Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ŞHG sammitinde Aşgabadyň howpsuzlyk aladalaryny paýlaşdy


Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ykdysady hyzmatdaşlygyň diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilen ýagdaýynda üstünlikli boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

Türkmen prezidentiniň pikiriçe, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmaly; täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmeli.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow energiýa, ýokary tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak tekliplerini etdi.

Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi.

Bitarap Türkmenistanyň öňki iki prezidenti ŞHG, KHŞG, ÝYB ýaly, sebitde Sowet Soýuzy darganyndan soň Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygynda döredilen bileleşiklere goşulmakdan çeke durdy.

XS
SM
MD
LG