Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda polisiýa okuw esbaplaryny satýan ownuk söwdagärlere garşy reýd geçirýär

Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde ýere mata bölegini ýazyp, ownuk söwda edýän satyjylar we alyjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde ýere mata bölegini ýazyp, ownuk söwda edýän satyjylar we alyjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda polisiýa işgärleri öz hojalygynda mekdep egin-eşiklerini tikip ýa-da okuw esbaplaryny lomaý bahadan satyn alyp, olary bazarlarda we olaryň töwereginde satýan ownuk söwdagärlere garşy reýd geçirýärler.

Bu reýdler, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galanda, söwdanyň bu görnüşi bilen meşgullanýan satyjylaryň göz-görtele köpelen mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk radiosynyň habarçysy 18-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

“Polisiýa Baýramalynyň bazarlarynda we onuň töwereginde täze okuw ýyly üçin orta mekdep harytlaryny, egin-eşiklerini satýan satyjylara garşy reýd geçirýär. Olaryň harytlaryny ellerinden alyp, 100 manat möçberinde jerime töletdirýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly baýramalyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan ýa-da şaýat bolan ýaşaýjylaryň ençemesi polisiýa işgärleriniň satyjylaryň harytlaryny ertesi güni ellerine gaýtaryp berýändigini hem belledi.

Polisiýa işgärleri satyjylara dilden berýän maglumatlarynda reýdiň sebäbini “söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygy” bilen düşündirýärler.

“Olar bazardan ýörite rugsatnama alyp, ýer satyn almalydyklaryny, aýlyk kireý we salgyt tölemelidiklerini aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan maryly satyjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Resmi tölegleri tölesek, peýda görmeýäris"

Şol bir wagtda, satyjylar bolsa, söwdany kanunlaşdyrmagyň “aşa gymmatdygyny” aýdyp, bazardaky iň arzan ýeriň aýlyk töleginiň 1000 manada barabardygyny belleýärler.

“Üstesine-de, gündelik 10 manat petek puly hem tölemeli. Eger dükany öz adyňa aljak bolsaň, onda 10-20 müñ amerikan dollary aralygynda bahalanýar. Dükanlaryň arendasy bolsa, 2000-5000 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, satyjy belledi.

Satyjylaryň ençemesi özleriniň iş tapman, gazanç etmek üçin söwdanyň bu ownuk görnüşi bilen meşgullanýandyklaryny aýdyp, resmi tölegleri tölese, onda özleriniň hiç hili peýda görmejekdiklerini aýdýar.

“Meniň eklenjim kynlygy sebäpli, men ýaşyl mata satyn alyp, öýde dürli ölçeglerde, orta mekdep ýaşyndaky gyzlaryň okuw köýneklerini tikdim we olary bazaryň gyrasynda ýa-da daşynda boş ýer tapyp, satmakçy boldum. Men günde 40-50 manat peýda görýärdim” diýip, polisiýa tarapyndan saklanyp, jerime salnan maryly zenan satyjy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz polisiýanyň reýdleri geçirip başlamagynyň, öz hojalygynda mekdep egin-eşiklerini tikip ýa-da okuw esbaplaryny lomaý bahadan satyn alyp, olary bazarlarda we olaryň töwereginde satýan satyjylaryň soňky hepdelerde köpelen mahalyna gabat gelendigini aýdýar.

"Döwlet mekdep bazarlaryny öňe sürmek..."

“Bu satyjylar özlerine kiçijek ýer saýlap alyp, öýlerinden plastmas oturgyç getirip, harytlarynyň kagyz ýa-da tagta gutularyň üstüne goýup satmaga çalyşýarlar. Bu raýatlar polisiýa işgärlerinden gaçyp işlemeli bolýarlar. Mysal üçin, galstuk, fartuk satýan satyjylar harytlaryny ellerine alyp, bazarda dik durup ýa aýlanyp satýarlar. Olar polisiýa işgärlerini görseler, dükanlaryň biriniň içine girip gizlenýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly söwdagär anonimlik şertinde aýtdy.

Ýagdaýlara syn edýän maryly synçylaryň we söwdagärleriň birnäçesi reýdleriň sebäpleriniň “söwdanyň bu görnüşine garşy göreşmek tagallalary” bilen bir hatarda, döwlet tarapyndan guramalaşdyrylan mekdep bazarlaryny öňe sürmek bilen baglanyşyklykdygyny aýdýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Baýramalynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda polisiýa bölüminden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurtda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça “degişli işleriň geçirilýändigini”, 1-nji awgustdan mekdep bazarlarynyň öz işine başlandygyny iýulyň ahyryndan bäri birnäçe gezek habar berseler-de, agzalýan reýdler barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Türkmenistanda häkimiýetler okuw esbaplaryny satýan söwdagärlerden başga-da, öz hususy hojalygynda ösdürip ýetişdiren ýa-da taýýarlan gök-bakja, süýt-gatyk we konserwa önümlerini bazarlaryň golaýynda satýan ownuk söwdagärlere garşy hem wagtal-wagtal reýd geçirýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG