Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Gazadaky agentligi ýaraşygyň 'ölüm we dirilik meselesidigini' aýdýar


Birleşen Milletler Guramasynyň palestinaly bosgunlar baradaky agentliginiň başlygy 30-njy oktýabrda BMG-niň adatdan daşary ýygnagynda ýykyş edip, "gyssagly ynsanperwerlik ýaraşygynyň millionlarça adamyň ölüm ýa dirilik meselesin öwrülendigini" aýtdy.

Ol Ysraýyly palestinalylary “köpçülikleýin jezalandyrmakda” we asuda adamlary ýaşap oturan ýerlerinde mejbury göçürmekde aýyplady.

Azyk we beýleki kömek serişdelerini gözleýän palestinalylar edara ammarlaryna girip, talaňçylyk edenlerinden soň, Filipp Lazzarini raýat düzgün-tertibiniň mundan beýläk hem bozulmagynyň BMG-niň Gazadaky iň uly agentliginiň işini dowam etdirmegini adatdan daşary ýagdaýda kynlaşdyrjakdygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG