Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde ukrain delegasiýasy bilen geçirilen gepleşiklerde "düýpli ilerleme" boldy  - Witkoff


Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski Berlinde geçirilen gepleşige gatnaşýar
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski Berlinde geçirilen gepleşige gatnaşýar

14-nji dekabrda Berlinde amerikan we ukrain delegasiýalarynyň arasynda gepleşik geçirildi. Oňa ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekilleri Stiwen Witkoff, Jared Kuşner dagy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski hem gatnaşdy.

Stiwen Witkoff duşuşygyň bäş sagatdan gowrak dowam edendigini, taraplaryň "parahatçylyk meýilnamasyny, ykdysady meseleleri we beýleki temalary" ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

"Düýpli ilerleme gazanyldy we indiki duşuşyk ertir [15-nji dekabrda] irden geçiriler" diýip, ABŞ-nyň prezidentiniň wekili X sosial media platformasynda ýazdy.

“The Wall Street Journal” gazetiniň gepleşiklerden habarly çeşmeleriniň biri gepleşikleri çylşyrymly diýip häsiýetlendirdi we amerikan tarapynyň parahatçylyk ylalaşygynyň taslamasy boýunça eglişige gelmek islemeýän ýaly görünýändigini belledi.

“Roýters” we “Financial Times” neşirleriniň habaryna görä, Zelenski Günbataryň howpsuzlyk kepillikleriniň öwezine Ukrainanyň NATO-a goşulmak isleglerinden ýüz öwürmegi teklip etdi. Zelenskiý žurnalistleriň WhatsApp söhbetdeşligindäki soraglaryna jogap berip, Ukrainanyň turuwbaşdan NATO-a goşulmaga synanyşandygyny we munuň hakyky howpsuzlyk kepillikleridigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG