Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Biz hiç haçan esasy oýunçy bolmarys”: Öňki diplomat ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky maksatlaryna baha berýär

2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bolup işlän we soňra Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky we Gazagystandaky ilçisi bolan Daniel Rozenblum
2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bolup işlän we soňra Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky we Gazagystandaky ilçisi bolan Daniel Rozenblum

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Özbegistanyň Samarkant şäherinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa amala aşyran ilkinji saparynda esasy ünsüň işewürlige gönükdirilendigini aýdyň mälim etdi.

“Biziň bilen gelen güýçli delegasiýamyz – tas 300 amerikaly – bar we sebitdäki ýurtlary baýlaşdyrjak, şol bir wagtyň özünde Birleşen Ştatlara ykdysady taýdan peýda getirjek milliardlarça dollarlyk ylalaşyklara gol çekmek mümkinçiligimiz bar” diýip, Rubio 19-njy oktýabrda aýtdy.

2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bolup işlän we soňra Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky we Gazagystandaky ilçisi bolan Daniel Rozenblum üçin delegasiýanyň möçberi “adaty däl”.

“Döwlet sekretarynyň sebite saparyna işewür delegasiýanyň ýoldaşlyk eden şeýle mysaly ýadyma düşmeýär. Geçmişde köp işewürlik missiýalarymyz boldy. Ýöne meniň olaryň döwlet sekretarynyň sapary bilen şeýle baglanyşykly bolandygy ýadymda ýok. Men munuň täze üstünliklere - şertnamalary baglaşmaga we maýa goýumlaryny çekmäge alyp baryp biljek gowy ädimdigine ynanýaryn” diýip, Rozenblum Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Şol bir wagtda, ol ABŞ-nyň maýa goýumlarynyň birden artmagyna garaşmaly däldigini duýdurdy. Ol ýokary derejeli ünsüň gapylary açyp biljekdigini, ýöne munuň kompaniýalaryň sebitde maýa goýanda ýüzbe-ýüz bolýan amaly päsgelçiliklerini aradan aýyrmajakdygyny aýtdy.

“Döwlet sekretarynyň ilkinji gatnaşyklary ýola goýmak üçin ol ýerde bolup-bolmandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa maýa goýmak bilen baglanyşykly hakykatlar üýtgänok” diýip, Rozenblum aýtdy.

“Käbir ýurtlar beýlekilerine garanyňda maýadarlary birneme has köp höwes bilen kabul edýärler. Şeýle-de, uzak aralyk, logistika, maliýeleşdirme we oňat hyzmatdaş tapmak ýaly obýektiw faktorlar bar. Bularyň hemmesi, 20, 100 ýa-da 200 kompaniýa barada gürrüň edilýändigine garamazdan, üýtgewsiz galýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Rubio bu uly işewürler delegasiýasynyň maksadynyň ABŞ kompaniýalarynyň amerikan söwdasyna açylýan bazarlarda bäsleşmek mümkinçiligine eýe bolmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy.

“Mesele, amerikan biznesi we söwdasy üçin gapylaryny açýan dünýäniň ähli künjeklerinde biziň hem elýeterli bolmagymyzy, ýagny ol ýerlerde biziň hem barlygymyzy we gatnaşygymyzy üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, Rubio Samarkantda eden çykyşynda soňra uly ylalaşyklaryň yglan ediljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Rozenblum täjirçilik gatnaşyklaryna üns berilmegini oňyn garşylasa-da, öňki diplomat ABŞ-nyň işewürlik işjeňliginiň ep-esli giňemek mümkinçiligine şübhe bilen garady.

“Eger birden şeýle bir güýçli ösüş bolup, mysal üçin, bu ýerde iş alyp barýan amerikan kompaniýalarynyň sanynyň häzirki derejesinden 10 esse artmagy meni geň galdyrardy. Meniň pikirimçe, bu ähtimal däl ýaly görünýär” diýip, ol belledi.

Adam hukuklary barada näme diýip bolar?

Rozenblum Tramp administrasiýasynyň söwda bähbitlerine üns bermeginiň ABŞ-nyň Merkezi Aziýa babatdaky syýasatynda däp bolan deňagramlylykdan çetleşýändigini alamatlandyrýandygyny aýtdy.

Öňki administrasiýalar ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny demokratiýa, adam hukuklaryna we bazar özgertmelerine goldaw bermek bilen utgaşdyrdylar. Rozenblumyň sözlerine görä, häzirki administrasiýa munuň demokratiýa we adam hukuklary bölegini jemgyýetçilik gün tertibinden ep-esli derejede aýyrdy.

“Käbir adamlar, şol sanda Merkezi Aziýadaky adamlar hem, munuň gatnaşyklar üçin peýdalydygyny aýdýarlar. Olar munuň, meselem, işewürlik ylalaşyklary ýa-da başga meseleler boýunça gepleşikleri ýeňilleşdirýändigini we göni meseläniň özüne geçmäge mümkinçilik berýändigini aýdýarlar. Men hem munuň gatnaşyklary hakykatdanam ýönekeýleşdirýändigini aýdyp bilerin” diýip, Rozenblum belledi.

“Şol bir wagtda, uzak möhletde şeýle ýakynlygyň — Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklaryň — bu [adam hukuklary] bölegi bolmazdan saklanyp biljekdigine ynanmaýaryn” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Merkezi Aziýada häkimiýet höküm sürýän elitalaryň we maşgalalaryň elinde jemlenen bolmagynda galýar, birnäçe ýurtda syýasy geljegi dinastiýa mirasdüşerligi emele getirýär. Awtoritar Türkmenistanda häkimiýet eýýäm atadan ogula geçdi, şeýle mirasdüşerlik senariýlerini Täjigistanda we Özbegistanda hem ýüze çykdy. Bir wagtlar Waşington tarapyndan Merkezi Aziýanyň demokratik kadadan çykmasy hökmünde görülen Gyrgyzystan hem, syýasy oppozisiýany barha çäklendirýär we garaşsyz metbugata basyş artdyrýar.

Rozenblum kanunçylyga, hasabat bermek talaplaryna we diplomatik däplere salgylanyp, demokratiýanyň hem-de adam hukuklarynyň ahyrsoňy ABŞ-nyň syýasatyna dolanyp geljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

“Men [adam hukuklarynyň gaýdyp geljekdigine] ynanýaryn, sebäbi bu kanunlarda, ýagny adam hukuklary baradaky ýyllyk hasabatlara bildirilýän talaplarda we şonuň bilen baglanyşykly dürli sanksiýalarda öz beýanyny tapýar. Bu, ýurt hökmünde daşary ýurtlarda ulanan kadalarymyzda bar. Şeýle-de, bu biziň däp-dessurlarymyzyň bir bölegi. Men munuň biziň DNK-myzda, amerikan DNK-synda bardygyna ynanýaryn” diýip, ol aýtdy.

Rozenblum demokratiýany öňe sürmek bilen ABŞ-nyň täjirçilik bähbitlerini goramagyň biri-birini inkär edýän zatlar bolandygy baradaky pikiri ret etdi.

“Men demokratiýany we adam hukuklaryny ösdürmek bilen birlikde howpsuzlyk, işewürlik we ykdysady gatnaşyklarda ABŞ-nyň bähbitlerini öňe ilerletmegiň we giňeltmegiň mümkindigine ynanýaryn. Bu ýa ol, ýa-da bu ýagdaýy däl, ýagny bu, bu bir tarapyň peýdasynyň beýleki tarapyň ýitgisine getirýän “jemi nol san bolan oýun” däl” diýip, ol aýtdy.

Ol institutlary güýçlendirmegiň amerikan kompaniýalary üçin hem peýdaly bolup biljekdigini, sebäbi munuň has köp çaklap boljak maýa goýum gurşawyny döredýändigini hem sözüne goşdy.

ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň çäkleri

Rubio Waşingtonyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan “başgalar bilen gepleşmegi ýa-da beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy bes etmegi” soramaýandygyny, olaryň güýçli goňşulary, esasanam Hytaý bilen çuňňur ykdysady gatnaşyklaryny ykrar edýändigini aýtdy.

Russiýa sebitde köp wagt bäri möhüm ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem howpsuzlyk we energiýa hyzmatdaşlygyny saklap gelýär. Onuň Ukrainadaky urşy Waşington üçin täze mümkinçilikleri döretdi, ýöne Rozenblum ABŞ-nyň sebitde agalyk ediji daşarky güýç hökmünde Moskwanyň ornuny tutup biljekdigini çaklamagyň öňüni aldy.

“Meniň pikirimçe, howpsuzlyk, ykdysadyýet ýa-da halkara gatnaşyklar ýaly ugurlarda biziň hem öz goşandymyz bolup biler. ABŞ-nyň hödürläp biljek köp zady bar. Şonuň üçin biz möhüm tarap bolup bileris, hatda häzirki wagtdakydan hem has möhüm orun eýeläp bileris. Ýöne meniň pikirimçe, biz Merkezi Aziýada hiç haçan esasy oýunçy bolup bilmeris” diýip, Rozenblum aýtdy.

Ol Waşingtonyň agalyk etmäge çalyşmagyň deregine, özüniň artykmaçlygy bolan we Merkezi Aziýa hökümetleriniň ABŞ-nyň gatnaşmagyny isleýän ugurlaryna ünsüni jemlemelidigini aýtdy.

Rozenblum ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň sebitiň hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek edip biljek ugurlary hökmünde ösen tehnologiýany, emeli intellekti we iňlis dilindäki bilimi görkezdi.

Şeýle-de, ol Hytaýyň ykdysady we howpsuzlyk babatdaky artýan täsiriniň sebitiň eýýäm Pekin tarapyndan alnandygyny aňladýandygy baradaky pikiri ret etdi. “Men muny eýýäm utulan oýun – eger bu oýun diýip atlandyrylýan bolsa – diýip pikir etmeýärin” diýip, ol belledi.

Waşington öz ornuny güýçlendirmek üçin – ABŞ-nyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen gatnaşygyny giňeltmek üçin esasy diplomatik format bolan – C5+1 formatyny ulanýan mahaly, Merkezi Aziýa hökümetleri daşarky güýçleriň gatnaşmagyndaky barha köp sanly diplomatik formatlardan peýdalanýarlar.

“Häzir bir ýyldaky aýlaryň sanyndan has köp sanda C5 goşmaklar bar” diýip, Rozenblum aýtdy. “Şonuň üçin, hatda her aýda birini ýerine ýetirmäge synanyşsaňyz-da, bir ýylyň dowamynda olaryň hemmesini tamamlap bilmersiňiz” diýip, ol belledi.

Sebitleýin integrasiýanyň uzak wagtlap goldawçysy bolan Rozenblum, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň öz arasynda barha artýan jebisligiň bardygyny synlaýandygyny hem aýtdy.

“Men C5 formatynyň – adatça aýdyşym ýaly – hiç hili “goşmaklar” ýa-da “aýyrmaklar” bolmazdan, ösýändigine we kem-kemden has jebisleşýändigine hakykatdanam ynanýaryn” diýip, Rozenblum belledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

​
XS
SM
MD
LG