2014-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Berlin diwarynyň synanyna 25 ýyl dolýar. German şäheriniň gündogar we günbatar bölekleriniň arasyndaky päsgelçilik 1961-nji dikeldilip başlandy. Gündogar Germaniýanyň goşunlary şol ýylyň 13-nji awgustynda Brandenburg derwezesinde ýerleşip, Berliniň Günbatar kontrollugyndaky böleginiň daşyny baglamaga başladylar. Günbatar Berliniň daşynda 155 km uzan diwar günbatardan gaçyp gelmek islänleriň görnetin ajalyny aňladýardy. Emma 28 ýyllap dikeldilen diwar birden ýykyldy we Günbatar Germaniýanyň raýatlary şäheriň günbatar bölegine döküldi. Bu diwaryň ýykylmagy Merkezi Ýewropadaky we Orsýetdäki kommunist ýolbaşçylygyndaky režimleriň soňlanyp başlamagyna getirdi.
Berlin diwarynyň dikelmegi we ýykylmagy
13
Gündogar German trabantlary Bawarianyň A9 ýoluna, Rudolfsteýniň ýanyndaky ozalky serhet geçelgesine tarap barýarlar. 11-nji noýabr, 1989.
14
Gündogar German häkimiýetleri raýatlary diwaryň üstüne çykarýarlar, Potsdamer Platzyň golaýy, 11-nji noýabr, 1989.
15
Gündogar German buldozeri we krany Potsdamer Platzda, täze serhet geçelgesini ýasamak üçin, Berlin diwaryny ýykýar. 12-nji noýabr, 1989.