarynyň işgärlerinden gutaran pagtany ýygmagy talap edýändigini habar berdi.
'Ýurdy biabraý edýän mejbury zähmet', anonimlik şertinde gürleşen hünärmenleriň käbiriniň pikirine görä, pagta bazalaryndaky galplyklar, şol bir wagtda häkimleriň 'prezidenti aldamagy' bilen utgaşýar.
Emma muňa garamazdan, esgerleriň barha kän pagta ýygmaga mejbur edilmegi bilen, oba hojalygyndaky agyr meseleler türkmen ýolbaşçylarynyň ‘özlerini aldatmagy bilen däl, syýasy erk-islegi bilen bagly’.
Azatlygyň oba hojalygyndaky çylşyrymly ýagdaýlar, saklanyp galýandygy we, belki-de, has agyrlaşýandygy aýdylýan mejbury zähmet, bergä batýan kärendeçiler we zähmet migrasiýasyna gidýänler barada çap edýän habarlaryndan gelip çykýan soraglara resmi düşündiriş almak mümkinçiligi döremeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum