BMG Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşy netijesinde Ukrainada 9,444 parahat ýaşaýjynyň ölendigini tassyklady.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň edarasy 15-nji awgustda uruşda ölenleriň arasynda 545 çaganyň hem bardygyny aýtdy.
Şeýle-de, hukuk edarasy Kreml 2022-nji ýylyň fewral aýynda hüjüme başlaly bäri 16, 940 adamyň, şol sanda 1,126 çaganyň ýaralanandygyny tassyklady.
Uruşda ölenleriň hakyky sanynyň has köp bolmagy mümkin, sebäbi agyr söweşleriň barýan ýerlerinden maglumat almak kyn we käbir ýerlerde ölen ýa-da ýaraly bolan adamlaryň anyk sany indi tassyklanmaly diýip, BMG aýtdy.