Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýraga mynasyp bolan rus žurnalisti we aklawçy Çeçenistanda rehimsiz ýenjildi


Ýelena Milaşina 
Ýelena Milaşina 

“Nowaya Gazetanyň” baýraga mynasyp bolan derňewçi žurnalisti we aklawçy Çeçenistana baran wagtynda ýaragly adamlar tarapyndan erbet ýenjildi diýip, “Adam gynamalaryna garşy topar” atly hukuk topary 4-nji iýulda habar berdi.

Žurnalist Ýelena Milaşina we aklawçy Aleksandr Nemow häzir Groznydaky hassahanada saklanylýar. Olar bedenlerine düşen bir topar ýaradan ejir çekýär diýip, hukuk topary aýtdy.

“Milaşinanyň barmaklary döwlen we ol wagtal-wagtal huşuny ýitirýär. Onuň bedeni durşuna gök-dalak bolupdyr” diýip, hukuk topary sosial ulgamda habar berdi.

Şeýle-de, Nemowyň aýagyndan pyçaklanandygy habar berildi.

Çeçenistanyň häkimiýetleri bu habar bilen baglylykda häzire çenli hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG