Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin diwarynyň dikelmegi we ýykylmagy

2014-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Berlin diwarynyň synanyna 25 ýyl dolýar. German şäheriniň gündogar we günbatar bölekleriniň arasyndaky päsgelçilik 1961-nji dikeldilip başlandy. Gündogar Germaniýanyň goşunlary şol ýylyň 13-nji awgustynda Brandenburg derwezesinde ýerleşip, Berliniň Günbatar kontrollugyndaky böleginiň daşyny baglamaga başladylar. Günbatar Berliniň daşynda 155 km uzan diwar günbatardan gaçyp gelmek islänleriň görnetin ajalyny aňladýardy. Emma 28 ýyllap dikeldilen diwar birden ýykyldy we Günbatar Germaniýanyň raýatlary şäheriň günbatar bölegine döküldi. Bu diwaryň ýykylmagy Merkezi Ýewropadaky we Orsýetdäki kommunist ýolbaşçylygyndaky režimleriň soňlanyp başlamagyna getirdi.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG