Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esger eneleri prezidentiň 'pagta sütemine' göz ýummazlygyny soraýar

Şäherde elleri sübseli köçe süpürmek işine çekilen esgerler.
Şäherde elleri sübseli köçe süpürmek işine çekilen esgerler.

Çeşmeler býujet edaralarynyň işgärleriniň, okuwçy ýaşlaryň we esgerleriň Türkmenistanda adaty zada öwrülen mejbury zähmete, pagta ýygmaga çekilmeginiň we ekin meýdanlarynda görýän görgüleriniň ilat arasynda öňki ýyllardaka garanda has uly nägilelik, gahar-gazap döredýändigini habar berýärler.

Esgerleriň häzirki döwürde pagta ýygymyna çekilmegi we ol ýerde aç-hor saklanmagy, kemsidilmegi, pikirini aýdan raýatlaryň nygtamagyna görä, eger-de düşünse, ozaly prezident Serdar Berdimuhamedow üçin ‘abraý däl’.

"…dünýäde galagoply uruşlar, çaknyşyklar gidýän mahaly esgerleri häzirki zaman söweş we goranyş tehnologiýalary bilen tanyşdyrman, goşundaky ruhubelentligi we maddy ýagdaýy ýokarlandyrman, olara basyş, äsgermezlik bilen çemeleşmek prezident Serdar Berdimuhamedowyň abraýyny puja çykarýar" diýip, ahally harby pensioner habarçymyz bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.

'Esgerler mugt işçi güýji hökmünde ulanylylýar'

Onuň sözlerine görä, prezident öz ýurdunyň goşunyny, esgerlerini, serkerde ofiserlerini göwnejaý we talabalaýyk durmuş, maddy we tehniki tarapdan üpjün etmeli, esgerleriň mugt işçi güýji hökmünde ulanylmagyna göz ýummaly däl.


Habarçylarymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen esger eneleri hem çagalarynyň aç, suwsuz, idegsiz, mugt işçi güýji hökmünde ulanylmagyna garşydyklaryny, bu ýagdaý bilen ylalaşyp, seslerini çykarman oturmajakdyklaryny aýtdylar.

Eýýäm ýasaýan ýerlerindäki harby wekilliklere ýüz tutan, harby prokuratura arza, şikaýat bilen ýüzlenen eneler bar, emma poçta, aragatnaşyk bölümleriň işgärleri bu hili arzalary kabul etmeýär diýip, habarçymyz ýazýar.

"Meniň oglum Daşoguzda gulluk edýär, onuň bölüminden ýene iki esgeriň enelerini tanaýaryn. Üç bolup, ençeme gezek Mary welaýat woýenkomadyna ýüz tutduk. Emma olar bu meselede kömek edip bilmeýändiklerini açyk boýun aldylar” diýip, esger enesi aýtdy.

Esger eneleri şondan soň Aşgabatdaky baş harby prokuratura ýüz tutmak kararyna gelýärler.

“Arzalarymyzy poçta bölüminden sargyt haty bilen Aşgabada ibermekçi bolduk, emma aragatnaşyk işgäri indi beýle hatlary iberip bilmeýändiklerini aýtdy. Onuň sözlerine görä, MHM başlyklaryna raýatlaryň döwlet edaralaryna hat üsti bilen edýän şikaýatlaryny ibermezlik barada buýruk beridir" diýip, esger enesi aýtdy.

Esger eneleri indi Aşgabada gidip, baş harby prokuroryň kabulhanasyna baryp gürleşmekçi bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

"Prezident agyr meseleler barada dymmagyny bes etmeli"

“Prezident Serdardan şu meselä biparh bolmazlygy, dymmagyny bes edip, halkynyň agyr meselelerini dile almagyny raýat we esger enesi hökmünde hem soraýaryn, hem talap edýärin! Bes ed-ä, Serdar, ýeter-ä indi 4 ýyllap dymyp geleniň, prezident bolanyňa görä halkyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny dile getir-ä! Senem şu ýurduň adamy ahyryn, Marsda ýaşaýan ýaly, özüňi halkyňdan üzňe tutma!" diýip, maryly 50 ýaşlaryndaky ene habarçymyzdan öz sesiniň eşidilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, şu ýylky pagta möwsümi öňki ýyllara seredende has agyr geçýär. Şol bir wagtda, bu ýyl, soňky onýyllyklarda ilkinji gezek, býujet edaralarynyň ýaş işgärleriniň arasynda, öz sözleri bilen aýtsak, pagta gulçulygyn garşy açyk we ýarym açyk nägilelik bildirýän adam has köp.

"Halkara zähmet guramasy bilen mejbury zähmete garşy göreş boýunça iş alnyp barylýar diýip, halkyň gözüne çöp atmak islediler. Şol bir wagtda-da pagta ýygymyndaky mejburlygy güýçlendirýärler. Bu ýagdaý ýaş býujet işgärlerinde, hususan-da, lukmanlarda, mugallymlarda açyk we ýarym açyk nägileligi döretdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen lukman aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, "Bar, näme etseň et, men işe lukmançylygymy etmäge geldim, pagtany kim eken we ekdiren bolsa, şol ýygsyn” diýip, göni aýdýan ýaş lukmalar hem bar.

Azyndan iki hünärmeniň tassyklamagyna görä, pagta sebäpli işden çykmaly bolsa, arzamy ýazmaga taýýar diýýänler hem az däl.

“Bärde lukman bolup, gul ýagdaýynda galanymdan, Polşa baryp, ilki şepagat uýasy ýa lukmanyň kömekçisi, soňundan abraýly lukman bolanym müň esse oňat” diýip, salyk resmisi işden çykyp gidenleri hem bilýändigini aýtdy.

Açyk nägilelik bildirýänler beýle kän däl, ýöne ýarym açyk ýagdaýda nägilelik bildirýän, ‘pagtadan gaçýan’ hünärmenleriň sany ep-esli boldy diýip, hünärmen aýtdy.

“Olar näsaglyk baradaky güwänama, maşgalasyndaky saglyk meseleleri barada resminama getirip, pagta gitmekden sypmaga synanyşýarlar. Mejbury zähmet sebäpli bildirilýän nägilelik, dartgynlylyk indi kollektiwleriň içerki iş we önümçilik maslahatlarynda barha köpelýär" diýip, maryly çeşme aýtdy.

Mejbury zähmet jemgyýetde 'dartgynly ýagdaý döredýär'

Lebaply, ahally we daşoguzly çeşmeler hem mejbury zähmetiň döredýän dartgynly ýagdaýyny tassykladylar.

Şu aralykda, ýurt içindäki şikaýat tolkunynyň güýçlenmeginiň fonunda, MHM-niň çaphanalara we aragatnaşyk edaralaryna raýatlaryň arz-şikaýatlary meselesinde beren bikanun tabşyryklary ilatda has hem uly nägilelik döretdi diýip, çeşmeler aýdýar.

Anonimlik şertinde pikirini aýdýan raýatlar ilata howpsuzlyk edaralary tarapyndan edilýän basyşlara köplenç paýyş we gahar-gazaply sözler bilen reaksiýa bildirýärler.

Olaryň sözlerine görä, häkimiýetler we Berdimuhamedowlar ýurtdaky agyr krizisi, halkyň gözgyny ýagdaýyny bile-göre görmezlige salýarlar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ykdysatçy we syýasy synçy türkmen hökümetiniň ‘çykgynsyz bir ýagdaýa düşene meňzeýändigini we şol sebäpden dymýandygyny’ belledi.


"Türkmen režimi öz üzňelik keseliniň agyr hassasyna öwrüldi. Berdimuhamedowlar indi hiç bir meseläni agzap bilmeýärler. Olar hatda öz bellän emeldarlarynyň eden-etdiligini hem aç-açan boýun alyp bilmeýärler. Bu ýagdaý olary halkdan barha uzaklaşdyrýar" diýip, ýerli ykdysatçy ýagdaýa düşünýän adamlaryň köpüsiniň ataly-oguldan ‘tamasyny üzendigini’ öňe sürdi.

Häkimiýetler öz ýagdaýlaryny 'çylşyrymlaşdyrýarlar'

Anonimlik şertinde gürleşen syýasy synçy häkimiýetleriň halk içindäki nägilelikden habarlydygyny, şol bir wagtda halk sesini öňki usullar bilen sem etmegiň kyn boljagyna düşünýändiklerini öňe sürdi.

"Häkimiýetler ilat arasyndaky gaharly pikir alyşmalary görmediksirän bolsalar-da, indi gepleýänleri sem edip bilmeýärler. Adamlar öz kynçylyklaryny dünýä çykarmak üçin mümkin bolan ähli çäre ýüz urýarlar. Häkimiýetler tankydy pikirlere jogap berip bilmän, interneti petikläp, öz ýagdaýlaryny çylşyrymlaşdyrýarlar" diýip, ýerli syýasy synçy aýtdy.

Azatlygyň habarçylary pagta meýdanlaryna baryp, mejbury zähmete çekilen esgerler, studentler we býujet işgärleri bilen açyk gürleşip, olaryň iş şertleri barada has anyk maglumat berip bilmeýärler. Esger eneleri, hünärmenler we synçylar, repressiýa howpy zerarly, anyk salgylarynyň berilmezligini soraýarlar.

Maglumat ýapyklygy sebäpli, biz ýurduň oba hojalyk, saglyk, bilim, goranmak we milli howpsuzlyk ministrlikleriniň jogapkär işgärleri bilen habarlaşyp, resmi düşündiriş alyp bilmeýäris.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Forum

​
XS
SM
MD
LG