Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyk gabatlary towuk budy we ýumurtga çäkli möçberlerde ýeňillikli bahadan ilata hödürlendi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýaňy-ýakynda bellenilip geçilen baýramçylyk günleriniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýeňillikli azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly täze jikme-jiklikler peýda bolýar.

Türkmenistanda 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni bellenilip geçildi. Türkmen häkimiýetleri käbir baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýurduň bazarlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýyna we bahalaryň durnukly saklanylmagyna gözegçiligi güýçlendirýärler.

Ýaňy-ýakynda bellenilip geçilen Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda we dowamynda hem birmeňzeş meýiller göze ildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary baýramçylyk günlerine gabatlap, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde iýmit önümleriniň elýeterliligi babatda emele gelen ýagdaýlar barada habar berdiler.

Iki hepde töweregi mundan ozal ýurduň paýtagtynda we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýiti ýumurtga gytçylygy emele gelipdi.

Habarçylarymyz bir hepde töweregi mundan ozal, baýramçylygyň edil öňüsyrasynda Türkmenbaşynyň “Aşgabat”, “Ýelken” we “Çarlak” supermarketlerinde 30 ýumurtganyň 46 manatdan, ýagny 1 ýumurtganyň takmynan 1,5 manatdan satuwa çykarylandygyny habar berýär. Şäheriň döwlet dükanlarynda ýumurtgalar çäkli möçberde, her ele 5 ýumurtgadan satylypdyr. Bu ýumurtgalaryň her biriniň döwlet bahasy bir manatdan satylypdyr.

“Ýöne uly nobatlar boldy. Ýumurtgalaryň hem möhleti geçen ekeni” diýip, habarçymyz bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.

Baýramçylykdan üç gün öň, 24-nji sentýabrda Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda azyk önümleriniň göçme söwdasy guralypdyr. Bu söwdada ýerli ýaşaýjylara alyjy başyna 600 gram çemesi agramy bolan bir towuk budy we bäş ýumurtga satylypdyr.

“Emma ir sagat 9:30-a çenli ähli harytlar satylyp gutarýardy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda dowam edýän temmäki göreşiniň fonunda, ozal 60 manatdan bahalanan çilimler 80 manada çykypdyr.

Habarçymyz beýleki käbir azyk önümleriň bazar bahalary barada maglumat berdi:

“Käşiriň bir kilogramy 12 manat, tüwi hiline görä 25-35 manat, etiň kilesi 60-80 manat aralygynda, balygyň bir kilogramy 50 manat, ýokary hilli bekre balygy 600 manat, doňdurylan hindi towugynyň bir kilogramy 80 manat, gawunyň kilesi 20 manat, garpyz 9 manat” diýip, habarçymyz aýtdy.

Bu aralykda, bir hepde töweregi mundan ozal bellenilip geçilen Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda baýramçylyk mynasybetli arzan bahadan towuk budy satylypdyr. Ýöne alyjylar bazarlara getirilen towuk budunyň agramynyň agramly böleginiň buzdan ybarat bolandygyny aýdýarlar.

Baýram gabatlary ilata ýeňillikli bahadan hödürlenen towuk budunyň bir kilogramy 19 manatdan satylypdyr.

Alyjylar doňdurylan towuk budunyň agramynyň tas bäşden bir böleginiň buzuň agramy bolandygyny aýdýarlar.

“Baýramçylyk mynasybetli başga azyk önümi ilata arzan bahadan satylmady” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Ýurduň dürli sebitlerinde baýramçylyk gabatlary peýda bolan ýeňillikli azyk önümleriniň üpjünçiligi uzaga çekmedi.

Türkmenabatda ilata hödürlenen ýeňillikli towuk butlary, habarçymyzyň anyklan maglumatlaryna görä, demir ýol arkaly Eýrandan getirilipdir.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda hususan-da ykdysady ýagdaýy pes maşgalalar döwlet tarapyndan çäkli möçberlerde üpjün edilýän ýeňillikli azyk önümlerine mätäç galýarlar.

Bazarlardaky ýokary bahalar ilatyň aýlyk girdejilerine gabat gelmeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilatyň sarp edýän esasy azyk önümleriniň ençemesiniň ýurduň çäginde öndürilýändigini, ýöne muňa garamazdan gymmat bahadan satylýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ykdysady ýagdaýy pes maşgalalaryň agramly böleginiň döwlet tarapyndan üpjün edilýän ýeňillikli azyk önümlerine garaşly galýandygyny agzamaýar. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden ýurtda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy barada kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG