Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow 19-njy oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy. Gepleşikler Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny we ABŞ-ny birleşdirýän “C5+1” formatyndaky ministrler duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Rubionyň Samarkantdaky metbugat puluna goşulan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Aleks Raufoglu habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň 17-nji oktýabrda çap eden habarynda Meredow bilen Rubionyň duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda 3-nji noýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlygy ara alyp maslahatlaşmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdylypdy. Duşuşygyň netijeleri barada jikme-jik maglumat makala çap edilýän pursady elýeterli däldi.
Rubio Samarkantda Merkezi Aziýanyň uzak wagtlap ABŞ-nyň üns merkezinden daşarda galandygyny, ýöne bu ýagdaýyň üýtgeýändigini aýtdy. “C5+1” gepleşiklerine Waşingtonyň köpugurly daşary syýasaty alyp barýan we dürli taraplar bilen hyzmatdaşlyga çalyşýan Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryny berkitmek tagallasy hökmünde garalýar.
Howpsuzlyk, mineral baýlyklary gazyp almak we gaýtadan işlemek, söwda gatnaşyklaryny hem-de logistikany ösdürmek ministrler duşuşygynyň esasy temalarynyň arasynda. On ýyldan gowrak öň döredilen formatyň çäklerindäki gatnaşyklar işjeňleşýär: 2025-nji ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda Waşingtonda geçirilen ýokary derejeli sammitden soň taraplar diplomatik hyzmatdaşlygy anyk ykdysady netijelere öwürmäge çalyşýarlar.
“Biz has köp zat etmek isleýäris — bu soňy däl, diňe başlangyjy, biz uly umyt bilen garaýarys. Dogrusyny aýtsak, Merkezi Aziýa soňky ýigrimi ýylda biziň syýasatçylarymyzyň ýeterlik üns bermedik sebiti — ol özüne mynasyp bolan ünsden has az üns aldy. Emma ýagdaý üýtgeýär. Biz hut şonuň üçin şu ýerde” diýip, Rubio orta asyrlaryň täsin binagärlik ýadygärlikleri saklanyp galan Samarkandyň taryhy merkezi Registanda žurnalistler üçin geçirilen gysga brifingde aýtdy.
Rubio bilen bilelikde Samarkanda amerikan işewürleriniň wekiliýeti geldi. Onuň düzümine maglumat tehnologiýalaryndan gazylyp alynýan baýlyklary gazyp almaga we gaýtadan işlemäge çenli dürli ugurlarda işleýän ýüzlerçe kompaniýa girdi.
“Biziň maksadymyz dünýäniň islendik ýerinde amerikan işewürligi we söwdasy üçin gapylar açylanda, biziň hem şol ýerde bolmagymyzy we hyzmatdaşlyga taýýarlygymyzy üpjün etmekdir. Ýagdaýa seretseňiz, Merkezi Aziýanyň — bäş ýurduň hemmesiniň ähmiýeti köpden bäri hemmelere aýdyň” diýip, Rubio aýtdy. Ol özi bilen “açylýan mümkinçilikleri öwrenýän 300-e golaý amerikan kompaniýasynyň wekilleriniň” gelendigini sözüne goşdy.
Geosyýasy taýdan möhüm sebit bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýa bilen Hytaý ýaly iki uly döwletiň arasynda ýerleşýän sebitiň strategik ähmiýetine Waşingtonyň düşünýändigini belleýär. Rubio öz saparynda-da, tutuş ABŞ strategiýasynda-da beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çäklendirmäge çagyryşyň ýokdugyny aýtdy.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşykda Rubio ABŞ-nyň sebitdäki ornuny berkitmek isleýändigini, şol bir wagtda sebit hökümetlerinden bäsdeş döwletleriň haýsy-da bolsa birini saýlamagy talap etmeýändigini ýene bir gezek nygtady.
Soňky ýyllarda Hytaý Merkezi Aziýadaky, şol sanda magdan gazyp almak pudagyndaky ornuny giňeldýär. Russiýa bolsa turbageçirijiler, howpsuzlyk ylalaşyklary we zähmet migrasiýasy arkaly sebit bilen gatnaşyklaryny saklaýar. Russiýanyň Ukraina çozmagy Merkezi Aziýa hökümetlerini halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge iterdi.
ABŞ-nyň Hytaý bilen nähili bäsleşmekçidigi baradaky sowala jogap beren Rubio Waşingtonyň sebit hökümetlerinden eýýäm bar bolan gatnaşyklaryny kesmegi talap etmän, amerikan işewürleri üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmäge çalyşýandygyny aýtdy.
“Gürrüň bu ýere gelip: ‘Başga biri bilen gepleşmegi bes ediň’ ýa-da ‘Başga bir ýurt bilen hyzmatdaşlygy bes ediň’ diýmek barada baranok” diýip, ol belledi.
Rubio amerikan wekiliýetiniň maýa goýum we söwda mümkinçiliklerini gözlemek üçin gelendigini, gürrüňiň milliardlarça dollarlyk ylalaşyklar barada barýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň geçirilýän ýurdy bolan Özbegistan dürli dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary saklamaga çalyşýar diýip, Rubio belledi. “Olar hemmeler bilen dost bolmak isleýärler — diýip, Rubio özbek hökümeti barada aýtdy. — Olar hemmeler bilen gatnaşyk gurmak isleýärler”.
Ol Özbegistany sebitdäki möhüm döwlet hökmünde häsiýetlendirip, sebitiň iň köp ilatly ýurdunyň ykdysady ösüşiniň çaltlanýandygyny we uly syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýedigini belledi. Rubionyň sözlerine görä, jemi içerki önümiň ýyllyk ösüşiniň 8 göterime golaý bolmagy geljekki hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açýar.
Rubio bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygynda Daşkendiň “Artemida” ylalaşyklaryna goşulmagy baradaky resminama gol çekildi. Kosmosyň raýat maksatlary üçin öwrenilmegini düzgünleşdirýän bu halkara resminamasynyň we ýörelgeler toplumynyň başlangyjyny NASA bilen ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2020-nji ýylda goýupdy.
Rubio daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşiklerde Astananyň Ybraýym ylalaşyklaryna goşulmaga taýýardygyna minnetdarlyk bildirdi. Bu ylalaşyklar Ysraýylyň arap we ilatynyň aglabasy musulman bolan birnäçe ýurt bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilýär. ABŞ-nyň döwlet sekretary ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika howpsuzlygy, infrastruktura we tebigy baýlyklary özleşdirmek ugurlarynda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini hem tassyklady.
Marko Rubio ABŞ-ny Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň hemmesi bilen has işjeň gatnaşyk etmäge çagyrdy.
Rubio saparynyň maksadynyň diňe birnäçe täjirçilik ylalaşygyny baglaşmak däl-de, uzak möhletli hyzmatdaşlygyň binýadyny goýmakdygyny aýtdy.
Aýratyn möhüm minerallar boýunça hyzmatdaşlyk
Rubio dünýäniň üpjünçilik zynjyrlaryny, aýratyn-da öňdebaryjy tehnologiýalarda we senagat pudaklarynda ulanylýan aýratyn möhüm minerallaryň üpjünçilik çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň ähmiýetini hem nygtady.
“Bütin dünýäniň haýsydyr bir zat babatynda 100 göterim bir çeşmä garaşly bolmagy juda paýhassyzlyk” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary aýtdy. Ol ýeke-täk üpjün edijä aşa garaşlylygyň ýurtlary syýasy dartgynlyklaryň we üpjünçilikdäki bökdençlikleriň öňünde ejiz ýagdaýda goýýandygyny sözüne goşdy.
Onuň sözlerine görä, aýratyn möhüm mineral gorlary we olary gaýtadan işlemek mümkinçilikleri bolan ýurtlar bu baýlyklary jogapkärçilikli özleşdirmekden ykdysady taýdan bähbit görýärler. Waşington bolsa ýerli ykdysadyýetlere peýda getirjek we şol bir wagtda amerikan hem-de dünýä senagaty üçin üpjünçilik çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrjak hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.
Energetika barada aýdylanda, Rubio administrasiýanyň Russiýanyň nebit önümleriniň üpjünçiligi babatynda sanksiýa düzgüninden kadadan çykmalara rugsat bermek baradaky kararyny gorady. Ol bu çäreleriň Waşingtonyň rus energiýa serişdelerini satyn almak baradaky pozisiýasyny üýtgedendigini görkezýändigi baradaky pikiri ret etdi. Rubio şeýle kararlar kabul edilende dünýä bahalarynyň, energiýa serişdeleriniň elýeterliliginiň we aýry-aýry ýurtlaryň ykdysady şertleriniň, şol sanda başga üpjün edijileri tapmak mümkinçilikleriniň göz öňünde tutulmalydygyny düşündirdi.
“ABŞ-nyň daşary syýasatyny diňe” Ukraina urşy “kesgitlemeýär” diýip, Rubio belledi. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we has giň ykdysady ýagdaýlaryň hem uly ähmiýete eýedigini sözüne goşdy.
Ol Waşingtonyň Hindistan bilen söwda ylalaşygyny baglaşmaga ýakyndygyny aýtdy. Bu hem energetika syýasaty bilen geosyýasy ileri tutulýan ugurlaryň arasynda deňagramlylyk tapmaga çalyşýan administrasiýanyň göz öňünde tutýan ýagdaýlarynyň biridir.
Jekson–Wenik düzedişiniň geljegi
Rubio Jekson–Wenik düzedişiniň ýatyrylmagyny hem goldady. Sowuk uruş döwründen galan bu söwda çäklendirmesi ABŞ-nyň käbir öňki sowet respublikalary bilen gatnaşyklarynda köpden bäri dowam edýän mesele bolmagynda galýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aleks Raufoglunyň bu düzedişiň näme üçin henizem ýatyrylmandygy baradaky sowalyna jogap beren Rubio administrasiýanyň bu çäklendirmeleri aýyrmagy goldaýandygyna garamazdan, kararyň Kongrese baglydygyny düşündirdi.
“Biz onuň ýatyrylmagyny goldaýarys” diýip, ol Ak tamyň kanun çykaryjylary eýýäm degişli ädimleri ätmäge çagyrandygyny sözüne goşdy.
Rubio Senatda wezipesine tassyklanmagy boýunça geçirilen diňlenişiklerde-de düzedişiň ýatyrylmagyny goldaýandygyny aýdandygyny ýatlatdy. Ol Kongresiň käbir beýleki agzalarynyň hem bu ädimi goldaýandygyny belledi.
“Kongresiň muňa entek eli degmedi, ýöne munuň boljakdygyna umyt edýäris” diýip, ol aýtdy.
1974-nji ýylda kabul edilen düzediş kadaly söwda düzgüniniň berilmegini ýurtlaryň adam hukuklaryny berjaý etmegine we emigrasiýa päsgel bermezligine baglaýar. Ilkibaşda sowet häkimiýetleriniň ýewreýleriň daşary ýurda göçmegine girizen çäklendirmelerine garşy gönükdirilen bu düzediş soňra Sowet Soýuzy dargandan soň dörän döwletler babatynda ABŞ-nyň söwda syýasatyna täsirini dowam etdirdi.
Düzedişiň söwda şertleri bazar ykdysadyýeti bolmadyk käbir ýurtlara degişlidir.
Düzedişiň ýatyrylmagy ykdysady gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagyň öňündäki köpden bäri dowam edýän päsgelçiligi aradan aýrardy we Waşingtonyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen täjirçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek tagallalarynyň üstüni ýetirerdi.
Rubionyň Samarkantdaky iş tertibine Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklardan başga-da, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen agşama meýilleşdirilen gepleşikler we amerikan işewürleriniň wekilleri bilen duşuşyklar girýär.
Samarkantdan soň Rubio Hindistana ugrar. ABŞ-nyň resmi wekilleriniň sözlerine görä, Nýu-Deli bilen ikitaraplaýyn söwda ylalaşygyna taýýarlyk işleri tamamlanmaga golaýlaýar.
Forum