Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda Aşgabatdaky we Arkadagdaky içerki migrantlar ýene öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar

Polisiýa işgärleri we raýat (Illýustrasiýa suraty)
Polisiýa işgärleri we raýat (Illýustrasiýa suraty)

Paýtagt Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň häkimiýetleri welaýatlardan gelip işleýän içerki migrantlary öz ýaşaýan sebitlerine ibermek çärelerini güýçlendirdiler. Häkimiýetler bu çäreleri Oraza we Nowruz baýramlarynyň bellenilýän günlerinde “şäherleriň asudalygyny goramak tagallalary” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy martda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler Aşgabadyň we Arkadagyň polisiýa işgärleri welaýatlardan gelip, bu şäherlerde işleýän raýatlara garşy reýdleri geçirýärler. Köçelerde ýa-da işleýän ýerlerinde saklanan welaýat ýaşaýjylary dessine otly ýa-da awtobus menzillerine eltilýär we öz ýaşaýan sebitine ugradylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Polisiýa işgärleri içerki migrantlara dilden berýän maglumatlarynda Aşgabatda hem-de Arkadagda resmi ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylarynyň Oraza we Nowruz baýramlary geçýänçä bu şäherlerden çykmalydygyny aýdýarlar.

“Şeýle-de, olar bu çäreleriň baýramçylyklaryň bellenilýän günlerinde ‘bu şäherlerde asudalygy goramak maksady” bilen amal edilýändigini hem aýdýarlar. Ýöne biziň asudalyga nähili zyýan ýetirip biljekdigimiz barada hiç zat aýtmaýarlar” diýip, lebaply işçi anonimlik şertinde beren maglumatynda bu ýagdaýyň welaýatlardan gelip, Aşgabatda we Arkadagda zähmet çekýän köp raýatda nägilelik döredýändigini aýtdy.

Türkmenistanda şu ýyl Oraza baýramy 20-nji martda bellenilýär. Mundan bir gün soň bolsa, ýagny 21-nji martda ýurtda her ýyl bolşy ýaly Nowruz baýramy belleniler.

Çäreleriň gurluşyk firmalaryna ýetirýän täsirleri...

Bellesek, welaýatlardan paýtagta we Arkadag şäherine gelýän işçileriň köpüsi hususy eýeçiliklerdäki gurluşyk firmalarynda, hususy hojalyklardaky jaý abatlamak işlerinde günlükçi bolup zähmet çekýär. Mundan başga-da, olar şäher häkimliklerine degişli kärhanalarda arassaçylyk işgärleri bolup zähmet çekýärler.

Muňa garamazdan, olaryň aglabasynyň işi doly resmileşdirilmeýär. Olar wagtlaýyn ýazga alnyp, işleýändigi barada resmi kepilnama bilen üpjün edilmeýärler.

Türkmen häkimiýetleri welaýatlardan Aşgabada we Arkadaga gelip işleýän içerki migrantlaryň sany barada maglumat bermeýärler. Ýöne ýagdaýlardan habarly içerki migrantlaryň ençemesi olaryň sanynyň müňlerçedigini aýdýar.

Habarçymyz häkimiýetleriň içerki migrantlara garşy çäreleriniň diňe welaýatdan gelen işçilerde däl, eýsem hususy gurluşyk firmalarynyň ýolbaşçylarynyň ençemesinde hem nägilelik döredýändigini aýdýar.

Gurluşyk firmalarynyň ençemesiniň ýolbaşçysynyň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, işçi güýjüniň ýiti ýetmezçilik edýän şu günlerinde häkimiýetleriň bu çäresi firmalaryň işiniň ençeme günläp bökdemegine sebäp bolýar.

"Öz ýurduňdaky polisiýadan gaçmagyň deregine daşary ýurduň polisiýasyndan gaçmak..."

“Şäher häkimlikleri bar bolan welaýatly işçileri hem üç aýda bir gezek bolýan uly baýramlarda öýlerine kowup, her sapar içerki migrantlaryň paýtagtda işlemek höwesini hem gaçyrýarlar we barja işgärlerimizi hem karz alyp, Orsýete, Türkiýä ýa-da ýewropa ýurtlaryna gitmäge iterýär. Işçiler Türkmenistanda 150 dollar aýlyk alyp, öz ýurduňda polisiýadan gaçyp işläniňden daşary ýurtlarda 1500 dollar aýlyga işläp, daşary ýurt polisiýasyndan gaçyp işlänimiz has peýdaly diýýärler” diýip, gurluşyk firmalarynyň biriniň ýolbaşçysy aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Arkadagyň şäher häkimliklerinden, şeýle-de Polisiýa müdirliklerinden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabada goýberilmezligi ýa-da paýtagtdan çykarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar köplenç uly baýramçylyklaryň ýa-da ýurtda geçirilýän halkara çäreleriniň öňüsyrasynda bolýar we çäklendirmeler hepdeläp, käte ondan hem köp wagt dowam edýär.

Paýtagtda welaýatlylara garşy gözegçiligiň güýçlendirilendigi barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek fewral aýynyň birinji ongünlüginde maglumat beripdiler. Şonda olar welaýatlardan gelip, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginde arassaçylyk işgärleri bolup işleýän ýurt raýatlarynyň hem polisiýa tarapyndan nyşana alynýandygyny aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu çäreler, olaryň sebäpleri we bularyň welaýat ýaşaýjylaryna, şeýle-de iş berijilere ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG