Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Gazada ýaraşyga çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş 24-nji oktýabrda Ysraýylyň Gazany bombalaýan wagtynda halkara kanunçylygynyň bozulandygyny öňe sürdi we, ejir çekenlere kömek getirilmegi üçin, gyssagly ýagdaýda ynsanperwerlik ylalaşygynyň baglaşylmagyna çagyrdy.

Guterriş BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda şu wagta çenli Rafah geçelegesinden üç sany kömek kerweniniň geçmegini gutlady, ýöne munuň “mätäçligiň ummanynda berlen kömek damjasy” bolandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine ýokary derejeli diplomatlar, şol sanda döwlet sekretary Antoni Blinken hem gatnaşdy. Ol ozal ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky çagyryşy ret edip, munuň diňe Hamasyň gaýtadan güýç toplamagyna kömek etjekdigini öňe sürüpdi.

XS
SM
MD
LG