Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdebe taýýarlyk azyndan 2 müň manada düşýär, gapyma-gapy aýlanyp, köne eşikleri soraýan eneler köpelýär

Okuw esbaplary satylýan söwda nokadyna baran ene we ogul (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Okuw esbaplary satylýan söwda nokadyna baran ene we ogul (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň orta bilim berýän edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galanda, mekdebe taýynlyk möwsümi başlandy. Ene-atalar mekdep üçin egin-eşikleriň we okuw esbaplarynyň aşa gymmatdygyny, bir çagany mekdebe taýýarlamagyň müňlerçe manada düşýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, gapyma-gapy aýlanyp, köne mekdep egin-eşiklerini, köwüşleri dileýän eneler göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki habarçysy 5-nji awgustda Balkan we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdi.

Bazarlara aýlanyp, nyrhlary öwrenen habarçylarymyzyň maglumatyna görä, şu ýyl Lebapda her bir çaga üçin okuw esbaplaryny we egin-eşiklerini satyn almak üçin azyndan 2 müň manat gerek bolýar. Balkanda bu çykdajy 3 müň manada barabar bolýar. Bular Merkezi Bankyň kursunda degişlilikde 570-860 amerikan dollaryna deň bolýar.

“Meniň 9-njy synpa geçmeli oglum bar. Gyzylarbatdaky ähli söwda dükanlary, bazarlary aýlanyp, ogluma iň arzan diýen mekdep harytlary we eşikleri üçin 3 müň manat ýetmedi. Penjek bilen balak iň arzany 800 manat. Onuň 600 manatdan hytaý warianty hem bar. Ýöne ol heniz eliňe alanyňda ýyrtyljak ýaly bolup dur. Ak köýnek iň arzany 100 manat. Ondan hem iki sany almasaň bolanok. Maýka iň arzany 30 manat, galstuk 60 manat, tahýa 60 manat, portfel ortaça 250 manat. Bulardan başga-da okuw esbaplaryny hem satyn almaly” diýip, balkanly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

“Käbir adamlar tanyş-bilişlerinden karz alýar”

Balkanly ene-atalaryň ençemesi bu çykdajylaryň iki-üç çagaly maşgalalara has-da agram salýandygyny aýdýar. Häzirki wagtda sebitiň döwlet edaralarynda işleýän elektrik, gaz hünärmenleri ýa-da mugallymlar we şepagat uýalary 2000-3500 manat aralygynda aýlyk alýar.

“Käbir adamlar tanyş-bilişlerinden karzyna pul alyp, çagalaryna zerur bolan okuw esbaplaryny, eşikleri satyn alýar” diýip, balkanabatly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Lebaply ene-atalar üçin mekdep çykdajylarynyň möçberi birneme arzanraga düşýär. Muňa garamazdan, habarçymyz köp maşgalanyň okuwçylar üçin zerur bolan bu harytlary satyn almaga maddy ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar.

“Diňe iň arzan mekdep eşikleri we aýakgap üçin azyndan 285 manat gerek bolýar. Bu hasaba sport eşigi, jorap, goşmaça köýnek ýa-da okuw ýylynyň dowamynda çalşyrmak üçin zerur bolup biljek beýleki egin-eşikler girmeýär. Başga-da, depder, ruçka we beýleki okuw esbaplaryny, şol sanda portfel satyn almaly. Bular üçin azynda 2 müň manat çykdajy etmeli. 2 müň manat häzir köp maşgalanyň bir açlyk girdejisi bolup durýar” diýip, lebaply bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ene-atalaryň ençemesiniň sözlerine görä, eger birinji synpa barýan çagalara portfel, ruçka, galam, albom, reňkli kagyz we depderler berilse, çykdajy has az bolup bilerdi we bu köp maşgala üçin uly goltgy bolardy.

Gapyma-gapy aýlanyp, köne eşikleri soraýan eneler köpelýär

Balkandaky habarçymyz okuw esbaplarynyň gymmatçylygynyň arasynda, welaýatyň Balkanabat, Türkmenbaşy we Gyzylarbat ýaly uly şäherlerinde gapyma-gapy aýlanyp, ýaşaýjylardan çagalarynyň köne mekdep egin-eşiklerini, köwüşleri dileýän eneleriň göz-görtele köpelendigini hem habar berýär.

“Adamlar köplenç bu eneleri eli boş goýbermeýär. Käbirleri çagalarynyň geçen ýyldan galan mekdep köýneklerini, portfellerini berýär. Mümkinçiligi bolan adamlar, öz maddy ýagdaýlaryna görä, olara 10-50 manat möçberinde pul berýärler” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda ýurtda güzeran eklenji agyrlaşýan maşgalalaryň göz-görtele köpelýändigini Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda yzygiderli habar berip gelýärler. Olar muňa ýurtdaky aýlyklaryň, bazardaky bahalar we beýleki hyzmatlaryň nyrhlary bilen deňeşdirilende, pes bolmagynyň hem sebäp bolýandygyny belleýärler.

Galyberse-de, ene-atalaryň mekdep üçin çykdajylary, ýurtda azyk harytlarynyň, hususan-da, et we et önümleriniň we käbir beýleki hyzmatlaryň bahalarynyň tapgyrlaýyn esasda gymmatlaýan mahalyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurtda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça “degişli işleriň geçirilýändigi”, 1-nji awgustdan mekdep bazarlarynyň öz işine başlaýandygy barada habar berseler-de, bu çykdajylaryň köp maşgala salýan agramy barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG